Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýalňyz ene türmedäki oglunyň hasratyny çekýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň ýaşaýjysy, bir ýalňyz ene birnäçe ýyl mundan ozal “galp aýyplamalar” bilen azatlykdan mahrum edilen ýeke-täk oglunyň hasratyny çekýär, ýurtda yglan edilýän her bir günä geçişligiň öňüsyrasynda umyt bilen, ogluna garaşýandygyny aýdýar. Bir tarapdan, ýeke-täk oglunyň adalatsyz ýagdaýda birnäçe ýyl bäri gözenegiň aňyrsynda galmagy, beýleki tarapdan barha agyrlaşýan durmuş kynçylyklary ýalňyz enäni çäresizligiň girdabyna iterýär.

“Meniň oglum bir döwlet edarasynda ammarçynyň kömekçisi bolup işleýärdi. Bir gezek, bu edarada geçirilen derňewlerden soň, ýüze çykarylan ähli kemçilikler oglumyň üstüne atyldy. Şeýdip, ol türme tussaglygyna höküm edildi. Meniň oglum ol edarada kömekçi bolup işleýärdi, öýe halal aýlykdan başga hiç zat getirmezdi” diýip, ýalňyz ene gürrüň berýär.

Ol birnäçe ýyl ozal azatlykdan mahrum edilen oglunyň galp aýyplamalar bilen türme tussaglygyna höküm edilendigine ynanýandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy ençeme türme tussaglarynyň hossarlary bilen gürrüňdeş bolup, bendileriň yzda galan maşgalalarynyň agyr günde ýaşaýandyklaryny habar berýär we ýalňyz enäniň çekýän jebriniň muňa mysal bolup durýandygyny aýdýar.

Bu aralykda, türmedäki oglunyň hasratyny çekýän ene durmuşyň getiren kynçylyklaryna garşy ýalňyz göreşmeli bolýar.

“Öýde agtyjaklaryma iýmäge çörek tapdyrmansoň, oglum gelýänçä gelnimden atasy öýüne gitmegi haýyş etdim” diýip, ýalňyz ene aýdýar.

Ol ujypsyz pensiýasynyň eklenmäge, galyberse-de, elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň töleglerini tölemäge ýetmeýändigini aýdýar.

Ýalňyz ene ogluny günäsi geçilýänleriň sanawyna girizmek üçin doga-dileg etmekden başga çäresiniň ýokdugyny aýdýar.

“Türkmengalanyň etrap polisiýasyna baryp, meniň oglum amnistiýa düşermi diýip, sorap gaýdýaryn. Olar her baranymda maňa şol bir zatlary aýdyp, jogap berýärler. ‘Daýza, amnistiýa düşürmek üçin, aladasyny etdiňmi, tanyş gördüňmi, bermeli puluny berdiňmi, para berdiňmi” diýip, soraýarlar” diýip, tussag enesi aýdýar.

Ol bir tarapdan tussaglykdaky oglunyň hasraty bilen ýaşaýar, beýleki tarapdan agtyklarynyň geljegini alada edýär.

“Her gezek pensiýamy nagtlaşdyranymda agtyklarymy görüp gaýdýaryn” diýip, tussag enesi gürrüň berýär.

Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. World Prison Brief neşiriniň soňky hasabatyna görä, Türkmenistanda her 100 müň adamdan 576 adam türmede saklanýar.

Ýurtda iri baýramçylyklaryň öňüsyrasynda, her gezek ýüzlerçe bendiniň günäsi geçilýär. Ýaňy-ýakynda Bitaraplyk baýramynyň öň ýany, 308 bendiniň, Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda bolsa, 833 tussagyň günäsi geçildi. Biraz öň, aprel aýynda Gadyr gijesi mynasybetli 514 tussagyň günäsi geçildi.

Marynyň Türkmengala etrabynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýalňyz ene, amnisitiýa yglan edilende günäsi geçilýän tussaglaryň yzda galan maşgalalarynyň ýagdaýynyň hem nazarda tutulmagyny arzuw edýändigini aýdýar.

“Çagam türmeden boşap gelse, agtyklarymyň gülki sesleri öýde ýaňlanyp dursa diýip, arzuw edýärin” diýip, ýalňyz ene gussaly gürrüň berýär.

Bu aralykda, ol gaz we tok edarasynyň işgärleriniň sowuk howa garamazdan, üýşen bergiler sebäpli üpjünçiligi kesmek haýbatyny atýandyklaryny aýdýar.

Ýalňyz ene adamsynyň ir aradan çykandygyny, özüniň bolsa tutuş ömrüni daýhançylyk ýaly kyn işlerde zähmet çekip geçirendigini gürrüň berýär, ömrüniň ahyrky pursatlarynda ‘adalatsyz’ tussag edilen oglunyň günäsiniň geçilmegini arzuw edýändigini aýdýar.

“Yzda galan maşgalalary ýumrulyp barýan tussaglary boşatsalar bolmazmydy!? diýip, ýalňyz ene hasrat çekýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda günäsi geçilen raýatlara türmeden boşandan soň hem döwlet edaralary tarapyndan “ýazykly garalýandygyny”, olaryň iş-eklenç mümkinçilikleriniň çäkli galýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG