Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilata jan gaýgy, hökümete - maglumat


Çagalara oýun gaýgy
Çagalara oýun gaýgy

Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentliginiň ilkinji gyşynda bolşy ýaly, Serdar Berdimuhamedowyň prezidentliginiň hem ilkinji gyşy aşa sowuk geldi. Berilýän maglumatlara görä, şu ýyl Aşgabatda sowuk howanyň temperaturasynyň -16.4 gradusa ýetip, 2008-nji ýylyň gyşyna garanyňda hem sowuk bolandygy aýdylýar. 2008-nji ýylda Aşgabatda howanyň temperaturasy 15.6 gradusa ýetipdi we, ýerli habarçylarymyzyň şol wagt beren habarlaryna görä, döwlet eýeçiligindäki mallary bakýan çopanlaryň onlarçasy sowukda aç ýa buýup ölen mallar üçin uly möçberde jerime tölemäge boldy, jerimäni töläp bilmedikler türmä basyldy. Emma bu maglumatlary häkimiýetler ne tassyklady, ne-de ret etdi. Bu ýyl hem sowukdan ölýän mallaryň köpdügi aýdylýar. Ýöne, 2008-nji ýylda bolşy ýaly, ýurduň ilatynyň we döwletiň sowuk howa zerarly çeken zyýanyny anyk kesgitlemek mümkinçilgi bu ýyl hem ýok. Prezidentiň täzelenmegi ýurtdaky maglumat, informasiýa elýeterliligi meselesinde hiç bir oňyn özgeriş döretmedi, döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri ne adamlar, ne mallar, ne-de zaýa bolan azyk önümleri, ne-de bazarlardaky hakyky nyrhlar barada maglumat berýär.

Şu aralykda, doňan derýalaryň boýunda ýaşaýan adamlar howa maýlap, buzlar erände dörejek ýagdaýlardan alada galýarlar. Şol bir wagtda, sowuk howa Türkmenistanyň daşary ýurtlara satýan gazyna-da täsir ýetirdi. 2008-nji ýylda hem, sowuk howa bilen baglylykda Aşgabadyň Tähran, Moskwa bilen aradaky söwda gatnaşyklary çylşyrymlaşdy we bu ýagdaýlaryň täsiri ençeme ýylyň gaz girdejisine ýaramaz täsir ýetirdi. Ýene bir ünsi çekýän ýagdaý bolsa, belki-de soňky ýyllarda bolan gurakçylyklar, suw joşmalary, ýel-tupan, çekirtge belasy we dürli mal keselleri bilen baglylykda, prezident birden, näme sebäpden edil häzir şeýle karara gelýändigini düşünirmezden, D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni almak baradaky karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky öňki ilçisi Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, bu gyşyň sowuk gelmegi eli ýuka maşgalalaryň gündelik iýjek azyklaryny tapmagyny öňküden hem kynlaşdyrar we häkimiýetler indi D witamini bilen bagly ýagdaýlar barada has çynlakaý pikir etmeli bolar. Ýöne Hanamow türkmen häkimiýetleriniň hiç wagt hiç zat barada açyk maglumat bermän, ozaly özlerini aldaýandyklaryny öňe sürýär.

“Amyderýa joşýar, ýer titreýär, tebigat tarapyndan bir topar betbagtçylyk bolýar, şol zatlar barada Türkmenistan hiç wagt habar bermeýär... Munuň esasy sebäbi Türkmenistanda hemme zat gülala-güllük, ol ýerde betbagtlyk bolmaly däl...” diýip, ozalky diplomat Azatlyk bilen sowuk howanyň sapaklary barada eden söhbetdeşliginde munuň hökümet ýolbaşçylaryna 'zyýandan başga peýdasynyň ýokdugyny' aýtdy.

Durnanyň üstüne urna

Howa maglumatlaryndan mälim bolşy ýaly, 12-nji ýanwardan 13-nji ýanwara geçilen gije Türkmenistanyň günorta sebitinde, Serhetabatda aýazly howanyň temperaturasy -27 gradusa ýetdi. Bu ýerde iň sowuk gyş 1905-nji ýylda -33.8 gradus derejesinde hasaba alnypdyr. Soň bu sebitde şunuň ýaly sowuk howa 1969-njy we 2008-nji ýyllarda bolupdyr. 2008-nji ýylda Serhetabatda howanyň sowuklygy -26.7 gradusa ýetipdi.

Azatlygyň 70 ýaşly söhbetdeşiniň sözlerine görä, 69-njy ýylda bolan sowuk howada guşlar ýyly ýer gözläp, oba adamlarynyň gapysy ýa penjiresi çalarak açyk galan aşhana jaýlaryna hem onlarça bolup giripdirler, obalaryň daşynda süri-süri bolup ýören ýabany eşekler bolsa köpçülikleýin gyrlypdyr.

“Şondan soň eşekleriň bahasy bir baggoýun bahalanyp başlandy diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran söhbetdeşimiz aýtdy.

Bu ýylky sowuk, ýurtdaky ykdysady ýagdaýlar we maglumat ýapyklygy bilen, meýdandaky mallardan başga, adamlaryň bazarlardaky we öýlerindäki azyk önümlerine hem uly zyýan ýetirene meňzeýär.

Ýerli habarçylarymyzyň beren maglumatyna görä, sowuk howa açyk bazarlardaky satyjylaryň gök-bakja, miwe önümleriniň sowuk urup, zaýalanmagyna sebäp bolýar.

“Täze ýyl üçin getirilen banan, alma, pyrtykal, mandarin ýaly önümler zaýa boldy, satyjylar olaryň bolubilse 10 göteriminiň satylandygyny, ýönekeý adamlaryň alyp biljek nyrhlaryndan gymmat bolansoň, 90 prsente golaýynyň geçmändigini aýdýarlar” diýip, Balkan sebitindäki habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, telekeçiler birini 30 manatdan bahalan kakoslaryny bäş manatdan satuwa çykardylar, geçmedik zatlar göni zibil çeleklerine döküldi.

Şu aralykda, howanyň aşa sowamagynyň arasynda, gazak häkimiýetleri sogan eksportyny üç aýlyk gadagan etdi. Bu çäre, bir tarapdan, Gazagystandaky soganyň nyrhyny kadalaşdyrmak aladalary bilen düşündirilse, ikinji tarapdan, sebitde sowukdan zaýa bolan azyk önümleri bilen baglanyşykly hasaplanýar.

Soganyň bahasy Türkmenistanda hem ýokary galdy. Soňky bir hepedede Türkmenbaşynyň “Kenar” bazarynda satylýan sogan, sarymsak, käşir, kartoşka ýaly önümler hem gymmatlady diýip, ýerli habarçymyz aýtdy.

“Kilogramy 5 manat bolan sogan, kilogramy 18 manat bolan sarymsak ilki 50 manatdan satylan bolsa, soň daşary ýurtkardan gelýän arassa sarymsaklaryň bahasy 150 manada çykdy, özümizde öndürilýän käşir hem, sowukda zaýalanýan önüm bolansoň, birinjiden, tapmak, ikinjiden, derrew 5 manatdan 15 manada çykdy” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň öňki prezidenti hökümet mejlislerinde ilaty gyşyn-ýazyn gök-bakja, miwe önümleri bilen üpjün etmek, ol önümleri saklar ýaly döwrebap ammarlary, sowadyjylary gurmak hakynda ençeme gezek gürrüň etdi. Emma habarçylarymyz şäher bazarlarynda, sebitlerde azyk önümlerini sowukdan goraýan ammarlaryň ýeterlik däldigini aýdýarlar.

“Howa gijelerine -10 gradusdan peselmese, demir konteýnerlerdäki azyk önümleriniň zaýa boljagy düşnükli. Demir konteýnrlerde onlarça tonna käşiri, kartoşkasy doňan telekeçiler hem bar” diýip, habarçymyz Aşgabadyň täze jygyllygynda, “Gündogar bazarynda” Lebapdan getiren 4 konteýnr, 50 tonna çemesi käşirini, konteýnerinden düşürmänkä sowuk uransoň, zibile döken telekeçi; ýük ulagynyň dizel ýangyjy doňup, üç gün ýolda galan käşir ýüküni zibile dökmeli bolan telekeçi barada gürrüň berdi.

Lebapdaky habarçymyz sebitiň bazarlaryndaky soganyň soňky günlerde 7 manat bolanlygyndan 15 manada çykandygyny habar berdi.

“Häzirki wagtda Lebapda Eýrandan, Özbegistandan, umuman daşary ýurtlardan geitirlýän sogan ýok, soňky alty aýda bu sebitde diňe ýerli daýhan hojalyklarynda ýetişdirilen sogan satylýar, hususan-da sogan Tallymerjeniň takyrlyklarynda köp ekilýär, Farabyň Hojakenepsi, Osty, Gadym daýhan birleşiklerinde hem sogan has köp ekilýär” diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, pandemiýadan soň Lebaba Eýrandan kartoşka, sogan gelmesi kesildi.

“Soganyň gymmatlamagyna bazardaky söwdagärleriň satmak üçin lomaý alan soganlarynyň doňmagy sebäp boldy. Diňe soganyň däl, häzir kartoşkanyň, käşiriň bahasy hem tas iki esse gymmatlady. Türkmenabadyň gök bazarynda satyjylar alyjylara “bu sogandan we kartoşkadan alsaňyz, iki günde iýmeli” diýip, öňünden duýduryp, biraz arzan berýärler, doňan sogany 7 manatdan alyp bolýar. Ýöne ýahlamadyk kartoşkalar we soganlar hem bar, olaryň kilogramy 16, 15 manatdan satylýar” diýip, habarçy aýtdy.

Soganyň gymmatlamagy öz hojalyklarynda sogan ekip ýetişdiren daýhanlary hem oýlandyrdy, olar satjak bolup duran soganlaryny hem satuwa çykarman, onuň has gymmatlamagyna garaşýarlar diýip, habarçy adamlaryň häzir daşary ýurtlardan sogan getiriljegine garaşmaýandyklaryny hem sözüne goşdy.

“Ýöne häzir howa näçe sowuk bolsa-da, güýz paslynda ekilen soganlar meýdanda, garyň aşagynda ösüp otyr, bu gar täze ýylyň sogan hasylynyň has gowy bolmagyna kömek eder” diýip, habarçy bilen gürleşen daýhan aýazyň soganyň düýbündäki zyýanly mör-möjekleri öldürýändigini gürrüň beripdir.

“Meniň tanşym ýylda sogan ekýär, sogany mör-möjek iýmez ýaly, bahar paslynda ekin meýdanynda ösüp oturan soganlara, suwda eredip, büre dermanyny sepýär. Bu derman soganyň aşagyndaky mor-möjekleri öldürip, soganyň päsgelçiliksiz ösmegine kömek edýär. Aýazly howa meýdandaky soganlaryň we sarymsaklaryň ýazda has gowy ösmegi üçin peýdaly, esasy mesele olaryň düýbüne suw gidip, şol ýerde doňmasa bolany diýýär” diýip, habarçy gürrüň berdi.

"Sogan aýazdan gorkmaýar, onuň üstünde gar ýatmagy hem gowy, ýöne täze hasylyň ýetişmegine 6 aýdan gowrak wagt bar, oňa çenli daşardan sogan getirilmese, ýerli sogan, sarymsak önümleriniň bahasynyň näçä çykjagy belli däl" diýip, habarçy meseläniň ýene bir tarapyna ünsi çekdi.

Sowuk howa Mary sebitinde hem bazara çykarylan soganlaryň doňmagyna sebäp boldy, “adamlar olaryň 1 kilogramyny 20-25 manatdan satyn almaly bolýar” diýip, habarçymyz 19-njy ýanwarda habar berdi. Onuň sözlerine görä, “bu soganlary sowuk çalarak urupdyr, köp sogan ýyly ýere salsaň, derrew eräp, zaýalanmak bilen bolýar”.

Adamlar "bazardan 1-2 kg sogan alyp, şonuň bilen bir aý oňjak bolýarys" diýýärler. Maşynlaryň üstünde satylýan soganlar doň, satyjylar "uly zyýana galýarys" diýýärler.

"Söwdagärleriň käbiriniň tonnalap alan sogany doňupdyr, olar näme etjeklerini bilmeýärler, kartoşkanyň nyrhy heniz ýokarlananok, ýöne olam doňdy” diýip, habarçymyz aýtdy.

"Kartoşkalar isrip bolýar, olary mala hem berip bolmaýar. Diňe bazarda, sowuk ýerde galan önümler däl, adamlaryň öýlerinde, 10-15 kg çemesinde alyp goýan soganlary, kartoşkalary hem doňdy, indi sogany hem tygşytlap ulanmaly bolduk" diýip, habarçymyz bilen gürleşen obaly ýaşuly gürrüň berdi.

“Somsa, manty ýaly naharlary, et gymmat bolansoň, soganyny köp goşup bişirýärdik, indi näme etmeli? Çagalary nädip naharlamaly, aýlyk-günlükleri ýok hojalyklar nädip eklenmeli?” diýip, radionyň söhbetdeşi gündelik gara iş bilen meşgullanýan adamlaryň her gün iýjek çöregini gündelik satyn almaly bolýandygyny, adamlaryň azyk bahalarynyň ýene ýokarlanmagyndan alada galandyklaryny gürrüň berdi.

Marydaky habarçymyzyň tassyklamagyna görä, soganyň öňki nyrhy 6-7 manatdy, uşagrak soganlary 3 manatdan berýärdiler.

Mal eýesiniň gözünden suw içer

Türkmenler malym - halym diýýär. Sowet-bolşewik kollektiwleşdirmesinden öňem, kolhos-zowhoz ýa-da ösen sosializm döwründe hem, garaşsyzlyk ýyllaryndaky “sadaka ogurlygy” wagtynda hem ýönekeý adamlar esasan aýlyklaryna däl, Hanamowyň sözleri bilen aýtsak, “mallaryna ýapyşyp ýaşady”.

Azatlygyň habarçylarynyň geçen ýyllarda, howa, ot-iým ýagdaýlary, keselçilik bilen baglykykda çekilýän kynçylyklar, mal saklaýan adamlaryň çekýän zyýany, şol sanda döwlet eýeçiligindäki mallaryň ýagdaýy barada beren anyk maglumatlaryna, şeýle-de ýurtda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýanyň maldarçylyga ýetirýän zyýany barada çykýan habarlara häkimiýetler hiç wagt düşündiriş bermeýär. Netijede, türkmenistanlylar bu sowuk gyşa we mal ýitgilerine öňräkden bäri dowam edýän 'maldarçylyk çökgünliginiň' içinden geçip geldi.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň öňki kolhoz-sowhozlara degişli mallary “Türkmenmallary” assosiasiýasyna geçirmegi netijesinde, käbir hasaplamalara görä, 1990-njy ýyllaryň başynda 6 million töweregi bolan ownuk mallar soňra ençeme esse azalýar.

Azatlygyň şol wagtky habarçysy, maldarçylyk pudagyna belet ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň 2019-njy ýylyň martynda beren maglumatlaryna görä, Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki maldarçylyk korrupsiýa, ‘sadaka’ medeniýeti esasynda juda agyr ýagdaýa düşdi we häkimiýetleriň bu meselä baş galdyrmazlygy ýüz müň çemesi adamyň iş ornuny ýitirmegine alyp geldi.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbet (29.03.2019).MP3
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:32 0:00

Ýurduň oba hojalygynda, maldarçylygynda emele gelen ‘agyr ýagdaý” baradaky pikirler bilen ylalaşýan Nurmuhammet Hanamow Türkmenistandaky ‘gülala-güllük’ sahnasynyň aňyrsyndaky horluklary tas hemme kişiniň bilýändigini aýdýar.

Ol Azatlygyň “Prezident iň bolmanda howa maglumatlary meselesindäki ýapyklygyň zyýanyna düşünip, bu syýasaty üýtgedip bilermi, şeýle bir zada garaşýarsyňyzmy?” diýip beren soragyna biraz umytsyz jogap berdi:

“Serdar Berdimuhamedow kän üýtgeşiklik edip biler diýip pikir etmeýärin. Näme üçin diýseňiz, üstünde atasy dur. ...atasy oňa ýol bermez diýip pikir edýärin. ...Serdar öz abraýyny gorajak bolsa, hakykatdanam halk tarapyndan abraý gazanjak bolsa, onda bu basyşdan çykmaly, atasynyň basyşyndan çykmaly” diýip, Hanamow aýtdy.

Ozalky diplomatyň pikiriçe, prezident halkyň aladasyny etjek bolmaly, howa maglumatlaryny gizlin saklap, abraý gazanyp bolmaz. “Bu maglumatlar halka açyk ýetirilse, öňünden çäre görülse, ine, şonda abraý gazanyp bolar” diýip, Hanamow Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

“Progres.online” neşiriniň “Serdar Berdimuhamedowyň prezidentliginiň ilkinji 100 gününde edip biljek il-ýurt bähbitli işleri” baradaky teklipleriniň arasynda metbugatdan söz açylyp, “Döwlet metbugatynda ýurtdaky adaty raýatlary aladalandyrýan sosial we ykdysady durmuş baradaky habarlary çap edip başlamak” meselesi hem ýatladylýar. Türkmen kanunlary metbugatda senzurany gadagan edýär. Emma ýurtda täze prezidentiň işe başlanyna 100 günden has kän wagt geçenem bolsa, metbugatdaky ýapyklyk ýa-da “gazanylan üstünlikler” diýilýäni wasp etmek tagallalary 'doly güýjünde' dowam etdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG