Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda üç görnüşli antibiotik derman serişdesiniň satuwy gadagan edildi


Arhiw suraty. Aşgabatda bir dermanhana.
Arhiw suraty. Aşgabatda bir dermanhana.

Türkmenbaşynyň döwlet we hususy dermanhanalarynda üç görnüşli derman serişdesiniň satuwy gadagan edildi diýip, derman söwdasy bilen meşgullanýan birnäçe telekeçi 26-njy ýanwarda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Şäher dermanhanalarynda Seftriakson (Ceftriaxone), Sefazolin (Cefazolin) we Seftazidim (Ceftazidim) antibiotik sanjymlary çarşenbe güni gyssagly ýagdaýda tekjelerden aýryldy.

Welaýat saglygy goraýyş bölüminiň başlygy 25-nji ýanwarda irden üç dermanyň satuwdan aýrylmalydygy barada tabşyryk berdi diýip, ýerli farmasewtler aýdýarlar.

Bu gadaganlygyň wagtlaýyndygy ýa-da däldigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde üç dermanyň satuwdan aýrylmagy bilen bagly Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden dessine teswir alyp bilmedi.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy şäheriň 1 belgili we 4 belgili döwlet dermanhanalarynda, şeýle-de “Tebigat çeşmesi” we “Şagadam” hususy dermanhanalarynda üç görnüşli antibiotik sanjymlaryň penşenbe güni tapdyrmandygyny habar berýär.

Birnäçe ýerli ýaşaýjy habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde şäher hassahanalarynda we saglyk öýlerinde ýerleşýän dermanhanalarda hem Seftriakson, Sefazolin we Seftazidim anotibiotik derman serişdeleriniň satuwdan aýrylandygyny aýdýarlar.

Bu derman serişdeleri “antibiotik-sefalosporin” farmakoterapiýa toparyna degişli bolup, bakteriýa bilen dörän keselleri bejermekde ulanylýar. Saglyk hünärmenleri bu dermanlaryň dürli keselleri, şol sanda dem alyş ýollaryny, pnewmoniýa ýaly keselleri bejermekde hem ulanylýandygyny aýdýarlar.

Şäherde derman söwdasy bilen meşgullanýan hususyýetçiler täze girizilen gadaganlygyň telekeçilik işine oňaýsyz täsir edýändigini aýdýarlar.

“Telekeçiler antibiotik derman serişdelerine garşy girizilen gadagançylyk zerarly, uly maddy zyýan çekýärler” diýip, bir hususyýetçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan saglyk pudagynyň işgärleri üç görnüşli derman sanjymynyň hususan-da gyş aýlarynda köp sarp edilendigini aýdýarlar.

“Bu dermanlar häzir gys möwsümi bolansoň, sowukda, dümew we sowuklama ýaly keselleriň ýaýramagynyň yz ýany, köp isleg bildirilýän dermanlaryň hataryna girýär” diýip, balkanly saglyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Dermanhana eýeleri Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýa-da welaýat saglygy goraýyş bölüminiň derman gadaganlygy bilen bagly özlerine hiç hili düşündiriş bermeýändigini aýdýarlar. Galyberse-de, talaba garşy çykan, ýa-da ýetirilen maddy zyýanyň öweziniň dolunmagy bilen bagly talaplar bilen çykyş eden telekeçileriň ygtyýarnamalarynyň ýatyrylmak howpy bilen ýüzbe-ýüz boljakdyklary duýdurylýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi websaýtynda Türkmenistanyň çäginde hereket edýän 80 töweregi hususy dermanhananyň ady agzalýar. Bu derman serişdeleriniň söwdasy bilen bagly gadaganlygyň diňe Türkmenbaşy şäheriniň dermanhanalaryna degişlidigi ýa-da däldigi nämälim galýar.

Türkmenbaşyda üç görnüşli antibiotik derman sanjymlarynyň satuwynyň gadagan edilmegi şäherde üsgülewük we dümew pisint keselçiligiň köpelmeginden bir aý töweregi soň girizilýär.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary dekabryň soňky hepdesinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde dümew pisint kesellileriň köpelýändigini habar berdi. Bu ýagdaýa parallel, Google Trend platformasy Google gözleg motory arkaly Türkmenbaşyda “üsgülewük” we “üsgülewük dermanlary” ýaly açar sözler ulanylyp geçirilýän gözlegleriň ýygjamlaşandygyny görkezdi.

Türkmenistanda raýatlar wagtal-wagtal dürli dermanlaryň gytçylygyny ýa-da gymmatçylygyny başdan geçirýärler. Döwlet media serişdeleri ýa-da ýokary derejeli saglyk resmileri ýurduň saglyk pudagyndaky nogsanlyklar ýa-da ýetmezçilikler barada asla habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG