Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabadyň eteginde köpçüligiň gatnaşmagynda 'gizlin' it urşy geçdi


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda itleri uruşdyrmagyň meşhurlygy saklanýar. Resmi taýdan gadagan edilen şeýle çäreleriň biri ýekşenbe güni Türkmenabadyň golaýynda geçirildi. Tomaşa etmek üçin müňe golaý adamyň üýşen ýerine Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy hem baryp gördi.

Habarçymyzyň çaklamalaryna görä, itleriň uruşdyrylmagyny görmek üçin baranlaryň sany müňden geçýär.

Ýekşenbe günki uýşmeleň Çärjew etrabynyň bir obasynda, Amyderýanyň kenaryna golaý uly meýdanda gurnalypdyr.

Habarçymyzyň ugradan suratlarynda boş giň meýdanda iňňän köp adamdan ybarat uly üýşmeleňleri görüp bolýar. Adamlar uly topar bolup durýarlar. Boýny bagly uly alabaý itleri tutup duranlar hem bar. Tomaşaçylar esasan orta ýaşly erkek adamlar. Azatlyk Radiosy habarçysynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksatly suratlary çap etmekden saklanýar.

"Bu çetdäki oba häkimiýetleriň gözünden daş ýerde bolup, bu it söweşine gelen köp sanly awtoulagyň duraldasy ýoldan köp görünmeýär" diýip habarçymyz aýtdy.

Habarçy it uruşlary gadagan bolansoň, olaryň şäheriň daşynda, ýaşaýyş jaýlaryna golaý bolmadyk açyk meýdanda geçirilýändigini belledi: "Indi it uruşlary gelim-gidimli, göze düşýän ýerlerde däl-de, şäheriň ýa-da obalaryň çetlerinde geçirilýär. Çet obalarda geçirilse polisiýa hiç hili päsgelçilik görkezmeýär. Polisiýa asla gelmeýär. Esasy talap, ýaryşlar çetde, ýaşaýjylardan hem hiç hili şikaýat bolmaýan ýerde geçirilse bolany".

Öň bu uruşlar Türkmenabadyň özünde, günortasyndaky täze aeroportuň golaýyndaky çölde, köne atçylyk sport toplumynyň çäginde geçirilýärdi.

Habarçymyz häkimiýetleriň it uruşlaryny gurnamagyň resmi taýdan gadagan edilendigini aýtmagyna garamazdan, bu gadagançylyk we onuň sebäpleri barada resmi taýdan düşündiriş bermeýändiklerini, meseläniň metbugatda hem gozgalmaýandygyny belledi.

Bu aralykda it uruşlaryna il içinde gyzyklanma saklanýar. Lebapda şeýle çäreler her iki aýdan bir gezek geçirilýär. Ony görmek üçin her gezek uly märeke toplanýar.

"Her iki aýdan geçirilýän bu it urşuna müňlerçe adam tomaşa etmäge gelýär" diýip, habarçymyz aýtdy.

Habarçymyz, käte polisiýanyň bir ýerde jemlenen köp awtoulaglary görse üýşen adamlary kowup başlaýandygyny belledi. It uruşlaryny gurnaýanlaryň we oňa tomaşa etmek üçin baran adamlaryň gadagançylygy bozmak bilen baglylykda yzarlanmagyna degişli ýagdaýlar Azatlyga mälim däl.

Bellemeli ýeri, soňky ýyllarda Türkmenistanda döwlet derejesinde planlaşdyrylan proýektleriň arasynda it ýaryşdyrmak üçin desganyň gurluşygy agzalypdy.

2020-nji ýylyň 26-njy awgustynda şol wagt prezident bolan Gurbanguly Berdimuhamedow alabaý itleri üçin Aşgabatda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda guruljak Tohumçylyk merkezleriniň baş plany we taslamalary, Ahal welaýatynda guruljak Karantin merkeziniň baş plany we taslamasy, alabaýlaryň heýkel şekilleriniň dürli görnüşleri ýaly proýektler bilen tanyşanda, "Tohumçylyk we Karantin merkezleri, türkmen alabaýlarynyň arasynda ýaryşlary geçirmek üçin meýdança... ýokary hil häsiýetnamalaryna laýyk gelmelidir" diýip tabşyrypdy.

Türkmenistanda soňky ýyllarda alabaý itleriniň wagzy güýçlendi, tutuş ýurt boýunça olary köpeltmek üçin merkezler guruldy, heýkeller dikildi, şol bir wagtda-da häkimiýetler idegsiz itleri tutmagyň rehimsiz usullaryny, olary wagşylarça ýok etmegi dowam etdirdi.

2022-nji ýylyň tomsunda itlere rehimsizligi gadagan edýän itler baradaky ýörite kanunyň kabul edilmegi-de, häkimiýetlerde we jemgyýetde itlere rehim-şepagaty artdyrmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG