Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda internet ulanyjylar Wi-Fi gurallaryny goşulyp satyn alýarlar we soraga çekilýärler


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Türkmenabat şäherinde internet ulanyjylar polisiýa tarapyndan soraga çekilýärler. Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň sözlerine görä, internet ulanyjylaryň polisiýa çagyrylmagy we olaryň internete çatylmak üçin gurallarynyň barlanmagy fewral aýynyň dowamynda bolupdyr.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, polisiýa işgärleri esasan ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosynyň saýtlaryna we beýleki garaşsyz internet resurslaryna girýändigini bilmek isleýärler. Mundan başga-da, polisiýa wekilleri internet ulanyjylaryň pornografiýa saýtlaryna girmeginiň we YouTube saýtynda wideo görmeginiň sebäplerini soraýarlar.

Habarçymyz polisiýanyň sorag etmek üçin esasan öý internetinden peýdalanýan ýaşaýjylary çagyrýandygyny aýdýar.

"Öý telefonlaryň üsti bilen işleýän internetiň hili, "Altyn Asyr" (TMCELL) kompaniýasynyň mobil internetinden sähel gowy, emel edip YouTube we daşary ýurt telekanallaryny görüp bolýar. Emma fewral aýynyň dowamynda ulanyjylary polisiýa çagyryp, olaryň Wi-Fi gurallaryny barlanlaryndan soň, köpçülik olary ulanmakdan çekinýär we tiziräk kesip aýyrjak bolýar" - diýip, habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, öý internetiniň bir aýda 400 manatlyk tölegi köpçülik üçin gymmat bolansoň, adatça köp hojalyklar goşulyp, bir guraly satyn alýarlar we ondan bilelikde peýdalanýarlar.

"Bu gymmat elbetde, köp gatly öýlerde ýaşaýan raýatlar 5-6 goňşular öz arasynda ylalaşyp bir sany router satyn alyp ortalykda ýaşaýan goňşusynyň belgisine pul geçirip, bileleşip bir Wi-Fidan peýdalanýarlar. Bu internetiň hilini peseltse-de ykdysady taýdan peýdaly, daşary döwletlere IMO-dan wideo jaň edip bolýar" - diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanyň interneti dünýä ýüzünde iň gymmat we haýal hasaplanylýar. SpeedTest guramasynyň 2019-njy ýylyň maý aýynda çap eden hasabatynda Türkmenistan 179 ýurduň arasynda internetiň tizligi boýunça in soňky ýerde ýerleşdirilipdir.

Üstesine, türkmen häkimiýetleri Facebook, Twitter, VKonatkte we beýleki sosial ulgamlary petikleýärler. IMO ýurtda elýeterli ýeke-täk messenjerdir.

Internet hyzmatlary doly döwletiň gözegçiliginde saklanýar. "Türkmentelekom" ýeke-täk internet prowaýderi bolmagynda galýar.

Türkmenistan dünýäde iň berk internet senzuraly ýurtlaryň hataryna girýär. Informasiýa tehnologiýalary boýunça maslahat beriji Comparitech kompaniýasy Türkmenistany internete iň berk gözegçilik edýän ýurtlaryň sanawynda 3-nji orunda ýerleşdirdi.

Azatlyk Radiosynyň geçiren žurnalistika derňewleri türkmen hökümetiniň interneti petiklemek we ulanyjylary yzarlamak üçin daşary ýurtlardan gurallary hem gerekli maglumatlary satyn almaga iňňän uly möçberde pul sarp edýändigini anyklady.

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ​internet saýtlary petiklemek we ýurduň raýatlaryny yzarlamak üçin Germaniýanyň «Rohde & Schwarz» kompaniýasynyň öndürýän gurallaryny satyn alýandygy 2019-njy ýylyň başynda mälim boldy. Türkmenistanyň ýeke-täk internet prowaýderi "Türkmentelekom" «Rohde & Schwarz» kompaniýasynyň esasy türkmen müşderileriniň biridir.

Türkmen häkimiýetleri interneti petikleýändigini resmi derejede boýun almaýarlar. Emma Türkmenistan barada habar berýän garaşsyz internet neşirleriň ençemesi, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtlary Türkmenistanda açylmaýar. Türkmenistanda internet böwetlerinden geçmek üçin ulanylýan VPN yzygiderli petiklenýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG