Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň güýç gurluşlarynda ýene 'arassalaýyş' geçirildi


Serdar Berdimuhamedow we howpsuzlyk emeldarlary. Arhiw suraty
Serdar Berdimuhamedow we howpsuzlyk emeldarlary. Arhiw suraty

Türkmenistanyň güýç gurluşlarynda ýene bir gezek uly arassalaýyş geçirildi diýip, Azatlygyň ýerli çeşmeleri "Watan" habarlaryna salgylanyp habar berýär. Döwlet baştutany nobatdaky kadr çalşygy baradaky kararlaryny hepde ahyrynda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Serhet institutynda geçirilen göçme mejlisinde yglan etdi. Giňişleýin mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2022-nji ýylda bitiren işleriniň netijelerine seredildi. Emma Ýokary derejeli güýç emeldarlarynyň birnäçesiniň wezipesini ýitirmeginiň hakyky sebäpleri aýdylmady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 3-nji fewralda milli howpsuzlyk ministri Gurbannmyrat Annaýewi, başga işe geçmegi sebäpli diýip, wezipesinden boşatdy, ol bu wezipede 2020-nji ýylyň fewralyndan bäri işleýärdi. MHM başlygy wezipesine mejlisiň barşynda Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşadylan Nazar Atagaraýew bellenildi. Ol migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine 2021-nji ýylyň awgustynda bellenipdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine polkownik Batyr Wolsahatow bellenildi.

Şeýle-de, Ýokary kazyýetiň başlygy Guwançmyrat Ussanapesowyň, başga işe geçmegi sebäpli, wezipesinden boşadylandygy habar berilýär. Ol bu wezipede 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndan bäri işleýärdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy wezipesine Begenç Hojamgulyýew bellenildi, ol ozal Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygydy.

Şeýle-de, başga işe geçmegi sebäpli, Ýokary kazyýetiň başlygynyň orunbasarlary Musamyrat Söýünow, Örebaý Muhammedow işden boşadyldy.

Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerine Toýnazar Hudaýnazarow, Gurbanmyrat Hudaýberdiýew bellendi. Olar ozal degişlilikde Büzmeýin etrap kazyýetiniň başlygy, Mary welaýat kazyýetiniň başlygy wezipelerinde işläpdi.

Güýç gurluşlarynda geçirilen nobatdaky 'arassalaýyşyň' anyk sebäpleri, adatça bolşy ýaly, raýatlara açyk aýdylman, ýene bir gezek 'başga işe geçmek' düşündirişiniň arkasynda galdyryldy.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda Annaýewi MHM-niň başlygy wezipesine 12-nji fewralda, Ýaýlym Berdiýewi wezipesinden boşadanyndan soň belledi. Döwlet mediasy şonda Berdiýewiň başga işe geçirilýändigini aýtdy, ýöne onuň täze işi barada maglumat bermedi.

Türkmenistanda jogapkär wezipelerde işleýän emeldarlaryň, şol sanda güýç ministrleriniň, pudak ýolbaşçylarynyň ýygy-ýygydan çalşyrylmagy 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri adaty bir zat boldy.

Şol bir wagtda, wezipesinden boşadylýan resmileriň soňky ykballarynyň, hatda türmä basylmagynyň hem uzak wagtlap näbelli bolup galýandygy aýdylýar.

MHM-niň öňki ýolbaşçylarynyň birnäçesi, şol sanda Saparmyrat Seýidow, Muhammet Nazarow, Poran Berdiýew, Döwrangeldi Baýramow dürli jenaýatlarda aýyplanyp, türmä basyldy; Begmyrat Otuzow, Allamyrat Allakulyýew, Haýyt Kakaýew ýaly öňki MHM ofiserleri türme tussaglygynda ýogaldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG