Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda tiz kömek ulaglarynyň ýetmezçiligi ýitileşýärkä, Özbegistan Türkmenistana 20 tiz kömek ulagyny sowgat berdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň ençeme etrabynyň ýaşaýjylary tiz kömek ulaglarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Sebitiň saglyk pudagyndaky çeşmelerimiz etraplardaky tiz kömek ulaglarynyň tas 80 göteriminiň hatardan çykandygyny aýdýarlar. Ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan bu ýetmezçiliginiň arasynda, Özbegistan Türkmenistana 20 sany tiz kömek ulagyny sowgat berdi.

"Welaýatda, hususan-da, Gyzylarbat we Bereket etraplarynda medisina hyzmatlarynyň hili ýaramazlaşdy. Etrap we oba ilaty indi 03 belgä jaň edip, tiz kömek ulaglaryny çagyrmagyň netijesizdigine kaýyl boldy. Saglyk bilen bagly gyssagly zerurlyk dörände, keselhanalara hususy taksilerde barmak adaty ýagdaýa öwrüldi" diýip, bereketli bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Balkanlylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna beren maglumatynda häzirki wagtda 03 belgili Tiz kömek gullugynyň diňe kagyz ýüzünde hereket edýän hyzmatdan başga zat däldigini hem aýtdy.

Sebitiň Tiz kömek gulluklarynda işleýän çeşmelerimiziň ençemesi etraplardaky tiz kömek ulaglarynyň tas 80 göteriminiň hatardan çykandygyny we häzirki wagtda olaryň diňe 20-30 göteriminiň işe girizilýändigini aýdýar.

"Bereketde 10 sany tiz kömek ulagyndan diňe ikisi hereket edýär. Gyzylarbatda 14 sany tiz kömek ulagyndan diňe bäş sanysy işe girizilýär. Magtymgulyda (Garrygalada) diňe üç tiz kömek ulagy hereket edýär" diýip, ýagdaýdan habarly saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçilik edýändigi sebäpli hatardan çykan tiz kömek ulaglarynda abatlaýyş işleri geçirilmeýär. "UAZ" kompaniýasy tarapyndan 2008-nji ýylda öndürilen bu ulaglar etraplaryň Tiz kömek gulluklarynyň awtoduralgalarynda saklanýar.

Tiz kömek gulluklarynyň işgärleri 15 ýyldan bäri sebitde hereket edýän ulaglarda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň tiz kömek ulaglaryna jogapkär resmilerine ençeme gezek arza ýazdylar. Emma bu oňaýly netije bermedi.

"Muňa derek, ministrligiň resmileri 'mart aýynyň 10-na çenli tiz kömek ulaglarynyň 14 sanysy işe girizilsin, nädip ýöretseňiz ýörediň, ministrlik ýeke köpük hem bermez' diýip tabşyryk berdiler" diýip, saglyk işgäri aýtdy.

Ol tehniki näsazlygy bolan tiz kömek ulaglary üçin ministrlikden soralan ätiýaçlyk şaýlarynyň arasynda rezin tekerleriň, amortizatorlaryň, hereketlendirijileriň we motor ýaglarynyň bardygyny hem belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada welaýat saglyk bölüminden, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden goşmaça maglumat almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 9-njy fewralda eden synanyşyklary netijesiz boldy.

Sebit ilatynyň ýüzbe-ýüz bolýan bu ýetmezçiliginiň arasynda, Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, ýurtlaryň arasynda birek-birege hormat goýmagyň nyşany hökmünde, Özbegistan Türkmenistana 20 sany tiz kömek ulagyny sowgat berdi.

Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalynyň "Watan" habarlary gepleşiginiň 8-nji fewralda efire berlen sanynda bu tiz kömek ulaglarynyň ýüzlerçe adamyň, şol sanda tans toparlarynyň, aýdymçylaryň, ýaşulularyň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlar bilen garşy alynýan pursatlary görkezildi.

Şol bir wagtda, habarda olaryň 14 sanysynyň Daşoguz welaýatynyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine, alty sanysynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň çagalar bölümlerine bölünip berlendigi hem aýdyldy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy Özbegistanyň prezidentiniň metbugat edarasyna salgylanyp, “Volkswagen Caddy” kysymly tiz kömek ulaglarynyň "Jizzakh" awtoulag zawody tarapyndan öndürilendigini habar berdi.

Saglyk pudagynda ilat üçin iň zerur hyzmatlaryň biri bolan Tiz kömek gullugynyň işiniň Türkmenistandaky kynçylyklary, tiz kömek ulaglarynyň ýetmezçiligi barada Azatlyk Radiosy mundan ozal hem birnäçe gezek habar beripdi.

Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ilata edilýän tiz, gaýrygoýulmasyz saglygy goraýyş kömeginiň hiliniň günsaýyn ýokarlandyrylýandygyny wagtal-wagtal tekrarlaýarlar. Ýöne olar ýurtda tiz kömek ulaglarynyň ýetmezçiligi barada hiç hili mesele gozgaman gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG