Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda ýurtdan gitmek üçin biometriki pasport almaga synanyşýan raýatlar köpelýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Döwlet Migrasiýa gullugynyň Mary welaýatynyň Mary şäherindäki edarasynyň raýatlara biometriki pasportlary taýýarlap berýän bölüminde adamlaryň uly nobaty günsaýyn diýen ýaly artýar. Şu günler edaranyň öňünde azyndan 100 adamyň nobata durandygyny görse bolýar. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy ýurtdan gitmek isleýän raýatlaryň barha köpelýändigini aýdýar.

"Migrasiýa edarasyna welaýatyň ähli etraplaryndan ýüzlerçe adam gelýär. Şu gün edaranyň öňünde azyndan 100 adamyň durandygyny görse bolýar" diýip, habarçy 9-njy fewralda beren maglumatynda aýtdy.

Nobata duranlaryň aglabasy ýaş gelin-gyzlar we oglanlar bolup, olar biometriki pasport almak üçin resminamalaryny tabşyrmaga çalyşýandyklaryny we şondan soňra Russiýa ýa-da Türkiýä işlemäge gitmegi meýilleşdirýändiklerini aýdýarlar.

Ilat arasynda biometriki pasport diýlip tanalýan Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty 2013-nji ýyldan başlap ýurtdan çykmak üçin adaty raýatlara zerur bolan ýeke-täk resminama hökmünde kabul edildi. Ondan ozal ýurtda hereket eden içerki pasportyň daşary ýurda çykmakda ulanylmagyna kanun esasynda gadagançylyk girizildi.

Nobatlaryň artmagyna ýurtda indi alty ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň arasynda, eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmenistanlylaryň sanynyň köpelmegi sebäp bolýar.

"Ýurduň içinde iş tapmak gitdigiçe kynlaşýar. Adamlar gün görmek üçin dürli işleriň gözleginde bolsalar-da, iş gözleýänleriň aglabasy iş tapyp bilmeýär. Iş tapýanlar-da, aljak aýlygynyň onlarça essesi möçberinde para bermeli bolýarlar" diýip, habarçy belledi.

Köp adam başga ýurda gitmek üçin uçar biledini satyn almaga hem maliýe serişdesi bolmansoň, mellek ýerlerini we awtoulaglaryny satýar.

"Russiýa işlemäge gitmesem, hojalygymyz gün-günden çöküp barýar. Iş tapyp bolanok, eklenç gaty kynlaşdy. Azyk önümleriniň düýnki bahasy bu gün saklanmaýar. Hemme zat gün-günden gymmatlaýar. Ýöne iş ýok ýa-da bar işe girmek üçin müňlerçe manat para bermeli we beren paraňy ençeme ýylda üzlüşmeli" diýip, migrasiýa edarasynyň öňünde nobata duran maryly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçy pandemiýa çäklendirilmelerinden soň, uçar gatnawlarynyň dikeldilmegi bilen, Türkiýeden Türkmenistana dolanan köp raýatyň hem gaýtadan ýurtdan gitmäge howlukýandygyny aýdýar.

"Türkiýede ençeme ýyl zähmet çekenimden soň, Türkmenistanda ýagdaý gowulyga tarap üýtgändir öýdüp yzyma geldim. Bu ýerde iş tapmaga synanyşdym, ýöne bu başa barmady. Türkiýede ençeme ýyl zähmet çekenimden soň, ýanym bilen ýygnap getiren pulumyň ählisi gutardy. Indi awtoulagymy satlyga goýdum. Para pul bermelem bolsa, bu ýurtdan çykmaly, çagalarymy hem alyp gitmeli" diýip, başga bir maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Biometriki pasportlary almak isleýän raýatlaryň köpelendigi barada geçen hepde Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy hem maglumat berdi. Şonda habarçymyz sebitiň migrasiýa edarasynda raýatlara maý aýyna nobat berilýändigini hem aýdypdy.

Türkmenistanda daşary ýurtlara gitmek isleýänleriň köpelmegi, ýurtda işsizligiň ýaýraýan, azyk önümleriniň we hyzmatlaryň bahalarynyň ýokarlanýan, korrupsiýanyň ýaýbaňlanýan we hökümetiň raýatlaryň durmuşynyň ähli ugurlaryna gözegçilik etmäge synanyşýan mahalyna gabat gelýär.

Şol bir wagtda, häkimiýetler raýatlaryň iş, gazanç gözleginde, şol sanda okuw üçin hem ýurduň daşyna çykmagynyň ýoluny baglamak üçin hem tagalla edip gelýärler.

Geçen aýda Aşgabatdaky habarçylarymyz häkimiýetleriň 40 ýaşa ýetmedik aýal-gyzlaryň ýurtdan çykmagyna päsgelçilik döredýändikleri barada maglumat berdiler.

Soňky ýyllarda býujet işgärlerine biometriki pasportlarynyň möhletini uzaltmagyň hem gadagan edilýändigi barada Azatlyk ençeme gezek maglumat taýýarlady.

Häkimiýetler bu maglumatlary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärkä, ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri hem dymyşlygyny saklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG