Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mugallymlar parlament saýlawlaryna taýýarlyk işlerine çekilýär, býujet işgärlerinden pul ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda, şu günler türkmen häkimiýetleri saýlaw uçastoklarynyň bezeg işleri we beýleki käbir çykdajylar üçin býujet işgärlerinden 40-70 manat aralygynda pul toplaýar.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde saýlaw uçastoklaryny taýýarlamak, saýlawçylary hasaba almak işlerine badalga berildi. Şeýle taýýarlyklaryň çäklerinde, orta mekdepleriň mugallymlary saýlawçylaryň sanawyny taýýarlamak işlerine mejbury çekilýärler.

Türkmen kanunçylygyna görä, saýlaw çykdajylary Türkmenistanyň döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilmeli. Ýöne Türkmenbaşy şäherinde döwlet kärhanalarynyň işgärleri saýlaw býulletenleri we bezegleri üçin, 40-70 manat aralygynda çykdajy etmeli bolýarlar. Galyberse-de, Öý dolandyryş edaralary we ýerli arçynlyklar saýlawlaryň dowamynda ulanylýan plakatlary hem öz serişdeleriniň hasabyna satyn almaly bolýarlar.

Saýlawçylaryň sanawlaryny düzmek işlerine mekdep mugallymlarynyň mejbury çekilmegi okuwçylara berilýän bilimiň hiline oňaýsyz täsir edýär.

“Türkmenbaşy şäherinde 23-nji fewralda her mekdepden 10 töweregi mugallym şäher saýlaw uçastoklaryna berkidildi” diýip, ýerli mugallymlar aýdýarlar.

Bilim-terbiýeçilik işgärleri ilat arasynda saýlawlar barada maglumat bermek, saýlaw kagyzlaryny paýlamak, şeýle-de saýlaw plakatlaryny asmak işlerine çekilýärler. Taýýarlyk işlerine gatnaşýan mugallymlar wagtlaýyn sapak okatmakdan boşadylýarlar.

Ýöne geň ýeri, saýlawlara taýýarlyk işlerine mejbury çekilýän mugallymlaryň okatmaly sapaklary beýleki mugallymlara bölünip berilýär.

“Bir mugallym himiýa sapagyndan bilim berýär. Ýöne himiýa sapaklary surat mugallymynyň üstüne ýüklendi. Surat mugallymy himiýanyň ýeke formulasyny bilmeýär. Onuň okuwçylary garawullamakdan başga wezipesi ýok” diýip, magaryf işgärleri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Şeýle başlangyçlar şäherde döredilen saýlaw taýýarlyk toparynyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek saýlawlarda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlary, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalary, hem-de Geňeşleriň dokuzynjy çagyrlyşynyň agzalary saýlanar.

Türkmenistanyň parlamenti iki ýyl ozal iki palataly ulgama geçirildi, ýöne ýanwar aýynda gaýtadan ýeke palataly ulgama öwrüldi. Iş ýüzünde türkmen parlamentiniň ygtyýarlyklary, beýleki döwlet institutlarynda bolşy ýaly, örän çäkli bolmagynda galýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenbaşyda ýerli ýaşaýjylar bilen gürrüňdeş bolup, ilatyň saýlawlardan we deputatlardan edýän tamasy bilen gyzyklandy.

“Deputatlar halkyň ýagdaýyna düşünýän, halkyň derdini parlamentde aýdyp bilýän, erkin adamlar bolmaly” diýip, bir türkmenbaşyly ýaşaýjy aýdýar.

Awtoritar türkmen syýasatynda tankyda çydamlylyk görkezilmeýär.

“Bizde deputatlar şäherde agyz suwunyň kesilýändigini, azyk harytlarynyň gymmatlaýandygyny, işsizligi, dilegçileriň, öýsüz adamlaryň köpelmegini, ýa-da bulary nädip ýok etmelidigini aýdyp görsünler, ýekeje deputat şeýle meseleleri gozgap görsün, ýedi arkasy bilen ýok edýärler” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjylar aýdýarlar.

Ýerli ýaşaýjylar deputatlary ýurtda diňe maslahat zallaryny doldurmak üçin, ýa-da döwlet ýolbaşçylaryna ýörite atlar dakylanda halkyň adyndan metbugatda çykyş etmek üçin, bellenýän adamlar hasaplaýarlar.

“Halkyň derdini, halkyň aladasyny aýdyp bilýän adamlardan parlament düzmeli. Biziň parlamentimize owadan geýnip, el çarpmagy başarýan adamlar bolsa bolany, san üçin” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Şeýle-de, türkmenbaşyly ýaşaýjylar köp saýlawlarda dalaş edýän deputatlary özleriniň tanamaýandygyny aýdýarlar.

“Aslynda parlament saýlawlary dünýä jemgyýetçiligine görkezmek üçin guralýan sahna. Bu oýunlar kime gerek?” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG