Ukrain güýçleri soňky 24 sagatda Russiýanyň Bahmut şäherine eden täze hüjümlerini yzyna serpikdirdi diýip, Kiýew 20-nji martda, Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitinde weýran edilen şäher üstünde barýan söweşleriň iki tarapa-da agyr ýitgi çekdirmegini dowam etdirýän wagtynda aýtdy. Şu aralykda, Ýewrop Bileleşiginiň ministrleri 20-nji martda Ukrainany gaty zerur ok-däri bilen üpjün etmek üçin 2 milliard ýewrolyk (2.13 milliard dollar) plany ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlanýar.
Rus goşunlary Bahmutda we Awdiýewkanyň, Limanyň, Marýinkanyň we Şahtarskyň golaýynda 69 hüjüm gurady diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby gündelik hasabatynda aýtdy.
Rus güýçleri Donetsk we Zaporyžia sebitlerindäki ilatly nokatlary topa tutup, parahat ilatyň arasynda ýitgi çekilmegine, infrastruktura zyýan ýetmegine sebäp boldy diýip, harbylar aýtdy.
Günortadaky Herson sebitiniň Moskwanyň gözegçiliginde galýan böleginde rus güýçleri barlag, gözegçilik nokatlaryny gurup, zorluk we türme tussaglygy bilen haýbat atyp, ýerli ilaty rus pasportlaryny almaga itekleýär diýip, ukrain harbylary aýdýar.
Hersonyň günbatar bölegi, şol sanda Herson şäheri, ruslar Dnieper derýasynyň üstünden yza çekilende, noýabr aýynda ukrain güýçleri tarapyndan azat edildi.
ÝB-niň daşary we goranmak ministrleri 20-nji martda Brýusselde ýygnanyp, ÝB-den ok-däri satyn almagy öz içine alýan şertnama esasynda, Ukraina 2 milliard ýewrolyk artilleriýa toplaryny bermek planlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.
ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell ýygnakda şertnamanyň baglaşylmagyna umyt bildirdi.
"Bilelikde, daşary işler we goranmak (ministrleri) Ukraina ok-däri Ibermek baradaky şertnamany tamamlar diýip umyt edýärin" diýip, Borrell duşuşyga baranda žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.
Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba ýygnananlara Kiýewden wideo baglanyşygy arkaly ýüzlenip, söweş meýdanyndaky ýagdaýlar barada ministrlere maglumat berer.
Kiýew Russiýanyň gündogarda edýän hüjümlerinden goranmak we şu ýazda garşylykly hüjüme taýýarlyk görmek üçin özüne her aýda 350,000 top okunyň gerekdigini aýtdy.
ÝB-ne agza ýurtlar Russiýanyň sebäpsiz çozuşy başlanaly bäri, şu wagta çenli Ukraina 13 milliard dollarlyk harby goldaw berdi.
Şeýle-de, bileleşigiň daşary işler ministrleri, Moskwanyň ukrain çagalaryny Russiýa zor bilen deportasiýa etmek meselesindäki jogapkärçiligine seretmeli, ukrain eksportyny ýeňilleşdirmek üçin zerur bolan çäreleri görmeli.
Haagadaky Halkara jenaýat kazyýeti 17-nji martda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini ukrain çagalarynyň Russiýa zor bilen geçirilmegindäki jogapkärçiligi üçin tussag etmek barada karar çykardy. Şeýle-de, kazyýet Russiýanyň çaga hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Mariýa Lwowa-Belowany tussag etmek barada karar çykardy.
Şu aralykda, Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Herson sebitiniň bir böleginde bolan awtoulag partlamasy netijesinde, Içeri işler ministrliginiň Nowokahowsk şäher bölüminiň patrul gullugynyň rus häkimiýetleri bilen hyzmatdaşlyk eden bir komandiri heläk boldy.
Russiýanyň Derňew komiteti, awtoulagyň aşagyna oturdylan partlaýjynyň ýarylmagy netijesinde ölen adamyň adyny aýtmazdan jenaýat işini açdy.
Bir hepde öň Nowaýa Kahowkada Russiýa tarapdar administrasiýanyň başlygynyň orunbasarynyň janyna kast edildi, Witaliý Guru bu hüjümde alan ok ýaralaryndan öldi.
Forum