Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda daşary ýurtlara wiza we bilet alyp berýän 'araçylar' peýda boldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ilatyň daşary ýurtlara gitmek bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan çäklendirmeleri barha köpelýän mahaly, Lebap welaýatynda raýatlara wiza we bilet alyp berýän ýörite "adamlar" peýda boldy. Olar "bu hyzmat" üçin raýatlardan bir müň dollardan gowrak serişde talap edýärler.

"Bu adamlar Kazan we Dubaý şäherlerine işlemäge gitjek raýatlara üç aýlyk wiza we bilet alyp berýärler. Olara biometriki pasportyňy we 1200 dollary berseň, olar 10 günüň içinde wizaňy we bilediňi alyp berip, öýüňde oturan ýeriňde eliňe gowşuryp gidýärler" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy martda aýtdy.

Habarçy bu adamlaryň raýatlar üçin wizany we biledi nähili usul bilen alyp berýändigi barada takyk maglumatyň ýokdugyny, ýöne olaryň "täsirli döwlet resmileri" bilen daşary ýurtlara gitmek isleýänleriň arasyndaky "araçylardygyny" belleýär.

"Bu hyzmatdan peýdalanmadyk raýatlar býurokratiki bökdençlikler sebäpli, ençeme aýlap wiza we bilet satyn alyp bilmän kösenýärler" diýip, lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bu araçylar, sebitde daşary ýurtlara işlemäge gitmek isleýän raýatlaryň barha köpelmeginiň, ýöne türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň ýurtdan çykmak üçin pasport we wiza almak şertlerini kynlaşdyrmagynyň arasynda, peýda boldy.

Habarçynyň maglumatyna görä, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, häzirki wagtda Saýat, Halaç, Sakar we Çärjew etraplaryndan has köp adam eklenç gözleginde daşary ýurtlara gidýär. Olar esasan Stambul, Kazan we Dubaý şäherlerini saýlap alýarlar.

"Kazana gidýän raýatlar üç aýlyk wiza alýarlar we soňra wizany uzaldyp, şol ýerde galýarlar. Dubaýa gidýänleriň şol ýerde ýörite türkmen myhmanhanasynda bolýandygy we gündelik 20 dollar töleýändigi aýdylýar. Olara iýip-içgi hem berilýär. Olar şol myhmanhanada bolup, iş gözleýärler. Bu myhmanhanada türkmenleriň köpdügi aýdylýar. Türkiýä wiza almak has kyn bolup, ýaşy 25-e ýetmedik ýaş zenanlaryň köpüsi wiza alyp bilmeýär" diýip, habarçy aýtdy.

Soňky aýlarda, hususan-da pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli ýatyrylan halkara howa gatnawlarynyň dikeldilip başlanmagy bilen, eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmenistanlylaryň sany göz-görtele köpeldi. Döwlet Migrasiýa gullugynyň edaralarynyň öňünde biometriki almak isleýän raýatlaryň uly nobatlary döredi.

Bu habarlaryň arasynda, häkimiýetler öz raýatlarynyň daşary ýurtlara gitmegini çäklendirmek çärelerini güýçlendirip başladylar.

Fewralyň ortalarynda Migrasiýa gullugy raýatlara biometriki pasport bermegi wagtlaýynça bes etdi. Martyň başynda häkimiýetler goşmaça çäklendirmeleri girizip, raýatlaryň ýurtdan çykmak üçin pasport we wiza almak şertlerini kynlaşdyrdy. Mundan soň, türk wizasyny alan raýatlar ýurduň daşyna gidende raýat aktiwligini görkezmejekdikleri barada dilhaty ýazmaga mejbur edilip başlandy. Şu hepde Gazagystana sapar edýän türkmenistanlylardan yzyna dolanyp geljekdigine kepil geçýän ynanç hatynyň soralyp başlanandygy barada maglumatlar gelip gowuşdy.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG