Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşogzuň demirýol menziliniň merkezi ammarynda ýangyn döredi


Türkmenistanyň Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgäri we ulagy. Arhiw suraty
Türkmenistanyň Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgäri we ulagy. Arhiw suraty

Daşoguz welaýatynyň demirýol menziliniň merkezi ammarynda ýangyn döredi. Ýangynyň döremegine ammaryň abatlaýyş bölüminde abatlanýan bir lokomotiwiň hereketlendirijisiniň ot almagy sebäp boldy.

"23-nji aprelde giçlik sagat 8 töwereginde Daşoguz şäherindäki demirýol menziliniň 100 metr çemesi demirgazygynda ýerleşýän ammaryň A blogunda ýangyn döredi. Ýangynda lokomotiwiň 50 göterimini emele getirýän hereketlendirijisi 20 tonna dizelden ybarat ýangyç çelegi bilen bilelikde ot aldy" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Ýagdaýdan habarly ýerli polisiýa işgäriniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, ýangynda ammaryň mehanikleriniň birnäçesine ýeňil şikes ýetdi, ýöne ölüm wakalary bolmady.

Ýangynyň netijesinde, ammaryň A blogy 100 göterim diýen ýaly ýandy. Muňa ýerli ýangyn söndüriji gullugynyň işgärleriniň wakanyň bolan ýerine gelmeli wagtyndan has giç wagtda barmagy sebäp boldy.

"Ýekşenbe günüdigine, ýagny dynç günüdigine garamazdan, ýangynyň ýetiren maddy zyýanyny we oňa jogapkärleri anyklamak boýunça derňew işleri geçirilip başlandy" diýip, polisiýa işgäri aýtdy.

Bu aralykda, habarçymyz ýangynyň yz ýany, sebit häkimiýetleriniň wakany gizlemek we bu baradaky suratlaryň hem-de wideolaryň köpçülige ýaýramagynyň öňüni almak ugrunda ep-esli tagalla edendigini aýdýar.

"Demir ýol köçesini dessine ýapdylar. Polisiýa işgärleri agşam sagat 21:15-de Aşgabat otlusynda gelen ýolagçylara gözegçiligi artdyryp, olaryň mobil telefonlaryny barladylar" diýip, polisiýa işgäri belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada şäheriň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminden kommentariýa alyp bilmedi. Şeýle-de, redaksiýanyň ýurduň "Demirýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýerli edarasy bilen habarlaşmak synanyşyklary hem başa barmady.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurtda bolýan ýangyn, ýol ýa tebigy hadysalar barada maglumat bermeýärler.

Ýöne Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler käte adam pidalaryna getirýän tebigy, tehniki hadysalar we köçe-ýol, otly betbagtçylyklary barada ýygy-ýygydan habar berýärler.

Şu ýylyň başynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdep bölekleýin ot aldy. Okuwçylaryň gyşky dynç alyş möwsüminiň başlamagyndan iki gün soň dörän ýangynda hiç kime zeper ýetmedi, ýöne mekdebiň dört sany synp otagy doly diýen ýaly ýandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG