Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary – Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda bolan ýol heläkçiliginde ýedi adam öldi


Illýustrasiýa suraty. Ýol heläkçiliginde zyýan çeken ulaglar. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Ýol heläkçiliginde zyýan çeken ulaglar. Arhiwden alyndy.

Mary – Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda, 28-nji fewral güni öýlän, adam ýitgilerine getiren ýol heläkçiligi boldy. Iki ýeňil awtoulagyň pete-pet gelip, çakyşmagy netijesinde ýüze çykan ýol hadysasynda ýedi adam heläk boldy. Ýerli sülçüler ýol-ulag hadysasynyň bolan ýerinde derňew işlerini geçirdi. Sürüjiler awtomagistralyň ugrunda emele gelen çäge üýşmekleriniň ýol hereketine howp abandyrýandygyny aýdýarlar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji martda sebitden habar berdi.

Gündogar welaýatyň administratiw merkezi bolan Türkmenabat şäheri bilen günorta-gündogarda ýerleşýän Mary welaýatynyň sebit merkeziniň arasynda uzynlygy takmynan 220 kilometre çenli uzap gidýän iri awtomagistral bar. Ýol-ulag hadysasy magistralyň Türkmenabatdan Mara gaýdýan böleginiň 90-njy kilometrinde ýüze çykdy. Ýol heläkçiliginiň bolan ýeri, takmynan, iki welaýatyň araçäkleşýän sebitlerine gabat gelýär.

“Iki awtoulag pete-pet gelip, gabatma-gabat çakyşdy. Ýol hadysasyna uçran awtoulaglaryň biri Mary welaýatyna degişli döwlet belgisi bilen, beýlekisi Lebap welaýatynyň döwlet belgisi bilen hasaba alnypdyr. Ulaglaryň birinde dört adam, beýlekisinde üç adam bar ekeni. Sürüjiler bilen bile ýedi adam heläk bolupdyr” diýip, şaýatlar aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýol-ulag hadysasynyň bolan ýerinde polisiýa işgärleriniň we ýerli sülçüleriň derňew geçirendiklerini habar berýär.

Mary döwlet belgili ulagda dört adam, Lebap döwlet belgili ulagda bolsa Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndan bolan bir maşgala – kakasy, ejesi we olaryň bir çagasy bar ekeni. Olaryň ählisi aradan çykýar.

Ýol hadysasyna uçran ýeňil awtoulaglaryň biri, Mary döwlet belgili ulag çakyşmadan soň ot alýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli sürüjiler awtomagistralyň ugrunda çäge üýşmekleriniň emele gelendigini, ýolda hereket edýän ulaglaryň çäge üýşmeklerinden sowlup geçmeli bolýandygyny aýdýarlar.

Şaýatlaryň gürrüň bermegine görä, gara ýoluň ulag hadysasy bolan böleginde hem çäge üýşmegi bar ekeni.

Ulaglaryň biri gara ýoluň ugrunda emele gelen topbak çägeden sowlup geçmek üçin garşydan gelýän ulaga pete-pet baryp urýar. Ýol hadysasy gündiziň günortany, öýlän sagat, takmynan, 3-4 aralygynda bolup geçýär.

“Pajygaly wakanyň bolan ýerinde, ýollarda çägeler arassalanmaýar. Mary – Türkmenabat awtomagistralynyň hili soňky ýyllarda has-da ýaramazlaşdy. Gara ýoluň tas her bir kilometrinde diýen ýaly çukurlar emele geldi. Ulag tekerleri asfalt ýoluň ugrunda emele gelen çukurlara gaçyp, käte tekerler ýarylýar. Awtoulag tekeleriniň disklary zaýalanýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli sürüjiler aýdýarlar.

Häzirki wagtda Mary – Türkmenabat aralygynda täze awtobanyň gurluşygy dowam edýär. Ýerli sürüjiler ähli ünsüň täze awtobanyň gurluşygyna gönükdirilýändigini, gelim-gidimli köne awtomagistraly abatlamak işleriniň bolsa ünsden düşürilýändigini aýdýarlar.

“Täze awtobanyň gurluşygy sebäpli, häzirki wagtda hereket edýän awtomagistrala seredýän, ony abatlaýan adam ýok. Soňky iki ýylyň dowamynda Mary – Türkmenabat ýoly has-da zaýalandy. Täze awtoban gurýarlar, şonuň üçin köne ýoly ünsden düşürýärler. Köne ýollary bejermek, arassalamak işlerini ýatdan çykarýarlar” diýip, ýerli sürüjiler Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Fewralyň ahyrynda köne awtomagistralyň ugrunda ýol hadysasyna uçran Mary döwlet belgili ulagyň sürüjisi Mary – Türkmenabat aralygynda kireý edýän ekeni.

Lebap döwlet belgili ulagda heläk bolan köýtendagly maşgalanyň agzalary – eje, kaka we olaryň çagalary, öz dogduk diýarlarynda, Köýtendag etrabynda ýerleşýän bir gonamçylykda soňky ýoluna ugradyldy diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýol-ulag hadysalary boýunça hasabat çap etmeýär. Döwlet media serişdeleri ýurduň çäginde bolup geçýän heläkçilikli hadysalar, şol sanda ýol-ulag hadysalary barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG