Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda bir oglan özüni otlynyň öňüne oklady, Aşgabatda ýol hadysasynda bir adam öldi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynda bir ýaş oglan özüni ýük otlusynyň öňüne oklap, öz janyna kast etdi. Türkmenabat-Aşgabat demir ýolunyň ugrunda bolan wakanyň şaýatlary merhumyň 18 ýaş töweregindedigini aýdýarlar. Bu aralykda, Aşgabatda bolan ýol hadysasynda hem, bir adam heläk boldy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 1-nji maýda Lebapdan we Aşgabatdan maglumat berdiler.

"Waka 1-nji maýda irden sagat 11:15 töwereginde şäheriň 3-nji kwartal etrapçasynyň gabadyndan geçýän demirýoluň ugrunda boldy. Zerger stansiýasyndan ugran ýük otlusy 'Türkmenabat 2' atlandyrylýan uly demriýol stansiýasyna barýardy. Otlynyň tizligi sagat 40 kilometre barabar eken" diýip, sebitdäki habarçymyz aýtdy.

Waka şaýat bolanlaryň ençemesiniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, ýaş oglan demirýoluň ugrunda köp wagtlap durupdyr we özüni, hamana, birine garaşýan ýaly alyp barypdyr.

"Otly geliberende, ýaş oglan özüni otlynyň aşagyna oklady. Otlynyň tekerleri oglanyň bedenini ikä böldi" diýip, waka şaýat bolan türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Şäher polisiýasyndaky çeşmelerimiziň 1-nji maýda agşam sagat 9-da beren maglumatyna görä, kanun goraýjy edaralar oglanyň şahsyýetini şol pursada çenli anyklap bilmediler.

"Oglanyň nirede ýaşaýandygy, haýsy mekdepde okaýandygy we onuň öz janyna kast etmeginiň mümkin sebäpleri henize çenli anyklanmady. Bu oglan wakanyň bolan sebitiniň ýaşaýjysy däl ýaly bolup görünýär. Sebäbi 1-nji maýda polisiýa bu ýogalan oglanyň kellesini surata düşürip, Türkmenabadyň köçelerindäki ýaşaýjylara görkezip, ony tanaýandyklary bilen gyzyklandy. Suratda oglanyň diňe kelle bölegi bar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Habarçymyz 2-nji maý güni Türkmenabadyň köçelerinde oglanyň suratyny görkezip, onuň şahsyýetini anyklamaga çalyşýan polisiýa işgärleriniň göze ilmeýändigini belleýär.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň Polisiýa müdirliginden we Türkmenabadyň demirýol menzilinden resmi kommentariýa alyp bilmedi. Adatça bolşy ýaly waka barada ýurduň metbugat serişdelerinde-de habar berilmeýär.

Türkmenistanda öz janyna kast edýän adamlar barada açyk statistiki maglumatlar çap edilmeýär. Şeýle-de, häkimiýetler adam pidalaryna getirýän tebigy, tehniki, ýol, otly hadysalary we bularda heläk bolýan raýatlaryň sany baradaky statistikany hem halk köpçüligine aýan etmeýärler. Ýöne Azatlygyň habarçylary ýurtda bolýan tebigy, tehniki, ýol, otly hadysalary barada ýygy-ýygydan maglumat berýärler.

Geçen ýylyň tomsunda Türkmenabatdan ugran otly, Bahar etrapçasynyň golaýynda, demir ýoldan pyýada geçip barýan bir ýaşaýjyny basyp geçdi. 30 ýaşly adam wakanyň bolan ýerinde aradan çykdy.

"Geçen ýylyň iýunynda we bu ýyl 1-nji maýda bolan pajygaly wakalaryň ýeriniň arasynda diňe 1 kilometr bar" diýip, habarçy aýtdy.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçymyz 27-nji aprel gijesi şäheriň 30-njy etrapçasynda bolan ýol hadysasynda bir adamyň heläk bolandygyny habar berýär.

"Gurban Durdy köçesiniň ugrunda bolan ýol hadysasynda neşe maddalaryny ulanandyklary çaklanylýan ýaşlar awtoulagy aşa ýokary tizlikde sürüp, ilki ýol böwedine, soňra-da golaýdaky zibil daşaýan ulaga kürsäp urupdyr. Urgynyň täsiri netijesinde zibil daşaýan ulag gapdala agdarylýar" diýip, habarçy belledi.

Waka şaýat bolanlaryň tassyklamagyna görä, awtoulagyň sürüjisiniň saglyk ýagdaýy ilkibada kadalydy, ol diňe aýagyny duýmaýardy. Ýöne ol keselhana eltilenden soňra aradan çykdy.

Habarçy şäheriň köp etrapçalarynda ýaşlaryň aýdym-sazyň sesini batly açyp, ulagy aşa ýokary tizlikde dolandyrmagy bilen bagly ýagdaýlara häli-şindi duş gelse bolýandygyny aýdýar.

"Şäheriň tas ähli ýerinde, şol sanda köçelerinde ýerleşdirilen gözegçilik kameralary hem ýaşlaryň bu howply hereketleriniň öňüni alyp bilmeýär" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada paýtagtyň Polisiýa müdirliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG