Moskwanyň gündogar Donetskde, birnäçe aý bäri dowam edýän agyr söweşleriň merkezine urýan howa zarbalaryny güýçlendirmeginiň arasynda, Russiýa öten agşam Kiýewe pilotsyz uçarlaryň "adatdan daşary güri" hüjümini gurnady we olaryň aglaba köplügi ukrain howa goragy tarapyndan urlup ýykyldy diýip, häkimiýetler 16-njy maý güni irden aýtdylar.
Russiýanyň howa hüjümlerini güreltmegi Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň Ýewropa eden saparynyň yz ýanyna gabat geldi. Bu sapar Ukrainanyň köpden bäri garaşylýan garşylykly hüjüminden öň, ýaranlaryň Rimde, Berlinde, Parižde we Londonda beren has kän harby kömek wadalary bilen tamamlandy.
Paýtagtyň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko öten agşam gurnalan dron hüjüminiň şu aýyň başyndan bäri Kiýewi nyşana alan sekizinji hüjüm bolandygyny, onuň örän gysga wagtyň içinde hüjüm eden pilotsyz uçarlaryň sanynyň köplügi babatynda "adatdan daşary dykyz" bolandygyny aýtdy.
Ýöne Popko dron hüjüminiň şowsuz bolandygyny, pilotsyz uçarlaryň köpüsiniň Ukrainanyň howa goragçylary tarapyndan " anyklanandygyny we ýok edilendigini" aýtdy.
Kiýewiň häkimi Witali Kliçko telegramda bu hüjüm netijesinde üç adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Russiýa öten agşam Ukrainanyň dürli nyşanalaryna esasan howadan azyndan 18 raketa atdy, ýöne olaryň ählisi Ukrainanyň howa goragçylary tarapyndan urlup ýykyldy diýip, Howa güýçleriniň serkerdeligi 16-njy maýda habar berdi.
Hüjüm üç tarapdan, demirgazykdan, günortadan we gündogardan gurnalyp, ýerli wagt bilen 03:30-da başlandy diýip, serkerdelik aýtdy.
"Raketalaryň ählisi howa goragy tarapyndan ýok edildi" beýanatda aýdylýar.
Donetsk sebitindäki front liniýalarynyň boýunda soňky 24 sagadyň dowamynda 48 howa hüjümi hasaba alyndy diýip, Ukrain goşunynyň baş ştabynyň 16-njy maýdaky gündelik hasabatynda aýdylýar.
Soňky 48 sagadyň dowamynda 49 söweş operasiýasynyň geçirilmegi bilen, Bahmut, Awdiýewka we Marýinka Donetsk sebitindäki iň gazaply söweş teatry bolmagyny dowam etdirdi diýip, harbylar aýtdy.
15-nji maýda Russiýanyň Awdiýewka keselhanasyna eden raketa hüjüminde dört sany parahat ýaşaýjy öldi diýip, sebit häkimi Pawlo Kyrylenko aýtdy.
Ukrainanyň ýokary derejeli serkerdesi 15-nji maýda guryýer güýçleriniň Bahmutdaky rus güýçlerini ýeňmegiň hötdesinden gelip biljeklerini subut edendigini nygtady.
"Bahmuty goramak dowam edýär we soňky günler Ukrainanyň öňe ilerläp, bu ýerdäki rus güýçlerine garşy durup biljekdigini görkezdi" diýip, general polkownik Oleksandr Syrskiý 15-nji maýda Ukrainanyň metbugat harby merkeziniň telegram kanalyna beren interwiýusynda aýtdy.
Zelenski 15-nji maýda Kiýewe dolanyp gelýän wagtynda, otlyda eden wideoýazgysynda özüniň täze goranyş bukjalary, "has köp ok-däri, front üçin güýçli ýaraglar, halk üçin has köp gorag, has köp syýasy goldaw" bilen gaýdyp gelýändigini aýtdy.
Zelenski 15-nji maýda Londonda iňlis premýer-ministri Rişi Sunak bilen ukrain uçarmanlaryny häzirki zaman söweş uçarlarynda türgenleşdirjek söweş uçarlary koalisiýasy barada maslahat etdi. Ol bu meseläniň örän möhümdigini, sebäbi Ukrainanyň häzirki wagtda asmana gözegçilik edip bilmeýändigini aýtdy.
Ukraina söweş uçarlary koalisiýasy meselesini mundan öňem gozgapdy we oňa Birleşen Ştatlaryň hem goşulmagy üçin basyş edipdi.
Zelenski ýewropa ýurtlaryna sapar edip, ýurt ýolbaşçylary bilen duşuşanyndan soň koalisiýa döretmek mümkinçiligi meselesinde özüni "örän pozitiw”, ýagny oňyn duýýandygyny we ýakyn wagtda "möhüm kararlaryň" bolup biljekdigini aýtdy.
Zelenski özüniň gijeki wideo ýüzlenmesinde Britaniýa bilen Polşanyň koalisiýa goşulmaga razy bolandyklaryny aýtdy.
"Angliýa - hawa. Polşa - hawa. Fransiýanyň we beýleki hyzmatdaşlaryň hem goşuljakdygyna ynanýaryn" diýip, ol aýtdy.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron biraz soň beren interwiýusynda Fransiýanyň Ukrainanyň söweş uçarmanlaryny Fransiýada taýýarlamaga açykdygyny we bu okuw maksatnamalarynyň derrew başlanyp bilinjekdigini aýtdy.
Günbatar ýurtlarynyň köpüsi, şol sanda Birleşen Ştatlar, urşuň has möwjemek ähtimallygy baradaky aladalar sebäpli, Ukrainanyň uruş uçarlarynyň berilmegi baradaky haýyşlaryna garşy çykdylar.
Ukrainanyň prezidenti 15-nji maýda Londona, 14-nji maýda Berline we Pariže, 13-nji maýda Rime sapar etdi. Berlin Zelenski gelmezinden bir gün öň Kiýewe 2,7 milliard ýewro (3 milliard dollar) goranyş bukjasyny berjekdigini aýtdy.
Bu Gremniýanyň Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan urşundan bäri Ukraina berýän iň uly kömegi bolup durýar.
Forum