Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain goşuny: Bahmutda agyr söweş barýar, Russiýa parahat adamlary topa tutýar


Ukrain urşy
Ukrain urşy

Moskwanyň Kiýewe we beýleki ukrain şäherlerine eden iň agyr howa hüjümleriniň birinden bir gün soň ýurduň günortasyndaky raýat desgalaryny agyr artilleriýa okuna tutmagy bilen, Russiýa gündogar Bahmut şäherine edýän basyşlaryny soňky 24 sagadyň dowamynda hem dowam etdirdi diýip, ukrain goşuny 17-nji maýda aýtdy.

Rus goşunlary soňky bir günüň dowamynda Bakmutda ukrain pozisiýalaryna 55 gezek hüjüm etdi, iň agyr söweşler Russiýanyň gündogar Ukrainadaky harby tagallalarynyň merkezi bolan Bahmut-Awdiýiwka-Marýinka front liniýasynda barýar diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň gündelik hasabatynda aýdylýar.

Russiýa Ukrainanyň harby pozisiýalaryny we raýat maksatly binalaryny nyşana alyp, howadan 57 zarba urdy, şol bir wagtyň özünde raketa ulgamlaryndan 96 sany raketa atdy, Ukrainanyň howa goragçylary Eýranda öndürilen 10 sany pilotsyz uçary we alty sany aňtaw dronyny urup ýykdy diýip, harbylar aýtdy.

Russiýalylar günortadaky Mikolaýiw şäherini topa tutup, bir adamy ýaraladylar diýip, şäher häkimi Oleksandr Sýenkýewiç 17-nji maýda habar berdi. Top gyýçaklary bir aýaly ýaralady, raýat we senagat desgalaryna zyýan ýetdi diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainanyň goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar 16-njy maýda Ukrainanyň Bahmut topraklarynda rus güýçlerinden takmynan 20 inedördül kilometri yzyna alandygyny, emma şäher merkezinde has köp ýer alandygyny aýtdy.

"Şol bir wagtyň özünde, duşman Bahmutyň içinde belli bir derejede öňe süýşýär we artilleriýa ulanyp, şäheri gazap bilen ýykyp-ýumurýar” diýip, Malýar sosial ulgamda aýtdy.

Malýaryň aýdanlaryny garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.

Soňky söweş Hytaýyň ilçisi Li Huýyň, Ukraina sapar edýän iň uly derejeli hytaý resmisiniň Kiýewe iki günlük sapara gelen wagtyna gabat geldi.

Pekin Liiň saparynyň ukrain krizisine "syýasy çözgüt" tapmagy maslahatlaşmaga gönükdirilendigini aýtdy.

Ozal Hytaýyň Russiýadaky ilçisi bolan Li özüniň ençeme güne çekjek saparynda Polşa, Fransiýa, Germaniýa hem barar diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrligi aýtdy, ýöne jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

Russiýa 16-njy maý gijesinde Kiýewe pilotsyz uçarlaryň "adatdan daşary ýygjam" hüjümini gurnady, ýöne olar umuman urlup ýykyldy diýip, häkimiýetler aýtdy.

Kiýewiň häkimi Witali Kliçko telegramda bu hüjüm netijesinde üç adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Ukraina 17-nji maýda Russiýanyň bir gün ozal aýdan sözlerini, Kiýewe garşy gurnalan howa hüjümleri wagtynda Moskwanyň sesden ýüwrük raketasy bilen “Patriot” raketa goranyş ulgamyny ýok edendigi barada eden beýanatyny ret etdi.

"Patriotyň” ykbaly barada alada galmaň" diýip, Ukrainanyň howa güýçleriniň metbugat sekretary Ýuriý Ihnat döwlet telewideniýesine aýtdy.

"Bu ulgamy haýsydyr bir Kinžal [raketasy] bilen ýok etmek mümkin däl ... Olaryň aýdýan zatlarynyň ählisi propaganda arhiwinde galmaly" diýip, Ihnat sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň ady aýdylmadyk iki resmisi “Patriotyň” käbir derejede zyýan çeken bolmagynyň ähtimaldygyny, ýöne onuň ýok edilmändigini we bejerilip bilinjekdigini aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG