Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň içine urulýan zarbalar baradaky habarlaryň arasynda, Gündogar Ukrainadaky söweş dowam edýär


Gündogardaky söweşleriň dowam etmegi bilen, Ukrainanyň Donetsk sebitinde bir raýat öldürildi, 11 adam ýaralandy diýip, ukrain harbylary we ýerli resmiler 31-nji maýda aýtdy.

Donetsk sebitiniň gubernatory Pawlo Kyrylenko ruslaryň atan toplarynyň Horliwkanyň golaýyndaky Çasiw Ýarda bir adamyň ölmegine we sebit boýunça 10 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.

Goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýaryň sözlerine görä, Moskwanyň Donetsk sebitiniň Bahmut şäheriniň töweregindäki hüjümi biraz kiparlan ýaly bolsa-da, Ýaragly güýçleriň baş ştaby özüniň gündelik hasabatynda ukrain güýçleriniň gündogarda ruslaryň 22 hüjümini yzyna serpikdirendigini aýtdy.

Russiýa Harkow sebitiniň Kupýansk we Masýutiwka töwereklerinde, Luhansk sebitindäki Nowoseliwske şäherinde şowsuz hüjüm etdi.

Gündogarda birnäçe aýlap dowam eden söweşiň merkezi bolan Bahmutda, Malýaryň sözlerine görä, rus goşunlary pyýada goşun operasiýalaryny geçirmeýär. Görnüşinden, olar öz güýçlerini täzeden jemleýär, ýöne ukrain pozisiýalaryna top atmaklaryny we howa hüjümlerini dowam etdirýär diýip, goranmak ministriniň orunbasary aýtdy.

Russiýanyň “Wagner” hakyna tutma toparynyň başlygy, Bahmutdaky hüjümlere ýolbaşçylyk eden Ýewgeniý Prigožin geçen hepde öz söweşijilerini bu ýerden çykarýandygyny we şäheri adaty rus güýçlerine tabşyrýandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi “Wagner” söweşijileriniň Bahmut töwereklerinden çykýandygyny, emma öz güýçleriniň şäherde galýandygyny tassyklady.

Prigožin Bahmutyň öz hakyna tutma güýçleriniň öňünde synandygyny öňe sürdi, emma ukrain goşuny onuň aýdanlaryny ret edip, öz güýçleriniň weýran edilen şäheriň demirgazygyndaky we günortasyndaky pozisiýalary eýelemegi başarandygyny aýtdy.

Russiýanyň Krasnodar sebitiniň häkimi Weniamin Kondratýew 31-nji maý güni irden öten agşam bu sebitde ýerleşýän nebit arassalaýan zawodda ýangyn turandygyny aýtdy. Ol bu ýagyna dron zarbasynyň sebäp bolandygyny öňe sürdi.

Häkimiň tassyklamagyna görä, pilotsyz uçaryň uran zarbasy “Afip” zawodynyň nebit guýýan bölümleriniň birinde ýangyna turmagyna getirdi. Kondratýew ejir çekenleriň ýokdygyny aýtdy we soňra ýangynyň öçürilendigini habar berdi.

Russiýanyň Belgorod sebitiniň häkimi 30-njy maý güni giçlik parahat ilat üçin wagtlaýyn gaçybatalga topa tutulanda bir adamyň ölüp, alty adamyň ýaralanandygyny aýtdy. Gubernator Wýaçeslaw Gladkow gaçybatalga gelip uran artilleriýa zarbasyny Ukrainanyň ýaragly güýçlerinden gördi we bu ýerde içerki bosgunlaryň, şol sanda ýaşuly adamlaryň we çagalaryň hem bolandygyny aýtdy.

Ukraina tarapy bu aýdanlara hiç bir düşündiriş bermedi.

Ukrainanyň Luhansk sebitinde, Russiýanyň tasdan doly basyp alan ýerinde Moskwa tarapyndan bellenen häkimiýetler 31-nji maýda ukrain güýçleriniň Karpaty obasyna atan toplarynyň guş fermasynda bäş adamyň ölümine we 19 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolandygyny aýtdylar.

Bu maglumaty garaşsyz garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady we Ukraina oňa hiç bir reaksiýa bildirmedi.

Russiýa 30-njy maýda Kiýewe pilotsyz uçarlaryň täze howa tolkuny bilen zarba urdy, bu üç gün içinde edilen dördünji hüjüm bolup, azyndan bir adamyň ölmegine, birnäçe adamyň ýaralanmagyna getirdi.

Ukrain häkimiýetleri pilotsyz uçarlaryň köpüsiniň paýtagtyň howa goraglary tarapyndan urlup ýykylandygyny aýtdylar. Şu aralykda Moskwa birnäçe bina zeper ýetiren seýrek dron hüjümine sezewar boldy.

30-njy maýda german kansleri Olaf Şolz bilen söhbetdeş bolan Wolodymyr Zelenski rus hüjümleriniň öňüni almak üçin ýurduň howa gorag ulgamlaryny mundan beýläk-de güýçlendirmek barada Ukrainanyň günbatar hyzmatdaşlary bilen geçirýän gepleşiklerini dowam etdirýändigini aýtdy.

Russiýa şol gün Kiýewe güýçli dron uçar hüjümini etdi. Şeýle-de, Russiýanyň Goranmak ministrligi Moskwanyň ýokarysynda sekiz sany pilotsyz uçaryň urlup ýykylandygyny ýa-da öňüniň kesilendigini aýtdy. Moskwa bulary “Kiýew režimi” tarapyndan gurnalan “terrorçylykly hüjümi” diýip atlandyrdy.

Russiýanyň Derňew komiteti bu hüjümler netijesinde hiç kimiň ýaralanmandygyny aýtdy.

Kreml bu hüjümden rus prezidenti Wladimir Putiniň hem habarly edilendigini aýtdy. Soňra Putiniň Ukraina ruslary gorkuzmaga çalyşýar diýendigi habar berildi.

Ukraina özüniň bu hüjüme dahyllydygyny inkär etdi.

Ak tamyň metbugat sekretary Karine Žan-Pýer Waşingtonda ABŞ-nyň Russiýanyň içine edilýän hüjümleri goldamaýandygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi Kiýewe edilen hüjümleri ýazgardy, ÝB-niň metbugat sekretary Piter Stano bu hili hereketleriň ukrain raýatlaryny "seljermezden dowla salýandygyny" aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG