Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň häkimiýetleri azyk nobatlaryny wideo düşürýär


Azyk ýetmezçiligi we ilatyň durmuş derjesiniň peselmegi köp maşgalalary subsidirlenen önümlere doly garaşly edýär. (Arhiw suraty)
Azyk ýetmezçiligi we ilatyň durmuş derjesiniň peselmegi köp maşgalalary subsidirlenen önümlere doly garaşly edýär. (Arhiw suraty)

Türkmenistanda döwlet dükanlarynda subsidirlenen azyk önümleriniň satylmagy paýtagtda-da, ýurduň beýleki ýerlerinde ilat üçin uly waka öwrülýär. Azyk satuwda peýda bolan badyna ýaşaýjylar uly nobatlara düzülýärkä, söwda resmileri gözegçilik çärelerini güýçlendirýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagtdaky azyk söwdasynyň şu günki aýratynlygy barada maglumat berýärler.

Aşgabadyň döwlet dükanlaryndaky azyk söwdasyna gözegçilik edýän resmiler şu günler nobatlary we satuwyň alnyp barlyşyny yzygiderli wideo düşürýär.

Şeýle ýagdaýlaryň birinde 19- njy dekabrda irden Bagtyýarlyk etrabyna degişli 9-njy azyk dükanynda ilata subsidirlenen bahadan 1-nji hilli un satyldy. Bu Söwda ministrliginiň gözegçileriniň gatnaşmagynda alnyp baryldy. Olar söwdany wideo düşürdiler.

Alyjylar bu söwdanyň ozalkysyndan tertipli geçendigini aýdyp, unuň düzgüne görä, her ele 3 kilogramdan satylandygyny gürrüň berdiler. Şeýle-de, alyjylar unuň gapdalyndan adatça goşmaça satylan geçmedik harytlaryň goşulmandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

"Bu gezek barlagçylaryň hut özleriniň gatnaşmaklarynda dükan satyjysy unuň ýany bilen hiç zat goşman, diňe unyn bir özüni arzan bahadan satdy" - diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri Azatlyga gürrüň berdi.

Mundan ozal şol dükanda subsidirlenen bahadan un, çörek diňe wagtal-wagtal satyldy we olaryň ýany bilen köplenç möhleti geçen azyk önümleri, kükürt, okuwçylar üçin depder we hojalyk harytlary guşulyp satylýardy. Alyjylar mundan nägile bolsalar-da, şeýle harytlary unuň gapdalyndan bialaç satyn almaga mejbur bolýardy.

Öz tarapyndan dükandaky satuwa häzir gözegçilik eden söwda resmileri nobatlary wideo düşürmeginiň sebäbini söwdanyň täze tertip-düzgüne görä alnyp barylmagyny üpjün etmek we unuň gapdalyndan başga harytlaryň ýüklenilmezligini kepil geçmek maksady bilen düşündirdiler.

Ilat tarapyndan köp islenilýän çörek, un, ýag ýaly harytlaryň gapdalyndan möhleti geçen ýa-da satuwda geçmedik harytlary goşup satmak tejribesiniň bes edilendigi barada habarçylar ýaňy-ýakynda maglumat beripdi.

2017-nji ýylyň aýagynda başlanan we 6 ýyl bäri dowam edýän azyk ýetmezçiliginiň fonunda girizilen "ýüklenme" tejribesi çörege zar ilaty özlerine gerek bolmadyk zatlary satyn almaga mejbur edipdi. Onsuzam maddy ýagdaýy agyr türkmenistanlylar un-çöregiň ýany bilen möhleti geçen köke, toşap, çüýrük miwe, rezin ädik, bedre, taýsyz şypbyk, telefon kabeli we hatda prezidentiň suratlaryny satyn almaga mejbur edilipdi. Ýüklenmäniň bahasy käte alynýan azygyň bahasyndan has gymmada düşýärdi.

Türkmen häkimiýetleri 6 ýyl bäri dowam edip gelýän azyk krizisini resmi taýdan boýun almaýarlar. Häkimiýetleriň azyk krizisi babatyndaky çäreleri şu çaka çenli esasan gözegçilik bilen çäklendi.

Dekabryň başynda bäri söwda resmileriniň nobatlary wideo düşürmegine degişli ençeme ýagdaý boldy.

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda subsidirlenen azyk paýlary satylanda muňa söwda resmileri, alyjylar jemgyýetleriniň wekilleri we polisiýa işgärleri gatnaşdy we olar çörek nobatlaryny wideo düşürdi.

Şonda barlaglara gatnaşýan söwda resmileriniň biri şol güýçlendirilen gözegçiligiň sebäbini düşündirip, döwlet dükanlarynda barlag geçirip, ýolbaşçylaryna hasabat bermek barada özlerine tabşyrylandygyny mälim edipdi.

Subsidirlenen azyk önümleri döwlet dükanlarynda satylýar we olaryň bahasy bazardakysyndan arzanlar bolýar. Harytlaryň hiliniň köplenç pes bolmagy we ençeme sagatlap nobata durmak ýaly kynçylyklara garamazdan, ilat köpçüligi muňa garaşly bolýar. Işsizlik we ilatyň durmuş derejesiniň peselmegi köp maşgalalary subsidirlenen önümlere doly garaşly edýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG