Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halk Maslahaty: senagat barada strategiýa, ahalteke atlary barada kanun we adamyň hukuklary barada meýilnama kabul edildi

Türkmenistan. Halk maslahatynyň mejlisi (arhiw suraty).
Türkmenistan. Halk maslahatynyň mejlisi (arhiw suraty).

Halk Maslahatynyň 23-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde ýurduň ykdysady we senagat syýasatynyň uzak möhletli ugurlaryny kesgitleýji strategiýa, ýaşlara syýasatyna degişli maksatnama, adam hukuklaryna degişli meýilnama we ahalteke atlary barada kanun kabul edildi.

Neşir edilen resmi maglumatlara görä, ýurduň iň ýokary wekilçilik maslahatynyň ýyllyk mejlisinde kabul edilen möhüm kararlaryň arasynda Türkmenistanyň senagat ösüşiniň Milli strategiýasynyň tassyklanmagy görkezilýär. Senagat ösüşiniň uzak möhletli strategiýasy 2030–2045-nji ýyllar üçin niýetlenýär.

Ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna degişli kararlaryň arasynda adam hukuklary we ýurduň halkara borçlaryny durmuşa geçirmegi agzaldy.

Meýilnama görnüşindäki Adam hukuklary boýunça Milli hereketleri 2026–2030-njy ýyllar üçin niýetlenýär. Onuň adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek we goramak, şeýle hem Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça çärelerini göz öňünde tutýandygy resmi habarda aýdyldy.

Adam haklary barada meýilnama, ahalteke atlary barada kanun

Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegini, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutýan bu meýilnama ýurduň adam hukuklaryny gödek depelemekde berk tankyt edilmeginiň arasynda kabul edildi. Halkara guramalary, şol sanda BMG Türkmenistany halkara borçlaryny berjaý etmäge ýyllarboýy yzygiderli çagyryp gelýär.

Mejlisde agzalan kararlaryň ýene biri bilen Türkmenistan "hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasat ugruny mundan beýläk-de ösdürjegini" yglan etdi.

Ýurduň geljekki ýyllar üçin ýaşlar syýasaty hem kesgitlendi we bu ugurdan 2031-nji ýyla çenli döwlet maksatnamasy kabul edildi.

Mejlisde kanun görnüşde kabul dilen karar Ahalteke bedewlerini döwlet tarapyndan goralmagyna degişli boldy. Bu kanunyň kabul edilmegi bilen atçylyk döwletiň ileri tutýan ugry bolmagynda galýar.

Durmuş kynçylyklary

Halk Maslahatynyň şu ýylky mejlisi ilatyň durmuş derejesiniň peselmegi, harytlaryň gymmatlamagy, işsizligiň we zähmet migrasiýasynyň ýokarlanmagy ýaly agyr durmuş-ykdysady kynçylyklaryň arasynda geçirilýär.

Döwlet mediasynda şu ýylky mejlis barada çap bolan maglumatlarda Halk Maslahatynda Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ägirt uly işleriň amala aşyrylandygy, ähli ugurlarda uly üstünlikleriň gazanylandygy aýdylypdyr, emma problemalar ýene-de agzalmandyr.

Türkmenistanyň öňki prezidenti we häzirki prezidentiň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Halk Maslahaty Türkmenistanyň iň ýokary wekiller organy bolup, onuň ýylda geçirilýän mejlislerinde möhüm döwlet kararlary yglan edilýär, şeýle-de ilatyň durmuşyna gönüden-göni täsir ýetirýän teklipler öňe sürülýär.

Ozalky ýyllarda, ilat üçin gaz, suw, tok ýeňilliklerini ýatyrmak, aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek ýaly teklipler öňe sürlüp, durmuşa geçirilipdi.

23-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynda baýramçylyk seneleri barada aýratyn karar kabul edildi - Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny 27-29-njy sentýabr aralygynda üç günläp bellär.

Türkmen häkimiýetleri bu senäni giňden bellemek üçin uly taýýarlyk görýärler. Güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda köçelerde raýatlaryň dokumentleri barlanýar, awtoulaglar saklanýar, paýtagta barýan ýollarda berk gözegçilik edilip, welaýat belgili hususy ulaglar geçirilmeýär.

Bu aralykda baýramçylyk ýörişlerine gatnaşdyryljak müňlerçe adam bir aý bäri günde surnukdyryjy maşklary ýerine ýetirip taýýarlyk görýär. Döwlet edaralarynda işgärlerden Garaşsyzlyk baýramyna maliýe goşant goşmak talap edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG