Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CNPC-niň bildirişini eşidip, işe ýerleşmekçi bolýan ýolötenliler ýerli edara 'boş gatnaýarlar'

Hytaýyň "CNPC" kompaniýasynyň Galkynyş gaz käninde gurup, 2013-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda işe girizen gazy gaýtadan işleýän zawod. Türkmenistan
Hytaýyň "CNPC" kompaniýasynyň Galkynyş gaz käninde gurup, 2013-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda işe girizen gazy gaýtadan işleýän zawod. Türkmenistan

Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasynyň (CNPC) Ýolötendäki edarasynyň öňünde şu günler iş gözläp baran adamlar üýşýär. Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň 17-nji maýda beren maglumatlaryna görä, bu ýagdaý hytaý kompaniýasynyň "Galkynyş" gaz ýatagynda täze taslamany durmuşa geçirmek üçin işgär alýandygy barada bildiriş çap etmeginiň yzýany döräpdir.

"Iş orunlary açyldy diýen täzelikleri eşiden işsiz adamalar işe ýerleşmek üçin Ýolöten etrabyna ir bilen baryp, dokument tabşyrjak bolup derwezäniň öňünde üýşüp durýar. Barýan adamlar birnäçe sagatlap gapynyň öňünde şol filialyň ýolbaşçylaryna garaşyp durýarlar" diýip, ýolötenli çeşme gürrüň berdi we bu ýere işe ýerleşmek tamasy bilen barýan käbir adamlaryň geçen hepdeden bäri günde gatnaýandygyny belledi.

Media maglumatlarynda 12-nji maýda çap bolan bildirişlerde "CNPC Amudarýa Petroleum Kompani Ltd.-niň" Türkmenistandaky şahamçasy "Galkynyş" gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyrynyň guýularyny we tebigy gazy taýýarlaýjy desgasyny taslamak we gurmak boýunça taslamada işlemäge işgärleri kabul edýär diýlip yglan edilipdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen çeşmeler Mary welaýatyň Ýolöten etrabynda CNPC kompaniýanyň 1-nji bazasynyň ýerleşýändigini aýdyp, geçen hepdäniň penşenbe güni bu edaranyň gapysynda iş isleýänlerden dokumentleri kabul etmegiň bes edilendigi barada bildirişiň asylandygyny gürrüň berdiler. Olaryň sözlerine görä, şol bildirişde işe ýerleşmek üçin anketalary edaranyň Aşgabatdaky ofislerine tabşyryp bolýandygy aýdylýar.

'Ýol söküp, edara bardym'

Iş gözläp baran adamlar bu talapdan habarsyz bolup, uzak ýol söküp göni edara barandygyny gürrüň berdiler.

"Adamlary günde gatnatman göni aýtsalar bolmazdymy" diýip işe ýerleşmäge baran adam Maryda ýaşaýandygyny we günde Ýolötene barmak üçin 50 manat ýol çykdajysyny çykarandygyny aýtdy. "Pulum ýok, boş ýere çykdajy etdim" diýip ol işe ýerleşip bilmändiginden zeýrendi.

Işe ýerleşmek üçin Ýolötene baran adamlaryň arasynda başga welaýatlaryň ýaşaýjylary hem bar.

"Ýolötende bir hepde bolup, ýatmak üçin ýer gözlemeli boldy. Indi Aşgabada dokument tabşyrmak üçin ýol kireý gözlemeli boldy" diýip, başga welaýatdan baran türkmenistanly aýtdy. "Emma dokument tabşyranymyz bilen işe alynjagymyz belli däl" diýip, sözüne goşdy.

Azatlyk Radiosy CNPC kompaniýasynyň Türkmenistandaky proýektleri üçin işe ýerleşmegiň tertibi barada guramanyň özünden telefon arkaly resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.

Türkmen metbugatynda çap bolan maglumatda söhbetdeşlige diňe deslapky saýlawdan üstünlikli geçen dalaşgärleriň çagyrylýandygy we anketalaryň bildirişde görkezilen Aşgabatdaky adrese ugradylmalydygy aýdylypdy.

Hödürlenýän iş orunlary

Bildirişe görä, açyk iş orunlaryna wezipeleriň ençemesi hödürlenýär: hukukçylar, maliýe boýunça hünärmenler, işgärler we satyn alyşlary guramak boýunça hünärmenler, inženerler, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmenler, buraw işlerini dolandyrmak boýunça inženerler we hünärmenler, awiapetekler, aeroportlar, kurýer gullugy, arhiw, wiza, aktiwler bilen işlemek ugurlary boýunça iş ýöredijiler, IT-tehnikler, sürüjiler, kätipler we terjimeçiler, kabulhana işgärleri, goragçylar, arassaçylyk işgärleri, şeýle hem aşpez kömekçileri.

Iş ýerleri Aşgabatda we Maryda göz öňünde tutulýar. Ähli dalaşgärlere bildirilýän hökmany talap — degişli hünär boýunça üç ýyldan az bolmadyk iş tejribesi, şeýle hem rus dilini suwara bilmekdir. Hytaý dilini bilmek makullanýar diýlip, türkmen mediasynda çap bolan bildirişde aýdylýar.

CNPC-niň resmi maglumatyna görä, ol soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda 10 müňden gowrak iş ornuny döredipdir. "Häzirki wagtda kompaniýanyň 3500-den gowrak ýerli işgäri bar. CNPC 56300-den gowrak ýerli işgäri üçin okuw geçirdi. Her ýyl CNPC Hytaýyň içindäki nebit känlerinde okuw we meýdan okuwlaryny geçmek üçin ýerli işgärleri saýlap alýar we işe ýerleşdirýär. Häzirki wagta çenli kompaniýada 100-den gowrak ýerli işgär orta derejeli dolandyryş wezipelerini eýeleýär" diýlip maglumatda aýdylýar.

CNPC-niň websaýtynda Amyderýa tebigy gaz taslamasy barada ýerleşdirilen maglumata görä, taslamanyň gurluşygy 2007-nji ýylda başlanyp, 1-nji tapgyry 2009-njy ýylda işe girizilipdir.

Türkmen metbugatynda 12-nji maýda çap bolan maglumatlarda "Galkynyş" gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça taslamanyň ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge niýetlenendigi aýdyldy.

Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasy (CNPC) 2002-nji ýylda Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna maýa goýup başlady. Resmi maglumata görä, häzirki wagtda hytaý kompaniýasy Türkmenistanda nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek, nebit ýataklarynyň hyzmatlary, nebit enjamlaryny satmak we tebigy gaz söwdasy bilen meşgullanýar.

Hytaý Türkmenistanyň tebigy gazynyň esasy hyrydary bolup, gazy 2009-njy ýylda gurlan gazgeçiriji arkaly import edýär.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistan Hytaýa akdyrýan gazynyň möçberini ýarym esseden gowrak artdyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi we ýurtda hytaýly hünärmenleriň dowam edýän işiniň ‘giňeldiljekdigini’ aýtdy. Bu barada öňki prezident, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, 17-19-njy mart aralygynda Pekine eden sapary boýunça, Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki CGTN telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

"Biznes Türkmenistan" neşirine görä, 2009-2026-njy ýyllar aralygynda Hytaýa iberilen türkmen tebigy gazynyň umumy möçberi 460 milliard kubmetre ýetipdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG