Ahal welaýatyndaky gümrük nokatlarynda daşary ýurtlardan gelýän ýük ulaglarda geçirilýän barlaglar güýçlendirilip, olar jikme-jik barlanýar. Gümrük nokatlaryndaky çeşmelerimiz barlaglaryň güýçlendirilmegini “ýurduň çägine neşe serişdelerini getirýän ulaglary we telekeçileri” anyklamak çäreleri bilen düşündirýärler. Barlaglarda neşe serişdeleri bilen ilteşikli birnäçe telekeçiniň saklanandygy hem aýdylýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.
“Indi iki hepde gowrak wagt bäri ‘Aşgabat’, ‘Täze Galkynyş’ we ‘Beýik Serdar ýoly” gümrük nokatlarynda türkmen telekeçileri tarapyndan daşary ýurtlardan ýük getirýän ulaglar berk barlanýar. Bu barlaglara diňe gümrük gullugynyň işgärleri däl, eýsem beýleki güýç gulluklaryň ofiserleri hem gatnaşýar” diýip, gümrük gullugyndaky çeşmämiz aýtdy.
Aşgabadyň etegindäki bu gümrük nokatlary Ahalyň Ak bugdaý etrabynda, Garagum derýasyndan 3000 metr çemesi demirgazykda Änew-Daşoguz aýlaw ýolunyň gündogar tarapynda ýerleşýär. Bu ýerde daşary ýurtlardan, şol sanda Eýrandan, Türkiýeden gelýän ýük ulaglary barlagdan geçirilenden soň, olardaky ýüküň ýurduň içinde ulanylmagyna rugsat berilýär.
Gümrük nokatlaryndaky biri-birinden habarsyz birnäçe çeşmämiz barlaglaryň güýçlendirilmeginiň sebäbini ýurduň çägine neşe serişdelerini getirýän ulaglary we telekeçileri” anyklamak çäreleri bilen düşündirýärler.
“Agyr neşe serişdesiniň ýüküň arasy bilen geçirilýänligi we ýurduň içinde ýaýradylýanlygy sebäpli güýç gulluklarynyň işgärleri tarapyndan berk derňelýär we barlanýar. Ynsanyň dem alyş ýollary bilen beýine täsir edýän we adamy beýhuş edýän, düzüminde adam saglygyna howp salýan jisimli ýelimler we derman serişdeleri hem gözlenýär” diýip, gümrük nokadyndaky ýene bir çeşmämiz bular barada özlerine jikme-jik maglumat berilmeýändigini hem belledi.
“Eýýäm birnäçe telekeçi saklandy...”
Çeşmelerimiz barlaglaryň netijesinde güýç gulluklaryň işgärleri tarapyndan eýýäm birnäçe telekeçiniň saklanandygyny, olaryň ýüküň arasynda neşe serişdelerini getirmekde aýyplanýandygyny hem aýtdylar.
“Golaý wagtlarda tele-ýaýlymlarda şol ele düşen telekeçileriň aglap, günälerini geçmeklerini sorap duran wideo ýazgylaryny görkezmeklerine garaşylýar” diýip, çeşmämiz ele salnan telekeçileriň takyk sany barada häzirlikçe maglumatyň ýokdugyny hem belledi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda ele salnan bikanun neşe serişdelerini we temmäki önümlerini ýakyp ýok etmek kampaniýasyny wagtal-wagtal geçirýärler. Şeýle-de munuň çäginde Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesi neşe serişdeleriniň bikanun söwdasyny etmekde aýyplanýan ýurt raýatlarynyň öz-özlerini ýazgarýan, käte aglaýan we toba edýän çykyşlaryny görkezýär. Şol bir wagtda, Türkmenistan öz döwlet araçäklerinde ele salynýan neşe serişdeleri barada anyk maglumatlary çap etmeýär.
Barlaglaryň telekeçilere ýetirýän täsirleri
Bu aralykda, çeşmelerimiz we telekeçileriň ençemesi jikme-jik barlanýan ýük ulaglaryň gümrükde köp saklanýandygyny we munuň kanuna tabyn telekeçileriň köpüsine ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdýarlar.
“Bu ýagdaý, daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň, şol sanda sitrus miweleriň ýaramlylyk möhletiniň geçmegine we çüýräp başlamagyna getirýär. Mundan başga-da, her gün gümrükde saklanýan ýük ulagy üçin goşmaça döwlet pajyny tölemeli bolup, artykmaç maddy çykdajy bolýar” diýip, Eýrandan azyk önümlerini import edýän aşgabatly telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Telekeçiler bularyň özleriniň goşmaça maddy çykdaja galmagyna, import edýän azyk önümleriniň zaýalanmagyna we netijede özleriniň telekeçilik işiniň tozamagyna getirýändigini hem belleýärler.
“Öňden gelýän korrupsiýa möwjeýär”
Şeýle-de, olar gümrük gullugynyň işgärleriniň bu ýagdaýlardan peýdalanýandygyny aýdyp, öňden bäri dowam edip gelýän korrupsiýanyň indi möwjeýändigini belleýärler.
“Mundan öň ähli resminamalar düzüw bolsa-da, her ulagy tizräk barlagdan geçirip bereni üçin, gümrük gullugynyň jogapkär işgärine her ýük ulagy üçin näresmi 100 amerikan dollaryny para hökmünde nagt tölemeli bolýardyk. Häzirki wagt telekeçileriň her bir ýük ulagyny tizräk barlagdan geçirtmek üçin tölemeli parasynyň möçberi 400-500 amerikan dollaryna barabar boldy” diýip, ahally ýene bir telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Telekeçiler sözlerine görä, olaryň köpüsi her gün üçin döwlet pajyny tölemegiň deregine para bermegi saýlap alýar. Olar munuň sebäbini paranyň öwezine on müňlerçe dollarlyk azyk önümlerini halas edýändikleri bilen düşündirýärler.
Türkmen häkimiýetleri gürrüňi edilýän barlaglar we olaryň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýärler. Iki hepde gowrak wagt bäri dowam edýän bu çäreler barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda, şol sanda Gümrük habarlary bölüminde hem haýsydyr bir maglumat çap edilmändir. Adatça bolşy ýaly, bu ýagdaýlar barada ýurduň metbugat serişdelerinde hem habar berilmeýär.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Döwlet gümrük gullugyndan teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi. Redaksiýamyzyň 3-nji noýabrda gullugyň web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Ahaldaky waka, türkmen häkimiýetleriniň ýene bir gezek "nas söweşine" başlan, nas satýan adamlaryň birnäçesiniň tussag edilen mahalyna gabat geldi. Bu barada Azatlygyň Lebap welaýatyndaky çeşmeleri 2-nji oktýabrda maglumat berdiler.
Türkmenistanda 2007-nji ýylda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň, häkimiýetler neşe serişdelerine garşy göreşi güýçlendirdiler. Emma Azatlygyň habarçylary, ýerli synçylar soňky ýyllarda ýagdaýyň ýitileşip başlandygyny, ýaşlaryň arasynda, dermanhanalarda tapdyrýan güýçli psihotrop neşe serişdeleriniň ulanylmagynyň giňden ýaýraýandygyny habar berip gelýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum