Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda we Maryda esgerler pagtany bilkastlaýyn otlamakda aýyplanýar, urup-ýençmeler barada habar berilýär

Türkmenistanda esgerler pagta ýygýar. (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanda esgerler pagta ýygýar. (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Lebap we Mary welaýatlarynda harby gullukdaky esgerler tarapyndan ýygnanan pagtanyň ot almagynyň yz ýanynda, esgerlere ýangynlar bilen baglylykda haýbat atylýar. Olar pagtany bilkastlaýyn otlamakda aýyplanýar. Lebapdaky wakalaryň birinde esgerleriň köpçülikleýin urlup-ýenjilendigi habar berilýär. Bu ýagdaýlar barada esgerleriň ene-atalarynyň we harby çeşmelerimiziň birnäçesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçylaryna gürrüň berdi.

Lebabyň Dänew etrabynda gulluk edýän we Hojambaz etrabyndaky pagta meýdanlaryna ýatymlaýyn pagta ýygymyna alnyp gidilýän esgerleriň birnäçesiniň ene-atasynyň aýtmagyna görä, soňky bir hepdeden hem az wagtyň dowamynda bu ýerde esgerleriň ýygan pagtasy ot aldy.

“Meýdandaky 50-den gowrak esgeriň ýygnan pagtasy ertesi gije ýanypdyr. Şondan soň serkerdeler oglumy we onuň gullukdaşlaryny hatara düzüp, gije pagta meýdanynyň içinde soraga çekipdirler, olara haýbat atyp, urupdyrlar. Oglumyň aýtmagyna görä, ofiser teninde yz galmaz ýaly edip, içine depipdir. Oglum gije aglap jaň etdi” diýip, aşgabatly ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ene-atalaryň sözlerine görä, harby ofiserler esger ogullaryny pagtany bilkastlaýyn otlamakda aýyplap, olara dürli haýbatlary hem atýarlar.

“Siz pagta gelmejek bolup, pagtany ýörite oda berdiňiz”

“Siz pagta ýygymyna gelmejek bolup, pagtany ýörite oda berdiňiz. Döwletiň emlägini zaýalanyňyz üçin jogap berersiňiz ýa-da sizi sabotažda aýyplarys diýip, haýbat atypdyrlar. Ýöne oglum pagtanyň nädip ýanandygyny hiç kimiň bilmeýändigini aýtdy” diýip, lebaply ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli häkimiýetlerden, şol sanda Lebabyň harby wekilliklerinden, şeýle-de agzalan etraplaryň häkimliklerinden teswir alyp bilmedi. Redaksiýamyzyň 22-nji oktýabrda Lebap welaýat häkimliginiň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Ýöne bu waka, sosial ulgamlarda, şol sanda Instagramda we TikTokda esgerleriň ýygan pagtasynyň ot alyp, ýanandygy barada wideolaryň paýlaşylýan mahalyna gabat geldi.

20-21-nji oktýabrda paýlaşylan wideolarda “esgerlerimiziň ýygan pagtasy ýanyp başlady” diýilse-de, ýangynyň nirede we haçan bolandygy barada maglumat berilmeýär. Ýöne wideolarda takmynan ýüzlerçe metr kwadrat meýdanda depe-depe bolup üýşürilip goýlan pagtanyň bir tarapyndan ýanyp başlandygyny görse bolýar.

Türkmen häkimiýetleri adatça bolşy ýaly bu ýagdaýlar barada kelam agyz söz aýtmaýarlar. Bu barada ýurduň Oba hojalygy ministrliginiň web sahypasynda hem hiç bir maglumat göze ilmeýär. Resmi metbugatda hem ýangyn barada hiç hili gürrüň gozgalmaýar.

Bu aralykda, Marynyň harby bölümleriniň birindäki çeşmelerimiz welaýatyň pagta meýdanlarynyň birinde hem esgerleriň ýygan pagtasynyň ot alandygyny aýdýarlar. Olar sebitde hem pagta ýygymyna çekilen esgerlere ýangyn bilen baglylykda haýbat atylýandygyny bellediler.

“Ýangynlaryň bilkastlaýyn döredilendigi barada çaklama...”

“Ýygnalan pagtanyň kim tarapyndan ýakylýandygyny anyklamak üçin ýokardan ofiserlere tabşyryk berildi. Ýangynlaryň bilkastlaýyn döredilendigi barada çaklama bar, sebäbi ýurt boýunça esgerler pagta çykmagy bilen şeýle hadysalar dessine köpeldi” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Türkmenistanda resmi derejede 9-njy sentýabrda we näresmi derejede awgustyň ilkinji ongünlüginde başlan pagta ýygymyna býujet işgärleri bilen bir hatarda, esgerler köpçülikleýin we mejbury çekilýär.

Berk döwlet gözegçiligindäki resmi metbugatda pagta ýygymy möwsüminde ýygymçylaryň işlemegi we dynç almagy üçin “ähli şertleriň döredilendigi” öňe sürülýär.

Ýöne esgerleriň pagta meýdanlaryndaky agyr şertleri, şol sanda azyk, suw we arassaçylyk üpjünçilikleriniň ýaramazdygy barada Azatlygyň habarçylary awgust aýynyň başyndan bäri ençeme gezek habar berdiler. 5-nji awgustda pagta meýdanlarynda kanalyň bulanyk suwuny içen esgerleriň keselleýändigi barada maglumatlar gelip gowuşdy.

Sentýabryň ahyrynda bolsa, Ahal we Balkan welaýatlarynda gulluk geçýän esgerleriň ene-atlary meýdandaky esgerlerden günde 50 kilogram pagta tabşyrmagyň talap edilýändigini, bu möçberi ýygnap bilmeýänleriň bolsa nahardan we ýuwunmak mümkinçiliginden mahrum edilýändigini gürrüň berdiler.

Türkmen hökümeti adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara toparlar tarapyndan oba hojalygy pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda ýyllarboýy tankyt edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Halk Maslahatynda eden çykyşynda şu ýyl ýurt boýunça 1 million 250 müň tonna pagta tabşyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG