Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Mojtaba Hameneýiň ýokary liderlige saýlanmagyndan soň, Ysraýyla we Pars aýlagy ýurtlaryna zarba urdy

Eýranda Mojtaba Hameneýi ýokary lider hökmünde yglan edildi.
Eýranda Mojtaba Hameneýi ýokary lider hökmünde yglan edildi.

Eýran Mojtaba Hameneýi ýokary lider diýip yglan edenden soňky ilkinji sagatlarda Ysraýyla we Pars aýlagyndaky arap ýurtlaryna garşy raketa hem-de dron hüjümlerini amala aşyrdy. Bu ýurtlar Tähranyň jogap zarbalaryna barha güýçli nägilelik bildirip başladylar.

Eýranyň döwlet teleradiokompaniýasy IRIB 9-njy martda irden Telegramda: “Eýran basylyp alnan territoriýalara garşy Aýatolla Seýýed Mojtaba Hameneýiň ýolbaşçylygynda raketalaryň ilkinji tolkunyny goýberdi” diýip ýazdy.

Ýazga “Buýrugyňyzda, Seýýid Mojtaba” diýen sözler ýazylan bir ok-däri şekili goşuldy.

Döwlet mediasy “basylyp alnan territoriýalaryň merkezinde güýçli partlamalaryň eşidilendigini” habar berdi. Ysraýyl howp sowlandygy yglan edilmezden öň hüjümlerde bir zenanyň orta agyrlykda ýaralanandygyny aýtdy.

Saud Arabystany, Katar, Kuweýt, Bahreýn, Birleşen Arap Emirlikleri we Yrak gije öz ugurlaryna raketalaryň we dronlaryň gelendigini habar berdiler. Bu hüjümler Tähranyň zarbalary güýçlendiren we ABŞ-Ysraýyl Eýrana garşy urşunyň sebit boýunça has giňelýän döwrüne gabat geldi.

Ýarygije edilen bildiriş

9-njy martda ýarygijeden soň gysga wagtda Eýran aşa berk syýasatyň tarapynda çykyş edýän Mojtaba Hameneýi marhum kakasy Aýatolla Ali Hameneýiň ornuna ýokary lider diýip yglan etdi. Bu karar ony ABŞ-nyň we Ysraýylyň harby güýçleriniň göni nyşanasyna öwrüp biler.

86 ýaşly uly Hameneýi 28-nji fewralda ABŞ we Ysraýyl Eýrana garşy urşa başlan wagty öldürilipdi. ABŞ-nyň we Ysraýylyň resmileri, şol sanda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp, täze saýlanjak islendik lideriň hem öňkiniň ykbalyny gaýtalap biljekdigini aýtdy.

“Kabul edip bolmajak saýlaw”

Tramp ozal, kakasynyň ýerini tutup biljek esasy dalaşgär hasaplanan Mojtaba Hameneýini “kabul edip bolmajak saýlaw” diýip häsiýetlendiripdi. Şeýle hem ol Tähranyň saýlajak islendik şahsyýetiniň Waşington üçin kabul ederlikli bolmalydygyny nygtapdy.

Tramp ABC News teleýaýlymyna “eger ol [indiki ýokary lider] biziň makullamagymyzy almasa, uzak durup bilmez” diýdi. Ol bu wezipe üçin “laýyk bolup biljek köp adamyň bardygyny” hem sözüne goşdy.

Eýranyň yslam rewolýusiýa sakçylary korpusy Hameneýi saýlanandan dessine oňa goldaw bildirip, ygrarlydygyny aýtdy. Onuň bu berk ugurly harby gurluş bilen ýakyn gatnaşygynyň bardygy hasaplanylýar. Adaty ýaragly güýçleriň başlygy hem bu ädime goldaw bildirdi. Bu karar berk ugurly toparlaryň ýeňşi hökmünde häsiýetlendirildi.

Eýranyň kazyýet häkimiýetiniň başlygy Gholamhuseýn Mohseni Ežei Hameneýiň saýlanmagyny “şatlygyň we umydyň çeşmesi” diýip atlandyrdy.

56 ýaşly Hameneýi ýokary lider hökmünde ähli syýasy we harby meselelerde soňky söze eýe bolar. Şeýlelikde, ol ýurtda iş ýüzünde çäksiz häkimiýetiň eýesidir.

Tramp Hameneýi barada yglan edilenden gysga wagt soň Times of Israel neşirine beren söhbetdeşliginde bu üýtgeşme barada göni teswir bermekden saklanyp, diňe: “Näme boljagyny göreris” diýdi.

Eýran Pars aýlagy ýurtlaryny nyşana aldy

Bildirişiň yzy bilen, Eýran Pars aýlagy sebitiniň ýurtlaryna raketalaryň we dronlaryň giň tolkunyny atdy.

Iň uly zyýan çeken hüjümleriň biri Pars aýlagyndaky kiçi ada döwleti Bahreýnde bolana çalym edýär. Bu ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi 9-njy martda eýran dron hüjümleriniň 32 parahat ýaşaýjyny ýaralandygyny aýtdy.

Ministrligiň maglumatyna görä, ýaralananlaryň dördüsi, şol sanda çagalar hem, agyr ýagdaýda.

Reutersiň habar bermegine görä, soňra şaýatlar Bahreýniň Bapco nebit gaýtadan işleýiş zawodynyň ýerleşýän tarapyndan goýy tüssäniň göterilýändigini görendiklerini aýtdylar. Bu zawod dört gün ozal hem eýran raketalarynyň hüjümine sezewar bolup, çäkli zeper çekipdi.

9-njy martda Kataryň paýtagty Doha şäherinde hem partlamalar boldy. Eýran Pars aýlagy boýunça giň gerimli jogap zarbalaryna başlaly bäri bu şäher hem raketa we dron tolkunlarynyň nyşanasyna öwrüldi.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrligi Eýranyň dowam edýän hüjümleriniň ýagdaýy has-da ýitileşdirjekdigini we gatnaşyklara “häzir hem, geljekde hem çynlakaý täsir” ýetirjekdigini aýtdy. Ministrlik “birnäçe arap ýurduna garşy açyk eýran hüjümlerini, olaryň netijesinde parahat ilatyň, möhüm desgalaryň we diplomatik wekilhanalaryň nyşana alynmagyny” ýazgardy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti howpsuzlyk aladalary sebäpli Riýaddaky ilçihanada işleýän zerur bolmadyk diplomatik işgärlere we olaryň maşgala agzalaryna Saud Arabystanyny terk etmegi tabşyrdy.

Bu aralykda, habarçylarymyzyň we çeşmelerimiziň tassykaýşy ýaly, bu zarbalaryň fonunda Türkmenistanyň syýahatçylyk agentlikleri 5-nji martdan başlap, Saud Arabystanyna haj zyýaratyny gurnamak işlerini togtatdylar. Habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň käbiri öňünden kesgili senä alnan zyýaratlaryň hem ýatyrylandygyny aýtdy.

“Syýahat agentlikleri haja gitjekleriň kabul eden dokumentlerini yzyna berýär we geçirilen tölegleriň tapgyrlaýyn esasda gaýtaryljakdygyny aýdýar. Ýöne dokument, bilet üçin harçlan pullarymyzyň ählisini elimize almadyk. Haja gitmek üçin ortaça 3 müň dollar tabşyrmaly we gapdalyndan toplamaly beýleki hat-petekler üçin hem çykdajy etmeli. Käbir adamlar pullary bilen birlikde, tabşyran dokumentleriniň hem berilmeýändigini aýdýar. Resmi wekiller her gezeginde ‘ýakynda ähli zat belli bolar’ diýip goýberýärler. Adamlar pullarynyň köýmeginden aladalanýar” diýip, 9-njy martda anonim gürleşen bir aşgabatly gürrüň berdi.

Yrak Kürdüstan sebitine zarba uruldy

Bu aralykda, eýran dronlary Yragyň Kürdüstan sebitindäki Irbiliň golaýynda ýerleşýän ABŞ harby bazasynyň töweregine zarba urdy diýip, howpsuzlyk çeşmeleriniň maglumatynda aýdylýar. Şeýle hem howpsuzlyk güýçleri Bagdat howa menziliniň golaýyndaky ABŞ diplomatik nokadyny nyşana alan dronlaryň we raketalaryň bir toparynyň öňüni alandygyny aýtdylar.

Öz ýurduny meýletin terk eden müňlerçe eýranly kürt ýarym awtonom Yrak Kürdüstan sebitinde bazalary döretdiler. Eýran kürtleri gatnaşyklaryny saklasalar-da, bu sebitdäki yrak kürtlerinden aýry öz ýaragly toparlaryna eýedirler.

Maglumatda Eýranyň içinde we daşynda ýerleşýän eýran kürtleriniň Tährandaky režime garşy hüjüme geçip biljekdigi aýdylýar. Emma Tramp kürtleriň ABŞ-Ysraýyl tagallasyna goşulmagyny islemeýändigini aýtdy. Tramp olaryň “ýaralanmagyny ýa-da öldürilmegini” hem-de ýagdaýyň has çylşyrymlaşmagyny islemeýändigini belledi.

Ysraýyl 9-njy mart giçlik täze ýokary lider baradaky bildirişden soň, Eýranyň merkezindäki “režim infrastrukturasyna” garşy zarbalaryň tolkunyny amala aşyrandygyny aýtdy.

Ysraýylyň Goranmak goşuny (IDF) “ysraýyl güýçleriniň Eýranyň merkezindäki eýran terror režiminiň infrastrukturasyna garşy goşmaça zarbalar tolkunyna başlandygyny” habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde Ýakyn Gündogaryň nebit pudagyndaky we deňiz daşamalaryndaky bökdençlikler 8-nji martda nebit bahalarynyň 25 göterimden gowrak ýokarlanmagyna getirdi. Bu bolsa dünýä ykdysadyýeti üçin howply ösüş hökmünde görülýär.

Tramp çig nebit bahasynyň ýokarlanmagyny Eýranyň ýadro howpuny ýok etmek üçin “tölemäge degýän kiçi baha” diýip atlandyrdy. Tramp bilen Ysraýyl Eýrany ýadro ýaragyny döretmek synanyşygynda aýyplaýar. Tähran öz maksatnamasynyň diňe parahatçylykly, raýat maksatlydygyny öňe sürýär.

Türkmenistanda dymylýan “häzirki ýagdaý”

Bu aralykda, Eýranyň demirgazyk goňşusy Türkmenistanyň häkimiýetleri, bu ýurtdaky dowam edýän urşy henizem göni agzamakdan saklanýar, döwletiň berk gözegçilik astyndaky mediasy hem regiondaky özgertmeler barada dymmagyny dowam edýär.

7-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen telefonda söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda, jikme-jiklikler getirilmezden, “Ýakyn we Orta Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaýyň” ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdylýar.

Mundan başga, baş türkmen diplomaty Azerbaýjanyň çägine amala aşyrylan “soňky howa hüjümleri” bilen baglylykda, döwletleriň özygtyýarlylygyny hormatlamak ýaly BMG-niň Tertipnamasynyň esasy ýörelgesiniň bozulmagyna ýol berilmezligini nygtapdyr. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 7-nji martdaky beýanatynda Meredowyň anyk haýsy “howa hüjümini” göz öňünde tutandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Emma Azerbaýjan tarapynyň beýanatynda, telefon söhbetiniň dowamynda eýran dronlarynyň Azerbaýjanyň Nahçywan awtonom sebitine hüjüm etmegi bilen baglylykda dörän ýagdaýlaryň gürrüň edilendigi aýdylýar.

Azerbaýjanyň Döwet habar gullugynyň maglumatyna görä, ministr Jeýhun Baýramow dron hüjümleri boýunça jikme-jik maglumatlary hödürläpdir we Azerbaýjanyň territoriýasyna edilen bu hüjümiň halkara hukugynyň kadalaryna we ýörelgelerine çapraz gelýändigini belläpdir.

Türkmen ministri häzirki ýagdaýyň alada esas berýändigi baradaky fakta ünsi çekdi diýip, azeri tarapynyň maglumatynda bellenilýär, emma Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanynda aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG