Prezident Donald Tramp ABŞ-nyň urşy bes etmek üçin ylalaşyk barada "Eýrandaky dogry adamlar bilen gürleşýändigini" aýtdy, Tähran bolsa Ysraýyla we Kuweýte hüjüm etdi, ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sebite ýene müňlerçe esgeriň ugradylyp biljekdigini habar berdiler.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň ýadro programmasy boýunça "ylalaşyk baglaşmagy" üçin çagyryşyny gaýtalady we bolmasa ýurduň geçen ýyl ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýranyň ýadro merkezlerine eden howa hüjümlerinden "has erbet hüjüm" bilen ýüzbe-ýüz boljagyny aýtdy.
ABŞ-nyň uçarly gämileriniň topary 27-nji ýanwarda Ýakyn Gündogara bardy. Bu protestleri rehimsiz basyp ýatyran Eýrana garşy hüjümiň ähtimallygy bilen baglanyşykly dartgynlylygyň güýçlenýän wagtyna gabat geldi.
Eýranda internetiň tutuş ýurt boýunça kesilmegi bilen bagly ýagdaý saklanýar, bu aralykda soňky protestlerde ölenleriň sany artýar we hasabatlaryň birinde ölenleriň sanynyň 30 000 adamdan geçen bolmagynyň äthimaldygy aýdylýar.
Birleşen Ştatlar Eýranda geçýän soňky protestleriň Tähranyň aýdyşy ýaly daşary ýurtlaryň täsirinden däl-de, režimiň "ýalňyş dolandyryşynyň" netijesinde dörändigini aýdýar, soňky ýyllarda yslam respublikasyna iň uly howp salan bu zorlukly basyşlarda ölenleriň sany artýar.
Eýran şu hepde internet çäklendirmelerini ýatyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy, hökümete garşy protestleriň rehimsiz basylyp ýatyrylmagynyň jikme-jiklikleri ýurduň daşyna ýaýraýar, müňlerçe adamyň ölendigi habar berilýär.
ABŞ-Eýran arasyndaky dartgynlylyk ýokary derejede galýar, Tähranyň berk hökümdarlary duşmançylykly ritorikasyny täzeläp, hökümete garşy protestçilere garşy "iň agyr jezalary", şol sanda ölüm jezasyny bermek bilen haýbat atýarlar.
Ýene-de ýükle