Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Gülen hereketi' bilen ilteşikli hasaplanyp, soraga çekilen mugallymlar täze basyşlardan gorkýar


ABŞ-da ýaşaýan türk din ruhanysy Fethullah Gülen
ABŞ-da ýaşaýan türk din ruhanysy Fethullah Gülen

Türkmenistanda “Hyzmat”, ýa-da “Gülen hereketi” diýilýän hereket bilen ilteşikli bolmakda güman edilip, 2017-nji ýylda häkimiýetler tarapyndan soraga çekilen birnäçe mugallym özleriniň elmydama basyş astynda ýaşaýandyklaryny gürrüň berýärler. Olar yzarlamalaryň gaýtadan güýçlenmeginden howatyr edýärler.

“[Fethullah] Güleniň ady bir ýerde agzalsa, ‘işgärler’ (MHM agentleri – red.) bizi kösäp başlaýarlar” diýip, Türkiýede ýokary bilim alan we Halaç etrabynda ýaşaýan bir mugallym Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

2017-nji ýylda “Gülençiler” diýilýänlere garşy Türkmenistanda geçirilen tutha-tutlukdan aman galan beýleki bir mugallym, Kerki etrabynyň ýaşaýjysy hem birmeňzeş howatyrlanmalary başdan geçirýär.

“Gorkup ýaşamakdan ýadadym” diýip, Azatlygyň çeşmeleri mugallymlaryň sözlerini sitirleýär.

Golaýda Azatlyk Radiosy “Gülen hereketi” diýilýän bilen ilteşikli bolmakda güman edilip, ýa-da emläklerini almak üçin matlaply aýyplanandyr öýdülýän, ýöne şu wagta çenli bilinmedik tussaglaryň ýene biriniň ‘jenaýat işi’ hakynda habar berdi.

Çeşmelerimiz halaçly we kerkili mugallymlaryň 2017-nji ýylda türkmen häkimiýetleri tarapyndan geçirilen köpçülikleýin tussag etmelerde birnäçe gün tussaglykda saklanyp, gynamalara sezewar edilen adamlaryň hataryna girýändigini aýdýarlar.

“Bu mugallym öz ugrundan gaty ökde we onuň okuwçylary ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar” diýip, çeşmeler halaçly himiýa mugallymy barada gürrüň berýärler.

Şol bir wagtda, Içeri işler ministrliginiň ýerli edaralaryndaky bir çeşmäniň sözlerine görä, Milli howpsuzluk ministrligi ‘gülençi’ hasaplanýan adamlary mejbury hyzmatdaşlyga çekýär.

“Olar hem näme etsin, bar güýç ‘goňşy edaranyň’ elinde” diýip, içeri işler edarasyndaky çeşme aýdýar.

“Gülen hereketi” diýilýän topar bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän türkmenistanly raýatlaryň arasynda gaýtadan möwç alýan howatyrlanmalar, türk mediasynda soňky wagtlarda gaýtadan çekişmeleriň baş temasyna öwrülýän “syýasatda dildüwşük” we “täze agdarylyşyk gorkulary” barasynda çykýan habarlaryň yz ýanyna gabat gelýär.

Türk prokurorlarynyň alyp barýan ýokary derejeli bir jenaýat işi – türk mediasynda Aýhan Bora Kaplan işi diýlip hem tanalýan dawa bilen baglylykda Türkiýäniň Içeri işler ministrliginde üç ýokary wezipeli işgäriň wezipeden boşadylmagynyň arasynda, 15-nji maýa geçilen gije prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, garaşylmadyk ýagdaýda, Milli aňtaw gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn hem-de adalat ministri Ýylmaz Tunç bilen gijäniň ýarysynda duşuşmagynyň yz ýany, ýurtda gaýtadan “syýasatda dildüwşük”, “täze agdarylyşyk gorkulary” we “hökümete garşy dildüwşük” habarlary ýaýbaňlanyp başlady.

Şondan bir gün öň, Türkiýäniň Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli öz partiýasynyň ýygnagynda, içeri işler edaralaryndaky ýokary derejeli wezipelerden boşatmalardan soňra, ýurduň howpsuzlyk we kazyýet edaralarynda ‘kripto toparlaryň’ Türkiýe döwletine garşy gaýtadan höwürtgeläp başlandygyny duýdurdy.

Bahçeliniň çykyşlaryndan soňra, Türkiýäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa hem "FETO" tilsimleri bilen ýurduň prezidentine, hökümetine we syýasatçylara garşy dil düwüşýän taraplara garşy barlyşyksyz göreşiň alnyp baryljakdygyny wada berdi.

Media habarlaryna görä, wezipelerinden boşadylan içeri işler işgärleriniň, Aýhan Bora Kaplan jenaýat işi bilen baglylykda, şaýatlary käbir türk syýasatçylaryna garşy ýalan şaýatlyk etmäge mejbur edendikleri öňe sürülýär.

Bu habarlar türk mediasynda 2016-nji ýylda Türkiýede bolup geçen agdarylyşyk synanyşyklaryny ýada salýan waka hökmünde şöhlelendirildi. Türkiýäniň hökümeti şonda agdarylyşyk synanyşygy boýunça Birleşen Ştatlarda ýaşaýan din ruhanysy Fethullah Güleni we onuň yzyna eýerijileri aýyplapdy.

Bu wakadan soňra, Türkmenistan 2017-nji ýylda “Gülen hereketi” bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän 18 türkmenistanly raýaty uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etdi. Bu iş boýunça 2016-2017-nji ýyllarda bolup geçen tutha-tutlukda jemi 50 çemesi adam tussag edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça Işçi topary 2018-nji ýylda bu 18 raýatyň “eden-etdilikli ýagdaýda tussag edilip, türme tussaglygyna höküm edilendigi” barada netijä geldi.

Türkmen kazyýetiniň bu raýatlar boýunça çykaran höküminiň bir nusgasy 2017-nji ýylda Azatlyk Radiosyna gelip gowuşdy.

Hökümiň nusgasyna görä, 18 raýatyň ählisine Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 177-nji, ýagny Durmuş, milli ýa-da dini duşmançylygy döretmek maddasynyň 3-nji bölegine; şeýle-de 275-nji, ýagny Jenaýatçylykly düzümleriň maliýeleşdirilmegi maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda aýyplama bildirilip, olar günäli tapylypdyrlar.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar, şol sanda "Human Rights Watch", "Amnesty International", "Crude Accountability", "Norwegiýanyň Helsinki komiteti" we "Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy" topary kazyýet hökümleriniň yz ýany bilelikde beýanat çap edip, kazyýet işiniň adalatsyz geçirilendigini aýtdylar we 18 raýatyň dessine azat edilmegine çagyryş etdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary şol gabatlar başga-da bir topar adamyň bu herekete ilteşikli bolmakda güman edilip, sorag edilendigini habar berdiler.

Sorag edilip, häkimiýetler tarapyndan gynamalara sezewar edilenden soňra boşadylan türkmenistanlylar, şondan bäri, haçan türk syýasatynda ýa-da türk mediasynda Fethullah Gülen gürrüňleri gozgalyp başlansa, özleriniň basyşlardan howatyr edip başlaýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistan döwleti öz garaşsyzlygyny yglan edenden soňra, ýurtda onlarça türkmen-türk bilim ojagynyň açylmagyna rugsat berdi. Ýurtda ýigrimi ýyldan gowrak hereket eden mekdeplerden müňlerçe türkmenistanly uçurym boldy. Bu mekdepleri tamamlan uçurymlaryň ençemesi daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkiýäniň ýokary okuw edaralarynda bilim aldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG