Mary welaýatynyň bazarlarynda ýene-de günebakar ýagy meselesi döredi we, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen birnäçe telekeçiniň, bazar resmisiniň tassyklamagyna görä, ilatyň gündelik ulanýan azyk önümleriniň söwdasyndaky bökdençlikler emeli kynçylyklar, prezidentiň bazar, haryt üpjünçiligi baradaky tabşyryklarynyň 'güýçsüzligi' bilen bagly.
Azyk howpsuzlygyny üpjün edendigini aýdýan Türkmenistanda azyk meseleleri, hususan-da ösümlik ýagy meselesi saklanyp galýar diýip, habarçylarymyz geçen we ondan öňki aýda hem habar beripdiler.
Balkan sebitindäki habarçymyz 19-njy oktýabrda sebitiň Türkmenbaşy, Balkanabat şäherlerinde günebakar ýagynyň söwda tekjelerinden ‘doly ýitendigini’ habar beren bolsa, sentýabrda habarçylarymyz Ahaldaky we Marydaky ýag kynçylyklary barada habar berdiler.
Mary bazarlarynda 'günebakar ýagy ýitdi'
Mary welaýatynyň Galkynyş bazaryna, azyk harytlaryny lomaý satýan satyjylaryň dükanlaryna aýlanyp çykan habarçymyz 9-njy noýabrda ilatyň ýene ‘ýag kynçylygyny’ çekýändigini habar berdi.
“Günebakar ýagy ýok, bize ol ýagy getirmegi-de, satmagy-da gadagan etdiler. Hökümet dükanlaryna barsaňyz, şol ýerde bardyr” diýip, bazar satyjylarynyň biri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşen satyjylar günebakar ýagyny satmaga girizilen gadaganlygyň sebäbini sorap bilmeýändiklerini, bu hili çäklendirmeleriň ýokardan we dilden berlen buýruklara daýandygyny aýtdylar.
“Ýag söwdasy döwlet dükanlarynda hem çäklendirilýär, adam başyna günde diňe 20 sany ýag satmak rugsady berilýär” diýip, bir satyjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, günebakar ýagy ‘Türkmen azyk paýdarlar jemgyýetine degişli bolan azyk dükanlarynda bar we litri 20 manatdan satylýar’.
Habarçymyz ýagyň bar diýilýän döwlet dükanlarynyň birnäçesine aýlanyp, ‘ýag ýaňyja gutardy’ diýen jogaby aldy.
Bir satyjy döwlet dükanlarynda her gün irden her alyja 10 sany ýag satmaga rugsat berilýändigini, ýöne bu çäklendirmäniň sebäbini bilmeýändigini, azyk meseleleri barada hiç bir aýdyňlygyň ýokdugyny we bu barada gürrüň etmegiň ‘halanmaýandygyny’ aýtdy.
“Bazarlarda pagta ýagy bar. Pagta ýagy lomaý söwda dükanlarynda hem kän” diýip, satyjy pagta çigidinden alnan ýaglaryň boldugyny belledi.
Günebakar ýagynyň näme üçin diňe döwlet dükanlarynda we çäkli ýagdaýda satylmagynyň sebäbi anyk däl, ýöne ýaşaýjylaryň käbiri ‘ýag emeli ýagdaýda azaldylýar, bilkastdan gytçylyk döredilýär’ diýen pikiri öňe sürýär.
'Ýag bahasyny gymmatlamak üçin gytaldylýar'
“Bu haryt, soň bazarlarda satmaga rugsat edilende öňki nyrhyndan has ýokary, gymmat bahadan satmak üçin gataldylýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen söwda hünärmeni öz tejribesini paýlaşdy we şeýle ýagdaýlardan soö hemişe bahalaryň ýokarlanýandygyny, mundan peýda görýän adamlaryň käbirini tanaýandygyny aýtdy.
Mary bazarlarynda häzir çylka et 160 manat, towuk budy 30 manat, sogan 10 manat, kartoşka 11 manat, pomidor 10 manat, hyýar 8 manat, bürünç hiline görä 17-60 manat aralygynda bahalanýar diýip, habarçymyz ýaýar.
“Şeker 18 manat, makaron önümleri, ýerli önüm bolsa 8-9 manat, daşary ýurt önümi bolsa 12 manat bahalanýar, unuň 1 kilogramy 8 manatdan başlap,15 manada çenli aralykda satylýar.”
Türkmen metbugaty ýurtdaky azyk kynçylyklary hakynda maglumat bermän, adatça, hökümet mejlislerinde aýdylýan uly ösüş sanlaryny halka ýetirmek bilen çäklenýär.
Oktýabr aýynyň başynda geçirilen hökümet mejlisinde aýdylmagyna görä, ýanwar – sentýabr aýlarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 110,4 göterime deň boldy we türkmen prezidenti “bazarlaryň hem-de söwda nokatlarynyň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi”.
Prezidentiň sözleriniň 'agramy ýok'
Synçylar Serdar Berdimuhamedowyň adyndan aýdylýan sözleriň köplenç 'göz üçin aýdylyp, kagyz ýüzünde galýandygyny' we ne resmileriň, ne-de ilatyň arasynda 'agramaynyň bardygyny' öňe sürýärler.
Türkmen metbugaty käte, seýrek ýagdaýda, türkmen kärhanalarynyň öndürýän azyk önümleri barada ‘sanly maglumatlary’ berýär, ýöne soň ol kärhanalara näme bolandygyny bilip bolmaýar.
Mysal üçin, “Rysgal” gazetiniň bir habarynda “Gündogar akymy” hojalyk jemgyýetiniň bir ýylda 150 tonna günebakar çigidini gaýtadan işläp, ondan 60 tonna ýag alandygy aýdyldy. Resmi maglumata görä, bu kompaniýanyň zawodynda ýylda 18 müň tonna çigit gaýtadan işlenýär, 7 müň 200 tonna arassalanan ösümlik ýagy öndürilýär.
Önüm öndürmek üçin 6 müň gektar ýer berlen, 900 gektar ýere günebakar çigidini, hersi 850 gektardan soýa, raps, künji ekinlerini ekjekdigi aýdylan “Gündogar akymynyň” web sahypasynda öndürilen önümler, alnan girdejiler barada barada anyk maglumat berilmän, döwlet eýeçiligindäki metbugatda çap edilýän propaganda maglumatlary ýerleşdirilipdir.
Şeýle-de, “Gündogar akymyna” we beýleki kompaniýalara jaň edip, hat ýazyp, olaryň öndürýän önümleri, söwdasy barada hiç bir maglumat alyp bolmaýar.
'Gowy önümler daşaryk gidýär'
Ýerli synçylaryň käbiri döwlet tarapyndan gowy ýer we serişde berilýän türkmen kompaniýalarynyň önümleriniň esasan daşary ýurtlara eksport edilýändigini, döwlet ýolbaşçylarynyň ýurtdaky azyk meselesine eksportdan gelýän girdejiler üçin göz ýumýandygyny öňe sürýär.
Azatlygyň habarçylary we çeşmeler ozal ýurtdaky et gytçylygyny hem gowy mallaryň etiniň we et önümleriniň daşary ýurtlara çykarylmagy, 'gowy pul ýasamak maksady' bilen baglanyşdyrypdylar.
Azatlyk bu aýdylýanlary resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum