Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Gepländigi üçin köýdürilen ömürler': HRW Türkmenistanyň içinde we daşynda aktiwistleriň yzarlanmagy barada ýörite proýekt taýýarlady

Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän "Human Rights Watch' guramasy Türkmenistanyň içinde we daşynda gümürtik ýagdaýda ýitirim edilen we türmä höküm edilen türkmenistanlylaryň ýagdaýyna köpçüligiň ünsüni çekýär. Adam hukuklaryny goraýan abraýly halkara guramasynyň ýörite proýektinde ýurtda onlarça adamyň syýasy sebäpler bilen tussaglykda saklanýandygy ýa-da zorluk bilen ýitirim bolandygy, soňky ýyllarda türkmen hökümetiniň transmilli repressiýalarynyň ýaýraýandygy aýdylýar.

Onýyllyklaryň dowamynda türkmen häkimiýetleri bikanun tussag etmek, mejbury ýitirim etmek we syýasy sebäplerden sud etmek arkaly tapawutly pikirleri ýok etmäge synanyşdylar diýip, HRW, howpsuzlyk gulluklarynyň aktiwistleriň maşgala agzalaryna garşy hem gizlin gözegçilik we açyk ar almak howplaryny ulanyp, ýurt içinde we daşary ýurtlarda garaşsyz işjeňligi basyp ýatyrýandygyny belleýär.

Guramanyň websaýtynda Türkmenistanda tussag edilen, daşary ýurtlardan gizlin alnyp barylan we ýitirim edilen türkmenistanlaryň ençemesi barada maglumat berilýär, olaryň arasynda türme tussaglygynda galýan Mansur Mingelow, Myrat Duşemow, daşary ýurtlardan zor bilen alnyp gidilen Saddam Gulamow, Malikberdi Allamyradow, şeýle-de ýitirim edilen Alişer Sahatow we Abdylla Orusow bar.

HRW ýurtdaky ýagdaýlaryň ýurt içinde we çäklerinden daşarda türkmen hökümetiniň repressiýalarynyň möçberini, agyrlygyny we dowamlylygyny görkezýändigini belleýär.

Soňky ýyllarda türkmen hökümetiniň gysyşlary transmilli repressiýalar arkaly Türkmenistanyň serhetleriniň daşyna ýaýraýar - döwlet işgärleri daşary ýurtlardaky adam hukuklaryny goraýjylary, žurnalistleri, syýasy garşydaşlaryny ýa-da beýleki tankytçylary, raýatlary ýa-da öňki raýatlary gorkuzmak, dymdyrmak ýa-da jezalandyrmak üçin ýurduň çäklerinden daşary çykýarlar we olaryň hukuklaryny bozýarlar diýip, HRW ýazýar.

Maglumatda bellenişi ýaly transmilli repressiýalara adam ogurlamak, bikanun göçürmek ýa-da mejbury ýurda gaýtarmak howpuny döretmek, gözegçilik, konsullyk hyzmatlaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak, sanly yzarlama we gelip çykan ýurdundaky maşgala agzalaryna we hyzmatdaşlaryna garşy ar alyş hereketleri girýär, bu bolsa söz azatlygyna we birleşmek azatlyklaryna uly täsir edýär. Transmilli repressiýalar sürgünlikdäki şahslaryň hakyky howpsuzlygyny ret edýär.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlardaky konsullyk kanallary arkaly raýatlaryna pasport bermegi we täzelemegini yzygiderli inkär edýär, bu bolsa arza berijileri resminamalary täzelemek üçin Türkmenistana gaýdyp gelmäge mejbur edýär diýlip, hasabatda bellenmegine görä, bu tejribe Türkmenistandan giden we gaýdyp gelmek niýeti bolmadyk türkmen raýatlarynyň, şol sanda aktiwistleriň we hökümet tankytçylarynyň goragsyzlygyny artdyrýar we käbirleriň daşary ýurtlardaky kanuny ýagdaýyny kadalaşdyrmagyna päsgel berýär.

Maglumatda pasportlarynyň möhleti geçen käbir aktiwistleriň Türkmenistanyň haýyşy bilen daşary ýurtlarda tussag edilip, olaryň gynamalara, bikanun tussaglyga we adalatsyz sud edilmegine duçar bolmagyna ygtybarly subutnamalar bolsa-da, zor bilen ýurduna deportasiýa edilendigi bellenýär.

Birnäçe ýagdaýda, adamlar Türkiýeden we Russiýadan zor bilen Türkmenistana gaýtaryldy, ýöne ýapyk görnüşde sud diňlenişikleri arkaly agyr jezalar bilen ýüzbe-ýüz boldular, diýip, gurama 2025-nji ýylda Türkiýede azyndan iki aktiwistiň örän şübheli ýagdaýlarda ýitirim bolandygy we olaryň şu güne çenli niredediginiň belli däldigi aýdylýar.

Aktiwistler Sahatow bilen Orusowyň Türkiýede ýitirim bolanyna 9 aý boldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:33 0:00

Geçen ýylyň aprel aýynda Abdylla Orusow we Alişer Sahatow Türkiýäniň migrasiýa gullugyna çagyrylandan soň, iki aýlap deportasiýa merkezinde saklandy we soň ýitirim boldy. Olaryň aklawçysynyň we adam hukuklaryny goraýjylaryň tagallalary bilen Türkiýede derňew işleri dowam etdirilýär.

"Human Rights Watch" soňky ýyllarda Türkiýäniň häkimiýetleriniň käbir türkmenlere, şol sanda migrantlara, "jemgyýetçilik howpsuzlygyna howp salýar" diýip, olara köp halatlarda esas bolmazdan we howp döredýändigine subutnama görkezmezden, "çäklendirme kodlaryny" berendigini ýazýar.

Türkmen hökümeti tankytçylary dymmaga mejbur etmek üçin olaryň ýakynlaryny hem nyşana alýar, şol sanda garyndaşlaryny soraga çagyrýar, bikanun tussag etmek ýa-da olary jemgyýetçilik tarapyndan ýazgarmak ýaly hereketleri ulanýar diýlip, maglumatda bu taktikalar aktiwistleri izolýasiýa etmek, gorkyny ýaýratmak we başgalary sesini çykarmakdan saklamak üçin niýetlenýär diýilýär.

HRW adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalarynyň onlarçasy bilen bilelikde türkmen aktiwistleriniň yzarlanmagyna, adalatsyz tussag edilmegine we türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň kanuny hukuklaryny gödek depelemegine ýyllarboýy ünsi çekip gelýär.

Gurama Türkmenistany dünýäniň iň repressiw we ýapyk ýurtlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirýär we türkmen hökümetiniň öz syýasatyna garşy hem ýurduň içinde hem-de daşary ýurtlarda aýdylýan parahatçylykly nägileligi ýa-da tankydy basyp ýatyrylmaly howp hökmünde kabul edýändigini belleýär.

"Her bir ynsan hekaýasy, türkmen häkimiýetleriniň, Türkmenistan bilen diplomatik we ykdysady gatnaşyklary bolan daşary ýurt hökümetleriniň, Birleşen Milletler Guramasy ýaly halkara institutlarynyň we adam hukuklary guramalarynyň Türkmenistany adam hukuklarynyň bozulmagy üçin jogapkärçilige çekmek we hakykaty aýtmaga het eden adamlary goramak üçin manyly çäreleriň görülmeginiň uly zerurlygyny nygtaýar" diýip, HRW öz proýektinde belleýär.

Türkmen aktiwistleri Mälikberdi Allamyradowyň ýitirim bolmagynda Aşgabady aýyplaýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:04 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG