Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hazaryň 1-nji mekdebinde ýangyn döredi


17-nji ýanwarda ýangynyň bolan ýerine baryp gören habarçylarymyz dört synp otagynyň doly diýen ýaly ýanandygyny anykladylar. (Illýustrasiýa suraty)
17-nji ýanwarda ýangynyň bolan ýerine baryp gören habarçylarymyz dört synp otagynyň doly diýen ýaly ýanandygyny anykladylar. (Illýustrasiýa suraty)

16-njy ýanwarda irden Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesindäki 1-nji orta mekdepde ýangyn boldy. Ýangyn barada ilkinji bolup habar beren garaşsyz neşir “Turkmen.news” wakada birnäçe mekdep okuwçysynyň ýaralanandygyny, ýöne olaryň saglyk ýagdaýynyň agyr däldigini aýdýar. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçylary wakada dört synp otagynyň doly diýen ýaly ýanandygyny we ýangynyň sebäbini anyklamak boýunça derňew geçirilip başlanandygyny habar berýärler.

“Ýangyn irden sagat 9 töweregi boldy. Şaýatlaryň sözlerine görä, mekdep binasyndaky esasy elektrik paneli näbelli sebäplere görä sapak wagtynda ýarylypdyr. Ýangynyň göwrümi we derejesi belli däl, ýöne tüsse ikinji gatdaky koridora we synp otaglaryna çalt depginde ýaýrady” diýip, neşir belleýär.

Maglumata görä, okuwçylaryň we mugallymlaryň arasynda howsala döräp, olaryň köpüsi gapydan çaltlyk bilen köçä çykmagy başardylar, ýöne 5-6-njy synp okuwçylary penjirelerinden gara tüsse çykýan synp otaglarynda petiklendi.

“Käbir çagalar penjireden özbaşdak aşak bökdüler. Wakanyň bolan ýerine gelen ýangyn söndürijiler merdiwan bilen beýleki okuwçylary penjirelerden çykarmagy başardylar. Birnäçe adam keselhana äkidildi. Olaryň agyr ýaralanmandygy aýdylýar” diýip, neşir şaýatlaryň aýdan sözlerine salgylandy.

17-nji ýanwarda ýangynyň bolan ýerine baryp gören habarçylarymyz dört synp otagynyň doly diýen ýaly ýanandygyny anykladylar. Ýöne olar ýangyn sebäpli mekdebiň garalan diwarynyň eýýäm öňki reňkine boýalandygyny bellediler.

“Ýangyn zerarly düýn we şu gün mekdep ýapyldy. Prokuratura derňew başlatdy. Iki günläp okuwçylar we mekdebiň ähli işgärleri soraga çekildi” diýip, ýagdaýlardan habarly bilim işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Bilim işgärleriniň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, synp otaglarynyň içini duşenbe gününe, ýagny 22-nji ýanwara çenli arassalamak we abatlamak işleri mugallymlaryň boýnuna ýüklendi.

Ýöne olar ýeten umumy zyýanyň mugallymlaryň özaralarynda ýa-da okuwçylardan pul ýygnap öwezini dolardan juda kändigini aýdýarlar.

“Mekdep partalary, kompýuterler, beýleki okuw esbaplary we pola düşelen parketler doly ýandy. Umumy zyýanyň 400 müň manat töweregindedigi aýdylýar. Bagtsyz hadysanyň kimdir biriniň boýnuna atylyp, ýetirilen zyýanyň öwezi dolunar diýilýär” diýip, bilim işgäri aýtdy.

Azatlyk waka we onuň mümkin sebäpleri barada sebitiň ýangyna garşy göreş gullugyndan we polisiýasyndan telefon arkaly kommentariý alyp bilmedi.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurtda bolýan ýangyn we beýleki betbagtçylykly hadysalar barada maglumat bermeýärler.

Ýöne Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler bu hadysalar hakda ýygy-ýygydan habar berýärler. 15-nji ýanwarda Aşgabatdaky habarçylarymyz paýtagtyň “Owadan” hyzmat merkezinde ýangyn dörändigi we onuň içindäki toý salonyň doly ýanandygy, millionlarça manat möçberinde zyýan ýetendigi barada maglumat berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG