Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hersondaky sil derejesi güýçlenýär; suw zäherlenmeleri gorkusynyň arasynda ewakuasiýa dowam edýär


Ukrain häkimiýetleri Dnieper derýasyndaky uly bendiň bozulmagy sebäpli on müňlerçe adamy ewakuasiýa etdi, Kahowka bendiniň ýykylmagy netijesinde dörän uly siliň 7-nji iýunda irden aşaky akymlarda hem ýetjek derejesine ýetmegine garaşylýar.

Kiýew bilen Moskwa Ukrainanyň günortasyndaky Herson sebitinde sowet döwründe gurlan Kahowka bendiniň ýykylmagynda birek-biregi günäkärledi, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bu wakany "rus basybalyjylarynyň bilkastdan eden ýykgynçylygy” we "köpçülikleýin gyrmagyň ekologik bombasy" diýip häsiýetlendirdi. Zelenski bozulan bentden aşakda 80 töweregi şäherçäniň howp astyndadygyny aýtdy.

Ukrainanyň Herson sebitiniň gubernatory Oleksandr Prokudin 7-nji iýunda irden, sil badynyň peselmegine garamazdan, Dnieperdäki Kahowka bendiniň aşaky akymyndaky suw derejesiniň ýokarlanmagyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

"Biziň çaklamalarymyza görä, ýakyn 20 sagadyň içinde suwuň derejesi ýene bir metr ýokarlanar" diýip, Prokudin öz wideo habarynda aýtdy.

Ol Dnieperiň sag kenaryndan 1450-den gowrak adamyň ewakuasiýa edilendigini, ol ýerde 1850 töweregi jaýyň suw astynda galandygyny aýtdy.

Ukrainanyň suw elektrik guramasy “Ukrhydroenerhonyň” başlygy Ihor Syrota suwuň ýokary derejesine 7-nji iýunda irden ýetmegine we soňky günlerde peselmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Saglyk ministrligi 7-nji iýunda suw basan sebitdäki guýulardaky we açyk ýerlerdäki suwuň hapalanmak ähtimallygy barada duýduryş berdi.

"Guýulara we açyk suw howdanlaryna himiki jisimler, gonamçylyklardan, hajathanalardan we zibilhanalardan ýaýrap biljek ýokanç kesel wiruslary hem düşüp biler" diýip, ministrlik telegramda bu sebitlerden tutulan balyklary hem iýmekden saklanmalydygyny duýdurdy.

Ukraina ýykylan bent zerarly dörän suw, sil akymyndan 42,000 töweregi adamyň howp astynda galandygyny çaklady.

Nowa Kahowkanyň Moskwa tarapyndan bellenen häkimi Wladimir Leontýew suw basmagy netijesinde sebitdäki öý we ferma hojalyklarynyň mallary bilen birlikde, Nižnedniprowskiý milli tebigat parkyna degişli "müňlerçe haýwanyň" ölendigini aýtdy.

Russiýa tarapyndan bellenen häkimiýetler 7-nji iýunda Hersonyň Moskwanyň gözegçiligindäki böleginde adatdan daşary ýagdaý düzgünlerini girizdi diýip, TASS habar gullugy habar berdi.

Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň hasaplamalaryna görä, suw howdanynyň rekord derejede suwdan doldurylan bolmagy sebäpli, suw basyşynyň dowam etmegi bilen, bent opurylyşygynyň giňelmegine we has köp suw joşmasyna garaşylýar.

Russiýanyň gözegçiligindäki bentde 6-njy iýun güni irden bolan opurylyşyk derýanyň aşaky akymyndaky onlarça şäherçäniň uly sil suwunyň ugrunda galmagyna we on müňlerçe adamyň gaçmagyna sebäp boldy.

"Rus basybalyjylary we gidroelektrik stansiýasynyň beýleki gurluşlary tarapyndan bilkastdan edilen ýykgynçylyk köpçülikleýin gyrmagyň ekologiki bombasydyr" diýip, Zelenski gijeki wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterriş bendiň ýykylmagyny "gumanitar, ykdysady we ekologiki betbagtçylyk" diýip atlandyrdy, ýöne çap eden beýanatynda Russiýany göni günäkärlemekden saklandy.

Guterriş bu wakany BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň gyssagly ýagdaýda geçirýän ýygnagynyň öňüsyrasynda "Russiýanyň Ukraina çozmagynyň ýene bir aýylganç netijesi" diýip atlandyrdy.

BMG-niň gumanitar gullugy bendiň ýykylmagyndan we onuň front liniýasynyň iki gapdalyndaky ýüzlerçe müň adama agyr ynsanperwerlik täsirini ýetirmeginden uly alada galýandygyny aýtdy.

BMG-niň kömek gullugynyň başlygy Martin Griffits Howpsuzlyk geňeşiniň 6-njy iýun agşamy geçirilen gyssagly ýygnagynda Ukrainanyň günortasyndaky müňlerçe adamyň "öýlerini, azyk önümlerini, howpsuz suw we eklenç zerurlyklaryny ýitirmek" bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýtdy.

Ukrainanyň prezident edarasynyň başlygynyň orunbasary Oleksiý Kuleba bendiň ýykylmagynyň uly ekologiki meselä sebäp boljakdygyny aýtdy we Kahowka gidro elektrik stansiýasyndaky ammarlarda 400 tonnadan gowrak çalgy ýagynyň saklanandygyny ýatlatdy.

Kuleba Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda "Biz häzir bu ýaglaryň eýýäm näçe böleginiň Dnieper derýasyna düşendigini anyk bilip bilmeris, ýöne bu ullakan mesele we ekologiki betbagtçylyk bolar" diýip, Kuleba AÝ/AR-a aýtdy.

"Şeýle-de, biz Kahowka basseýnindäki suwuň derejesiniň düýpgöter peselmegine we bu ýagdaýyň Herson sebitiniň ekologiki gurşawynyň bütinleý üýtgemegine sebäp bolmagyna garaşýarys. Muňa hem taýýar bolmak zerur" diýip, Kuleba sözüniň üstüni ýetirdi.

Russiýa bu bendi bilkastdan partladandygy barada aýdylýanlary ret edýär we bu işde Kiýewi günäkärleýär.

Forum

XS
SM
MD
LG