Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Isleg koalisiýasy' Ukraina boýunça howpsuzlyk kepilliklerini maslahatlaşýar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski (çepde) we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron. 4-nji sentýabr, 2025 ý. Pariž ş. Fransiýa.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski (çepde) we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron. 4-nji sentýabr, 2025 ý. Pariž ş. Fransiýa.

Ukrainanyň Günbatar ýaranlaryndan ybarat 30-dan gowrak ýurduň liderleri uruşdan ejir çekýän ýurda Russiýa bilen arada parahatçylyk gazanylan halatynda beriljek howpsuzlyk kepilliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin prezident Wolodymyr Zelenski bilen bilelikde ýygnaga başladylar.

Isleg koalisiýasynyň ýygnagy 4-nji sentýabrda Parižde öz işine başlady. Zelenski bu ýygnaga ýörite gatnaşýar. Duşuşyk toparyň uruşdan soň Kiýewe berip biljek harby ýardamlarynyň derejesini kesgitlemegi göz öňünde tutýar.

Bu koalisiýa henize çenli öz roluny kesgitlemekde kän bir öňe gidişlik gazanyp bilmän gelýär, sebäbi sammitde orun almaýan ABŞ entek urşuň gutarmagyndan soňky döwür babatynda anyk jogapkärçilik alman gelýär. Waşingtonyň gatnaşmagy ýaranlaryň tagallalaryna goldaw bermek babatynda möhüm hasaplanýar.

NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte 3-nji sentýabrda gazanyp boljak sepgitler babatynda özüniň ‘aýdyňlyga’ garaşýandygyny aýtdy. Ol munuň Waşington bilen, onuň berip biljek kepillikleri babatynda, ara alyp maslahatlaşmalara mümkinçilik döretjekdigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

“Men biziň kollektiwleýin nämeleri gazanyp biljekdigimiz babatynda ertir ýa-da birigün aýdyňlyga garaşýaryn” diýip, NATO-nyň başlygy Brýusselde žurnalistlere aýtdy.

ABŞ prezidenti Donald Tramp Parižde geçýän ýygnagyň yz ýany, beýleki ýewropa liderleri bilen hem-de Zelenski bilen gepleşmegi meýilleşdirýär. Tramp kepillikler bilen üpjün edilmeginde ýüküň agramly böleginiň ýewropa ýurtlarynyň gerdeninde boljakdygyny, Waşingtonyň operasiýalara “belki-de, howa goldawlaryny berip biljekdigini” aýtdy.

Kiýewde Russiýanyň hüjüminden soň düşürilen suratlar uly weýrançylygy görkezýär

Çagalar hüjümde zeper ýeten jaýyň golaýynda ýorgana bürenip otyrlar. Olaryň öý iti hem ýanynda.
1/24 Çagalar hüjümde zeper ýeten jaýyň golaýynda ýorgana bürenip otyrlar. Olaryň öý iti hem ýanynda.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Halas edijiler rus hüjüminiň bolan ýerinde harabalygyň aşagynda adamlary gözlemegi dowam etdirýärler. Häkimiýetler ölenleriň arasynda dürli ýaşdaky dört çaganyň bardygyny aýdýarlar.
2/24 Halas edijiler rus hüjüminiň bolan ýerinde harabalygyň aşagynda adamlary gözlemegi dowam etdirýärler. Häkimiýetler ölenleriň arasynda dürli ýaşdaky dört çaganyň bardygyny aýdýarlar.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Aýal maşgala hüjüm edilen jaýyň harabalyklarynda halas edilen pişigi alyp barýar.
3/24 Aýal maşgala hüjüm edilen jaýyň harabalyklarynda halas edilen pişigi alyp barýar.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Paýtagtyň Darnytskiý etrabynda gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. Halas edijiler zeper ýeten binanyň ýokarky gatyna çykmak üçin ýörite enjamlary we tehnikany ulanýarlar.
4/24 Paýtagtyň Darnytskiý etrabynda gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. Halas edijiler zeper ýeten binanyň ýokarky gatyna çykmak üçin ýörite enjamlary we tehnikany ulanýarlar.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Kiýewiň şäher harby dolandyryş gullugynyň başlygy Timur Tkaçenko 28-nji iýul gijesi bolan rus hüjüminde azyndan 15 adamyň wepat bolandygyny aýtdy.
5/24 Kiýewiň şäher harby dolandyryş gullugynyň başlygy Timur Tkaçenko 28-nji iýul gijesi bolan rus hüjüminde azyndan 15 adamyň wepat bolandygyny aýtdy.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Kiýewde weýran edilen binanyň golaýynda aglap duran gyz.
6/24 Kiýewde weýran edilen binanyň golaýynda aglap duran gyz.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Kiýewde 28-nji awgustda daň atanda partlamalar zerarly ýüze çykan ýangyn sebäpli paýtagtyň asmany tüsse bilen örtüldi.
7/24 Kiýewde 28-nji awgustda daň atanda partlamalar zerarly ýüze çykan ýangyn sebäpli paýtagtyň asmany tüsse bilen örtüldi.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Kiýewli aýal harabalyklaryň arasynda kirpini tutup dur.
8/24 Kiýewli aýal harabalyklaryň arasynda kirpini tutup dur.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Lukmançylyk işgärleri hüjümde ýaralananlara kömek edýärler. Häkimiýetleriň habar bermegine görä, Kiýewiň 38 ýaşaýjysy dürli agyrlyk derejesinde ýaralanypdyr.
9/24 Lukmançylyk işgärleri hüjümde ýaralananlara kömek edýärler. Häkimiýetleriň habar bermegine görä, Kiýewiň 38 ýaşaýjysy dürli agyrlyk derejesinde ýaralanypdyr.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Jaýyň töweregi zeper ýeten kwartiralardan uçup düşen galyndylardan doldy. Binanyň öňünde duran awtoulaglara zeper ýetdi.
10/24 Jaýyň töweregi zeper ýeten kwartiralardan uçup düşen galyndylardan doldy. Binanyň öňünde duran awtoulaglara zeper ýetdi.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Lukmançylyk işgärleri Kiýewiň merkezinde ýaralanan adamy göterip barýarlar.
11/24 Lukmançylyk işgärleri Kiýewiň merkezinde ýaralanan adamy göterip barýarlar.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Darnytsiýa etrabynda göni urgy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Halas edijiler häzirki wagtda harabalygyň aşagynda galan adamlary boşatmaga synanyşýarlar. Rus ýolbaşçylary rus goşunynyň Ukrainanyň raýat infrastrukturasyna gönükdirilen hüjümleri amala aşyryp, parahat ilaty öldürýändigini inkär edýär. <br><br>Ukrain häkimiýetleri we halkara guramalary bu hüjümleri Russiýanyň uruş jenaýaty diýip häsiýetlendirýärler.
12/24 Darnytsiýa etrabynda göni urgy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Halas edijiler häzirki wagtda harabalygyň aşagynda galan adamlary boşatmaga synanyşýarlar. Rus ýolbaşçylary rus goşunynyň Ukrainanyň raýat infrastrukturasyna gönükdirilen hüjümleri amala aşyryp, parahat ilaty öldürýändigini inkär edýär.

Ukrain häkimiýetleri we halkara guramalary bu hüjümleri Russiýanyň uruş jenaýaty diýip häsiýetlendirýärler.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Kiýewde zyýan çeken ýaşaýyş bolmadyk binanyň fonunda duran skuterli ýaşaýjy.
13/24 Kiýewde zyýan çeken ýaşaýyş bolmadyk binanyň fonunda duran skuterli ýaşaýjy.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Hüjümde onlarça awtoulaga zeper ýetdi.
14/24 Hüjümde onlarça awtoulaga zeper ýetdi.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Kiýewiň Žylýanski köçesinde birnäçe bina zeper ýetdi, döwülen penjireler zeper ýeten binanyň öňündäki meýdany örtdi.
15/24 Kiýewiň Žylýanski köçesinde birnäçe bina zeper ýetdi, döwülen penjireler zeper ýeten binanyň öňündäki meýdany örtdi.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Rus raketasy bilen urlan jaýda ýaşan adamlaryň goş-golamlary töwerek-daşa pytrady. Olaryň arasynda çagalaryň öýunjaklary bar.
16/24 Rus raketasy bilen urlan jaýda ýaşan adamlaryň goş-golamlary töwerek-daşa pytrady. Olaryň arasynda çagalaryň öýunjaklary bar.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Itler gyssagly kömek gullugynyň işgärlerine harabalykdaky adamlary gözlemäge kömek edýär.
17/24 Itler gyssagly kömek gullugynyň işgärlerine harabalykdaky adamlary gözlemäge kömek edýär.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Käbir awtoulaglar doly ýandy.
18/24 Käbir awtoulaglar doly ýandy.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Paýtagtyň etraplarynyň birinde weýran edilen ýaşaýyş jaýy.
19/24 Paýtagtyň etraplarynyň birinde weýran edilen ýaşaýyş jaýy.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Azatlyk Radiosynyň ofisine raketanyň düşen pursady gözegçilik kameralary tarapyndan ýazga alyndy.
20/24 Azatlyk Radiosynyň ofisine raketanyň düşen pursady gözegçilik kameralary tarapyndan ýazga alyndy.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Russiýanyň Kiýewe eden hüjümi zerarly Azatlyk Radiosynyň edara jaýyna zeper ýetdi.
21/24 Russiýanyň Kiýewe eden hüjümi zerarly Azatlyk Radiosynyň edara jaýyna zeper ýetdi.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Zarbanyň tolkuny Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň redaksiýasynyň penjirelerini döwdi. Azatlyk Radiosynyň işgärleriniň arasynda hiç kim ýaralanmady.
22/24 Zarbanyň tolkuny Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň redaksiýasynyň penjirelerini döwdi. Azatlyk Radiosynyň işgärleriniň arasynda hiç kim ýaralanmady.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Rus goşunlary raýat ýolagçy gatnawyna, hususan-da, şäherara ýokary tizlikli otlylara hüjüm etdiler.
23/24 Rus goşunlary raýat ýolagçy gatnawyna, hususan-da, şäherara ýokary tizlikli otlylara hüjüm etdiler.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
“Ukržaliznytsia” demirýol edarasynda hiç bir reýsiň ýatyrylmajakdygyny belläp, goşmaça ulaglaryň işe giriziljekdigini aýtdylar.
24/24 “Ukržaliznytsia” demirýol edarasynda hiç bir reýsiň ýatyrylmajakdygyny belläp, goşmaça ulaglaryň işe giriziljekdigini aýtdylar.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Previous slide
Next slide

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň diwanynyň başlygy Andriý Ýermak geçen aý Ukraina boýunça howpsuzlyk kepillikleriniň harby düzüminiň meýilnamasynyň eýýäm şekillenip başlandygyny aýdypdy.

Tramp ABŞ-nyň berip biljek howa goldawlary boýunça jikme-jiklik bermedi, ýöne ol Waşingtonyň ‘Isleg koalisiýasy’ tarapyndan göz öňünde tutulýan ýewropa goşunlaryny ýerleşdirmäge ýardam berip biljekdigini aýtdy.

Russiýa Ukrainanyň çägine ýewropa goşunlarynyň ýerleşdirilmegini ret edýär. Prezident Wladimir Putin kabul ederlikli parahatçylyk ylalaşygy gazanylmadyk halatynda özleriniň “ähli wezipeleri harby güýç bilen çözmäge” isleg bildirýändigini duýdurdy.

Isleg koalisiýasyny emele getirýän 30 çemesi ýurt esasan Ýewropa ýurtlaryndan düzülýär, ýöne onuň düzümine Kanada, Awstraliýa we Ýaponiýa-da goşulýar.

Forum

XS
SM
MD
LG