Türkmenistanyň mekdeplerinde tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýän mahaly, Lebap welaýatynyň orta bilim berýän edaralarynyň ençemesinde mekdebi, şol sanda synp otaglaryny abatlamak işlerine çekilýärler.
Ene-atalaryň ençemesi okuwçylaryň öz bahalarynyň kemeldilmeginden alada edip, bilim işgärleriniň dilden berýän tabşyrygyny berjaý etmäge mejbur bolýandygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji iýulda maglumat berdi.
“Türkmenabat şäherindäki ençeme mekdepde, şol sanda 8-nji we 33-nji orta mekdeplerde, şeýle hem Çärjew etrabynyň 22-nji we 6-njy orta mekdeplerinde okuwçylar dynç almagyň ýerine mejbury ýagdaýda synplary arassalamaga, partalary süýşürmäge we abatlamaga, diwar reňklemäge gatnaşdyrylýarlar” diýip, çagasy bu mekdepleriň birine gatnaýan ene anonimlik şertinde aýtdy.
Çagalary şu mekdeplere gatnaýan ene-atalaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, bu işlere esasan 10-njy we 11-nji synp okuwçylar çekilýär. Olar muny synp ýolbaşçylarynyň ýa-da ders mugallymlarynyň dilden berýän görkezmesi esasynda ýerine ýetirýärler.
"Okuwda kynçylyk döredilmeginden gorkýarlar"
“Ýokary synp okuwçylar mugallymlara garşy çykmakdan çekinýärler, sebäbi mekdebi tamamlandygy baradaky şahadatnamada bahalarynyň kemeldilmeginden ýa-da soň okuw döwründe kynçylyk döredilmeginden gorkýarlar. Ýogsam okuwçylar mekdebiň remonty, ýagny abatlamak işleri üçin pul goşandygyny hem goşdular. Indi bolsa, olar işlemäge hem mejbur edilýär” diýip, çärjewli bir ene anonimlik şertinde aýtdy.
Ene-atalar şu ýyl okuwçylardan orta mekdepleri abatlamak üçin ýygnalan puluň möçberi barada hem maglumat berip, Türkmenabadyň birnäçe mekdebinde bu serişdäniň 150-250 manat aralygynda bolandygyny aýtdylar.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada welaýat Bilim müdirliginden we agzalan mekdeplerden telefon arkaly resmi teswir almaga synanyşdy. Emma redaksiýamyzyň 8-nji iýulda müdirligiň ýurduň Bilim ministrliginiň web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi. Bu ýagdaýlar barada mekdepler bilen hem habarlaşyp bolmady.
Türkmenistanda döwletiň garamagynda bolan we býujetden maliýeleşdirilýän orta mekdepleri abatlamak işleri üçin okuwçylardan pul ýygnalmagy, şeýle-de bu işleriň okuwçylar tarapyndan amal edilmelidigi barada haýsydyr bir resmi düzgün ýa-da kanunçylyk göze ilmeýär.
Galyberse-de, ýurtda çaga zähmetinden peýdalanmak hem kanun esasynda gadagan edilýär. Şeýle-de, häkimiýetler we resmi media ýurtda çagalaryň döwrüň talaplaryna laýyk bilim almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar.
Muňa garamazdan, ýurtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde mekdebi abatlamak we beýleki işlere çekilýändigi barada Azatlygyň habarçylary ýylyň-ýylyna habar berýärler.
Kemsitmelere sezewar edilmegi...
Mundan başga-da, okuwçylaryň ene-atalary mekdebi abatlamak işleri üçin pul bermäge hem mejbur edilýärler. Onlarça ýyl bäri dowam edip gelýän bu tejribe, ozalam ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän köp ene-atada nägilelik döredýär.
Aprel aýynda Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy mekdebi abatlamak işleri üçin soralýan puly berip bilmeýän ene-atalaryň çagalarynyň mugallymlar tarapyndan köpçülikde, synpdaşlarynyň arasynda ruhy kemsitmelere sezewar edilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň hem köp bolýandygyny habar berdi.
Şol bir wagtda, mugallymlaryň birnäçesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, welaýat bilim ýolbaşçylary toplanýan puly berip bilmedik okuwçylaryň deregine mugallymlardan pul goşmagy talap edýärler.
Türkmen häkimiýetleri we metbugaty ýurduň orta mekdeplerinde onýyllyklaryň dowamynda saklanyp galýan bu tejribe, onuň sebäpleri we mugallymlara, okuwçylara, ene-atalara ýetirýän täsirleri barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.
Türkmenistanyň mekdeplerinde okuw ýyly 25-nji maýda we synaglar iýunyň başynda tamamlanyp, şondan soňra tomusky dynç alyş möwsümi başlanýar we 1-nji sentýabra çenli dowam edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum