2026-2027-nji okuw ýylynda birinji synpa kabul edilýän okuwçylary saglyk barlaglaryndan geçirmek, okuwa ýerleşdirmek ene-atalary täzeden özleşdirmeli durmuş sapaklary – başda barly maşgalalara mahsus bolan 'berim-peşgeş medeniýeti' bilen ýüzbe-ýüz edýär diýip, Balkan sebitindäki çeşmeler we habarçymyz habar berýär.
6 ýaşly çagalaryň ene-atalaryndan ýörite saglyk kepilnamalary diýilýän üçin alynýan paralaryň möçberleri mekdepleriň abraýyna görä kesgitlenýär we alym-berim işleri häkimiýetleriň göre-bile we sessiz ylalaşmagynda amala aşyrylýar diýip, synçylar aýdýar.
Bilimdäki para saglyk öýünden başlanýar
Balkanabatdaky poliklinikalarda dörän nobatlara duranlar diňe çagalardan ybarat bolup, 1-nji, 2-nji we 3-nji saglyk öýlerinde saglyk barlaglaryndan we deri keselleri barlagyndan geçýän alty ýaşlylaryň ene-atalary kepilnama üçin 300 manat para berseler, geljekki okuwçynyň möhümi bir günüň dowamynda bitirilýär.
Çeşmeler bu hyzmaty bitirýän, saglyk öýüne gelip, nobatda durmadyk çagalary hem barlagdan geçdi edip, kepilnamasyny eline getirip berýän maşgala lukmanlarynyň hemişe tapylýandygyny aýdýarlar.
Ýöne, aýdylmagyna görä, çagalaryna turuwbaşdan gowurak bilim berjek bolýan ene-atalaryň 'para missiýalary' saglyk öýlerinden kepilnama almak bilen tamamlanmaýar.
“Esasy parany çagalaryny daşary ýurt dillerini çuňlaşdyrylan esasda öwredýän mekdeplere ýerleşdirjek bolýan ene-atalar bermeli bolýar. Balkanabatda bu hili mekdepleriň birnäçesi bolup, olaryň parasy her çaga üçin iň azyndan 20 müň manatdan başlanyp, 50 müň manada çenli baryp ýetýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ene aýtdy.
Habarçymyzyň aýry-aýrylykda gürleşen ene-atalarynyň tassyklamagyna görä, 1, 2, 21, 22, 7, 3, 15, 10, 26-njy mekdepler, çaga kabul edende alýan paralarynyň möçberleri boýunça, beýleki mekdeplerden gowy tapawutlanýar.
Şol bir wagtda, ene-atalaryň we bilim hünärmenleriniň birnäçesiniň paýlaşan pikir-netijelerine görä, köp para soraýan mekdeplerde berilýän bilimiň derejesi beýleki mekdeplerdäkiden kän bir tapawutlanmaýar.
Anonimlik şertinde gürleşen pedagog mekdeplerdäki paranyň möçberini wezipeli ýa gurply, şol bir wagtda-da bilim-düşünjesi o diýen gowy däl ene-atalaryň özara ýaryşyp köpeldýändigini öňe sürdi.
Beren berimi bilen öwünýänler hem bar
Onuň sözlerine görä, bu hili ene-atalar çagasyny mekdebe ýerleşdirmek üçin beren paralarynyň möçberini aýdyp öwünýärler we, bu ýagdaý kähalatda maddy ýagdaýy o diýen gowy bolmadyk ene-atalaryň hem, çagasyny parasy uly mekdebe ýerleşdirjek bolup, bergi-borja batmagyna getirýär.
“Munça para berer ýaly, uly netije görünmeýär. Elbetde, baýlaryň pullaryny kimdir birileri almalydyr-da, durmuş kanunlaryna düşüner ýaly däl” diýip, bu aýdylýanlary anonimlik şertinde gürleşen sebit synçysy hem tassyklady.
Onuň sözlerine görä, bellige alynýan ownuk jenaýatlaryň tas ählisi diňe agzalan ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylaryndan çykýar.
Öňki iki prezident döwründe geçirilen hökümet mejlislerinde, döwlet eýeçiligindäki metbugatda käte bilimdäki para meselesi ‘kiçi dilden bärde hem bolsa, berk ýazgarylardy’ diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen öňki pedagog aýtdy we soňky ýyllarda mekdepleriň ‘gowy mekdep adyny alyp, ene-atalaryň öňündäki para nyrhyny ýokarlandyrmak oýnunyň’ tas hiç kime gizlin däldigini öňe sürdi.
Bu pikir bilen Balkandaky habarçymyz bilen gürleşen ýaşaýjy hem ylalaşdy we soralýan paranyň möçberi bilen tapawutlanýan mekdepleriň ýolbaşçylarynyň ‘özlerini reklama etmek üçin her hili hile-mekirlige ýüz urmakdan hem gaýtmaýandygyny belledi:
“Ýaş şahyrlar ýa-da olimpiadalarda ýeňijiler anyklansa, ýa-da obalarda, şäheriň pes hasaplanýan mekdeplerinde bilimli çaga peýda bolsa, bu mekdepler derhal häkimlere aýdyp, ol çagalary öz mekdebine geçirip, kör abraý alýarlar. Bu olara mekdebine her ýyl müňläp manat para berýän sada adamlaryň gözüni-başyny aýlamak üçin gerek, gowy reklama bolýar.”
Gowy okaýan çagalar 'reklama üçin ulanylýar'
Azatlygyň söhbetdeşleri ‘paraly mekdeplerde gowy okaýan, biraz bilimli çagalaryň hem reklama üçin ulanylýandygyny’ aýtdylar.
“…olar ýygnaklarda, toýlarda ‘biziň mekdebiň okuwçysy Türkmenistan boýunça bäsleşikde birinji ýa-da ikinji orny aldy’ diýip öwnüp, geljek okuw ýyly üçin özlerine para berjek adamlary tapýarlar” diýip, bir ýaşaýjy bu hili gürrüňleriň sada adamlary aldamakda ‘gowy netije berýändigini’ belledi.
Onuň sözlerine görä, müňden gowrak okuwçyly mekdepde 1 ýa-da 2 okuwçynyň gazanan netijesine seredip, öz çagasynyň bäsleşiklerde, olimpiadalarda ýeňiji bolmagyna umyt baglaýan we, para berip, çagalaryny reklama edilýän mekdeplere ýerleşdirýän ene-atalaryň sany barha köpelýär.
Azatlyk bu aýdylýanlary resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Ýerli synçylar ýurduň bilimdäki para ‘keseliniň’ geçen asyryň 70-nji ýyllarynda ilki ÝOJ-larda, hünär mekdeplerinde başlanyp, 90-njy ýyllaryň başynda orta mekdeplere, biraz soň çagalar baglaryna çenli ýaýrandygyny aýdýarlar.
Häzir ýewropa ýurtlarynyň birinde ýaşaýan öňki pedagog türkmenistanly ene-atalaryň çagalaryny ýaramaz täsirlerden goramalydygyny, olara kiçilikden bilim-sowat öwretjek bolmalydygyny aýtdy.
“Çagalary heniz 6 ýaşamanka para berip, ene-atalar olary jemgyýetdäki ýaramaz endiklere uýgunlaşdyrýar” diýip, öňki pedagog aýtdy.
Bilimdäki para meselesinde diňe hökümeti, resmileri we gurply ene-atalary, olaryň ýalta çagalaryny günäkärleýänler hem az däl. Ýöne synçylaryň käbiri ‘bu agyr ýagdaýy halkyň özi döredýär’ diýip pikir edýär.
“…çaga dogulýar, göbek enä para bermeli, çagalar bagyna para bermeli, mekdepde para bermeli, ÝOJ-lara para bermeli, dynç almak üçin kurorta baryp, ýer aljak bolsaň para bermeli, işe ýerleşmek üçin hem, pensiýa çykmak üçin hem para bermeli” diýip, bir ýaşaýjy türkmen jemgyýetinde parasyz ýeriň tasdan galmandygyny öňe sürdi.
Onuň sözlerine görä, indi adamlar para bermek, para almak ýaly zatlaryň ne kanuna, ne dine sygýandygy barada pikir hem etmeýärler.
“Mundan 15 ýyl ozal Belarusýany garyp, diktator režimli döwlet hasap ederdik. Häzir ol ýerde okap, işläp gelen ýaşlarymyz ol döwletiň bizden 20 esse erkin we adalatlydygyny aýdýarlar” diýip, balkanly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk bilimdäki paranyň ýaýrawy, jemgyýetde çuň kök uran korrupsiýa we oňa garşy görülýän kanuny çäreler barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum