Soňky habar

Özbegistan we Türkmenistan serhetýaka sebit ýaşaýjylary üçin wizasyz gatnawy dikeltmek meselesine seredýär

Türkmen-özbek serhet geçelgesi (arhiw suraty)
Türkmen-özbek serhet geçelgesi (arhiw suraty)

Özbegistan Türkmenistan bilen serhetýaka sebitleriniň ýaşaýjylary üçin wizasyz gatnawlary dikeltmek meselesini we iki ýurduň arasynda göni uçuşlary ara alyp maslahatlaşýar. Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatyna görä, bu mesele iki ýurt resmileriniň arasynda 18-nji noýabrda geçirilen duşuşykda gozgalypdyr.

Resmi habara görä, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Olimjon Abdullaýew Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen duşuşypdyr. Gepleşikde ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, şol sanda ulag we logistika aragatnaşyklarynyň ösdürilmegi, halkara ýük daşamalarynyň ýeňilleşdirilmegi, şeýle hem döwlet serhedindäki geçiş nokatlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi ara alnyp maslahat edilipdir.

Hususan-da, resmiler Daşkent–Aşgabat–Daşkent ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny dikeltmegi, şeýle hem serhetýaka sebitleriniň ýaşaýjylary üçin üç güne çenli möhlet bilen wizasyz gatnawlary gaýtadan ýola goýmagy maslahatlaşypdyr.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda wiza düzgüni 1999-njy ýyldan bäri saklanyp galýar, ýurtlaryň serhetýaka sebitlerinde ýaşaýan raýatlar üçin üç güne çenli möhlet bilen wizasyz gatnaw tertibiniň ýola goýulmagy 2004-nji ýyldaky hökümetara ylalaşygynda göz öňünde tutulýar.

"Konsullyk meseleleri boýunça taraplar raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, şeýle hem degişli ygtyýarly edaralaryň arasynda maglumat alyş-çalyşyny kämilleşdirmek barada pikir alyşdylar" diýip, Özbegistanyň DIM-niň habarynda aýdylýar.

Maglumata görä, duşuşygyň ahyrynda taraplar gepleşilen meseleler boýunça degişli edaralar bilen utgaşykly işleşmek we amaly hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşypdyr.

Uçar gatnawy

Özbegistanyň we Türkmenistanyň häkimiýetleri iki ýurduň arasynda göni uçuşlary gaýtadan ýola goýmak barada geçen ýylyň awgustynda ylalaşypdy.

22-nji awgustda Türkmenistanyň "Awaza" syýahatçylyk zolagynda Özbegistanyň rezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Azerbaýjanyp prezidenti Ilham Aliýewiň arasyndaky üç taraplaýyn duşuşykda birnäçe dokumente gol çekildi. Olaryň arasynda "Türkmenhowaýollary" döwlet gullugynyň başlygy Döwran Saburow we Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow arasynda raýat awiasiýasy ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky teswirnama gol goýuldy. Bu barada özbek mediasy ýurduň ulag ministrine salgylanyp habar berdi.

Iki goňşy ýurduň arasynda serhet üsti ýolagçy transportyň hiç bir görnüşi gatnamaýar.

Uçar, otly we awtobus gatnawynyň bolmazlygynda raýatlar guryýer serhet geçelgelerinden peýdalanýarlar. Uzynlygy 1793 kilometrden ybarat araçäkde awtoulaglar üçin dört sany barlag-geçiş nokady bar, serhet geçelgeleriniň ýene üçüsi demirýol geçelgesi bolup, ýolagçy gatnawy üçin niýetlenmeýär.

Serhetden geçmek meselesi

Iki ýurduň resmileriniň raýatlaryň we ýükleriň gatnawyny ýeňilleşdirmek barada ençeme ýyl bäri yzygiderli geçirýän gepleşikleriniň arasynda raýatlaryň we ýükleriň serhetden geçmeginde uly bökdençlikler saklanyp galýar.

Türkmen-özbek serhet geçelgeleri sebäbi düşündirilmezden wagtal-wagtal ýapylýar. Raýatlaryň serhetden geçip bilmän, birnäçe günläp serhet geçelgeleriniň arasynda galmagy ýaly ýagdaýlar hem ýüze çykýar.

Transport gatnawynyň logistikasyna degişli problemalar hem ýüze çykýar, serhetdäki gümrük geçelgelerinden geçip bilmedik üstaşyr ýük ulaglarynyň uly nobatlary döreýär.

Serhetden geçmekdäki problemalar iki ýurduň özara serhedinde gurlan türkmen-özbek söwda zolagynyň dolandyrylmagyna hem täsir ýetirýär.

"Şabat" serhet geçelgesinde gurlan bazar türkmen we özbek prezidentleri Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda 17-nji noýabrda açylypdy. Emma uly dabara bilen açylan bu bilelikdäki söwda zolagynyň türkmen tarapynyň ýapyklygyna galýandygy habar berlipdi.

Iki ýurduň arasyndaky wiza düzgünine garamazdan, goňşy ýurda barýan türkmen raýatlarynyň sany gitdigiçe artýar. Özbegistanyň statistika komitetiniň sanlaryna görä, 2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistanyň 340 müňden gowrak raýaty Özbegistana syýahat edipdir. Özbegistanyň syýahatçylyk boýunça komitetiniň maglumatyna görä, 2026-njy ýylyň diňe ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistandan baranlaryň sany 51 206 adam barypdyr.

Özbegistan türkmen raýatlarynyň iň köp gatnaýan ýurtlarynyň birine öwrülýär, türkmenistanlylar goňşy ýurda işiň gözleginde, söwda, saglygyny bejermek we bilim almak üçin köp barýarlar.

Türkmen hökümeti migrasiýanyň möçberini, şol sanda öz raýatlarynyň Özbegistana gatnawynyň derejesini görkezýän resmi statistikany çap etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

​
XS
SM
MD
LG