Balkan welaýatynda býujet işgärleriniň pagta ýygymyna köpçülikleýin gatnaşdyrylmagynyň arasynda, kärendeçi daýhanlar ýerli häkimiýetleriň öz üstlerine täze talaby ýükländiklerini aýdýarlar.
Muňa laýyklykda, daýhanlar býujetçileriň ýygan pagtasy üçin adatdakysyndan tas üç esse köp töleg bermäge mejbur edilýärler. Kärendeçileriň ençemesi bu tölegiň aşa ýokarydygyny, özleriniň bu ýylky zähmetiniň puja çykjakdygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy sentýabrda sebitden maglumat berdi.
“Döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhy 5 manat bolan pagtanyň 1 kilogramy üçin ýygymçylara 1 manat töleýäris. Ýöne ýerli häkimiýetler bizi dynç günlerinde pagta meýdanlaryna ugradylýan býujet işgärleriniň ýygýan her 1 kilogram pagtasy üçin olara 2,5-3 manat tölemäge mejbur edýärler” diýip, balkanly bir pagtaçy kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Kärendeçileriň sözlerine görä, ýerli häkimiýetler bu tölegi bermekden ýüz öwürýän daýhanlara pagtany harmana tabşyrmak döwründe ýa-da öňümizdäki ekiş möwsüminde tehnika, suw, dökün ýaly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy barada haýbat atýarlar.
“Resmiler bu talabyň sebäbini adaty ýygymçylara berilýän tölegiň azdygy, munuň býujet işgärlerini kanagatlandyrmajakdygy bilen düşündirýärler. Käbir kärendeçileriň ‘onda döwlet hem pagtanyň satyn alyş nyrhyny galdyrsyn’ diýen sözlerine, adatdakysy ýaly haýbatlar, gorkuzmalar bilen jogap berýärler” diýip, balkanly ýene bir kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.
“Zähmetiň gadyry bir köpük bolýar”
Şu hepdäniň başynda sebitdäki habarçymyz ýerli häkimlikleriň kärendeçilerden býujet işgärleriniň ýygan her 1 kg pagtasy üçin 2,5-3 manat töleg bermegi talap edýändigini habar berdi.
“Pagtanyň azlygy sebäpli, býujet işgärleriniň tutuş günüň dowamynda ýygýan pagtasy 10 kilogramdan geçmeýär. Eger daýhanlar 1 manatdan tölese, ol 10 manat bolýar. Bu bolsa, býujet işgärleriniň ýol kireýlerine hem ýetmeýär diýipdirler” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly býujet işgäri aýdypdy.
Türkmenistanda pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy soňky gezek 2024-nji ýylda 3,5 esse ýokarlandyrylypdy. Nah pagtanyň tonnasy 1355-1500 manat aralygynda bolanlygyndan, ýygnalan möwsümine we hiline görä, 4550-5000 manada çykdy. Ýüpek pagtanyň tonnasy 1820-2000 manat bolanlygyndan, şu ýylyň hasylyndan başlap, 6100-6700 manada çykdy.
Şol bir wagtda, daýhanlar býujet işgäriniň ýygan pagtasy üçin 2,5-3 manat töleg berip, galan girdejiniň 30%-ni hem tehnika, dökün, tohum, suw, salgyt ýaly tutumlara geçirýändiklerini aýdyp, kärendeçileriň bu ýylky hasyldan boş çykjakdygyny belleýär.
“Ir bahardan şu güne çenli çeken zähmetiň gadyry bir köpük bolýar. Hasyl pes, suw wagtynda berilmedi, dökün wagtynda tapylmady, ir ekilen gowaçalar sil suwlaryndan soň gaýta ekildi. Bu tebigy şertler onsuz hem hasylyň pes bolmagyna, çykdajylaryň bolsa köp bolmagyna sebäp boldy. Bularyň üstesine-de, býujetçilere tas üç esse töleg bermeli bolýarys” diýip, Bereket etrabyndaky pagtaçy kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.
“Her birimizden 50-60 manatdan pul alýarlar”
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda welaýat häkimliginden we Oba hojalyk bölüminden resmi teswir almaga synanyşdy. Redaksiýamyzyň 30-njy sentýabrda welaýat häkimligine eden telefon jaňyna jogap beren resmi pagtaçy kärendeçileriň ýüzbe-ýüz bolýan töleg meselesi barada soranymyzda, telefony dessine taşlamak bilen boldy.
Türkmenistanda şu ýyl pagta ýygymyna resmi taýdan 9-njy sentýabrda badalga berildi. Ýöne ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz pagta ýygymyna baryp awgustyň ortalarynda girişilendigini we şondan bäri bu işlere býujet işgärleriniň, esgerleriň we hasapda duran arakhorlaryň mejbury gatnaşdyrylýandygy barada habar berip gelýärler.
Bu aralykda, balkanly býujet işgärleriniň ençemesi özleriniň resmi taýdan dynç güni diýlip yglan edilen – 27-28-29-njy sentýabrda mejbury pagta ýygymyna gatnaşdyrylandygyny aýdyp, şeýle diýdi:
“Nobatdaky ýygymyň öňümizdäki dynç günlerinde dowam etjekdigi duýduryldy. Häkimlik işgärleri hepdäniň dowamyndaky iş günleri üçin bolsa, ornumyza hakyna adam tutmak üçin diýip, edaradaky işgär sanyna görä, her birimizden 50-60 manatdan pul alýarlar” diýip, balkanabatly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Berk döwlet gözegçiligindäki resmi metbugatda pagta ýygymy möwsüminde ýygymçylaryň işlemegi we dynç almagy üçin “ähli şertleriň döredilendigini” öňe sürülse-de, mejbury ýygym, daýhanlardan edilýän talaplar barada hiç zat aýdylmaýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Halk Maslahatynda eden çykyşynda şu ýyl ýurt boýunça 1 million 250 müň tonna pagta tabşyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum