Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainany has kän dron bilen nyşana aldy, parahatçylyk gepleşiklerine 'esas görmeýär'


Herson. Abgyn söndürijiler iş başynda
Herson. Abgyn söndürijiler iş başynda

Russiýa Ukrainanyň dürli ýerlerindäki, şol sanda paýtagt Kiýewdäki nyşanalary dron zarbalaryna tutdy diýip, ukrain häkimiýetleri 20-nji dekabr güni irden aýtdy. Bu hüjüm Kremliň parahatçylyk gepleşiklerini ret eden we ABŞ kömeginiň dowam etmeginiň has kän gümana gaplanan wagtyna gabat geldi.

Prezident Wolodymyr Zelenski bu hüjümden biraz öň Birleşen Ştatlaryň indi gümanly bolup görünýän kömeginiň beriljekdigine şindi hem umyt baglaýandygyny bildirdi.

Ukrainanyň howa güýçleri Kiýewe, Odesa, Hersona we Ukrainanyň beýleki sebitlerine uçurylan 19 pilotsyz uçaryň 18-siniň ýok edilendigini aýtdy.

"Deslapky maglumata görä, paýtagtda ölen ýa ýaraly bolan bolmady, zyýan çekilmedi" diýip, Kiýewiň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko telegram habarlaşma programmasynda aýtdy.

Şeýle-de, Ukrainanyň howa güýçleri Russiýanyň gündogardaky Harkow sebitine iki sany ýerüsti, howada ugrukdyrylýan raketa bilen hüjüm edendigini, bu hüjüm netijesinde ölen ýa ýaraly bolan adamyň bolmandygyny aýtdy.

Şu aralykda, günortadaky Herson sebitindäki sebit harby administrasiýasy 20-nji dekabrda rus oklaryndan 16 adamyň, şol sanda dört çaganyň ýaralanandygyny aýtdy.

Russiýa bu habarlar bilen baglylykda bada-bat hiç bir düşündiriş bermedi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň 20-nji dekabrda Moskwada žurnalistlere aýdan sözlerine görä, Moskwa bilen Kiýewiň arasynda häzir gepleşik geçirmek üçin esas ýok.

Täze hüjüm we Peskowyň aýdan sözleri ABŞ Senatynyň Ukraina has köp kömek bermek we ABŞ-nyň serhet howpsuzlygyny güýçlendirmek meselelerine indiki ýylyň başyna çenli ses bermejekdigi, sebäbi demokratlar bilen respublikanlaryň arasyndaky gepleşikçileriň gepleşikleri dowam etdirýändigi barada çykan habaryň yz ýanyna gabat geldi.

"Gepleşikçilerimiz dekabr we ýanwar aýlaryndaky arakesme wagtynda örän we örän yhlas edip işlärler we biziň maksadymyz yza dolanyp gelen badymyza bir zatlar etmekden ybarat" diýip, Senatyň Demokratik lideri Çak Şumer žurnalistlere aýtdy.

Şumer we Senatyň respublikanlaryň lideri Miç Makkonnell tarapyndan edilen bilelikdäki beýanatda gepleşik geçirýänleriň "ruhlandyryjy öňegidişlik gazanýandyklary", ýöne "kyn meseleleriň saklanyp galýandygy" aýdyldy.

Şumer we Makkonnell özleriniň Ukraina, Ysraýyla, Taýwana we ABŞ-nyň günorta serhedine milliardlarça dollarlyk serişde goýberilmegine ýol açýan kanunlaryň kabul edilmegine “ygrarly bolup galýandyklaryny” aýtdylar.

Zelenski biraz öň Kiýewde eden çykyşynda, yzagaýdyşlyga garamazdan, ABŞ tarapyndan üpjün edilýän howa goragy ulgamlarynyň anyklaşdyrylmadyk böleginiň ýoldadygyny we ýewropalylaryň hem kömek bermeklerini dowam etdirýändigini aýtdy, ýöne ol Ukrainanyň, ýurdy goramak üçin alyp barýan söweşini dowam etdirmegi üçin, kömegiň gyssagly ýagdaýda berilmegine mätäçdigini nygtady.

"Birleşen Ştatlaryň kömegi bize edil häzir gerek. Biz Ýewropa Bileleşiginiň berýän kömegine hem mätäç” diýip, Zelenski aýtdy. "Men öz hyzmatdaşlarymyzyň bizi diňländiklerine we eşidendiklerine begenýärin. Meniň pikirimçe, Ukraina berilýän kömek ýakyn wagtda gelip ýetişer" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenski NASAMS-laryň, raketa garşy ulanylýan kämil milli raketa ulgamlarynyň getirilip berilmegine garaşylýandygyny belläp, Birleşen Ştatlaryň wada beren ähli zady bilen üpjün etjekdigine ynanýandygyny, sebäbi Waşingtonyň öz berýän maliýe goldawynyň ählisiniň Ukrainanyň harby çozuşa garşy durmak zerurlygyna gönükdirilýändigine düşünýändigini aýtdy.

"Men Birleşen Ştatlaryň bize ikilik etmejekdigine we biziň wada berlen zatlaryň ählisini aljakdygymyza ynanýaryn" diýip, ol Ukrainanyň Ýewropadaky hyzmatdaşlary, ÝB we beýleki ýewropa döwletleri bilen hem "aýratyn gatnaşyklary" gurandygyny aýtdy. Olar hem maliýe we harby kömek bilen "bize berýän goldawlaryny dowam etdirýärler" diýip, ukrain lideri sözüniň üstüni ýetirdi.

Kiýewde geçirilen metbugat ýygnagy Ak tamyň şu aýda has köp harby kömek bermek planyny aýdan wagtyna, şeýle-de, Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş bankynyň Ukraina berilýän maliýe kömegini ýokarlandyrmak üçin 4,3 milliard dollar maýa goýumyny tassyklan wagtyna gabat geldi.

Zelenski ýyl aýagyna çenli ABŞ-nyň Ukraina üçin berýän harby kömeginiň azyndan bir goşmaça bukjasyna bil baglap biler, emma prezident Jo Baýdeniň kanun çykaryjylardan Ukraina, Ysraýyl we serhet howpsuzlygy üçin tassyklanmagyny soraýan 100 milliard dollarlyk has uly kömek bukjasy, esasan republikanlaryň mundan aňryk berilmeli kömekleri oňlamazlygy sebäpli, Kongresde saklandy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin biraz öň ýokary derejeli harby ýolbaşçylar bilen duşuşyp, rus goşunlarynyň Ukrainada "inisiatiwany öz ellerinde saklaýandygyny" aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG