Merkezi Aziýanyň durnuklylygy ABŞ üçin näme sebäpden möhüm? Russiýanyň we Hytaýyň täsiriniň güýçlenýän wagtynda, Waşington sebitdäki ýurtlara näme hödürläp biler? Döwlet sekretary Marko Rubionyň saparynyň öňüsyrasynda, ABŞ-nyň senatory Jon Kertis howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi, ABŞ-nyň möhüm mineral serişdelere bolan gyzyklanmasy we "Sowuk uruş" döwründen bäri dowam edip gelýän söwda çäklendirmeleriniň aýrylmagynyň ähtimallygy barada pikir alyşdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Merkezi Aziýa saparyna taýýarlanýar. Bu saparyň dowamynda dürli diplomatik we ykdysady meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Şeýle-de bolsa, bir sorag ýüze çykýar: Russiýanyň we Hytaýyň täsiriniň giňelýän şertlerinde, Waşington bu sebit bilen gatnaşyklaryny anyk nähili berkitmegi meýilleşdirýär?
ABŞ-nyň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyny goldaýan, Ýuta ştatyndan respublikan senator Jon Kertis, sebitdäki durnuklylygyň ABŞ-nyň bähbitleri üçin örän möhümdigine ynanýar. Bu, esasanam, dünýäniň beýleki künjeklerinde nämälimligiň artýan döwründe has-da wajypdyr.
Iýul aýynda senator Kertis "Senat kararnamasy 816" rezolýusiýasynyň bilelikdäki awtorlarynyň biri boldy. Bu resminama Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanýar.
Resminamada ABŞ-nyň bu bäş döwlet bilen gatnaşyklaryny giňeltmegiň we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti bellenýär, şeýle hem Merkezi Aziýanyň Waşington üçin strategiki ähmiýetiniň artýandygy nygtalýar.
Rubionyň saparynyň öňüsyrasynda, AÝ/AR-nyň iňlis dilindäki gullugy senator Kertis bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşlikde Merkezi Aziýanyň ABŞ-nyň milli howpsuzlygyndaky orny, Waşington, Moskwa we Pekin arasyndaky gatnaşyklary deňagramlaşdyrmagyň çylşyrymlylygy, sebitdäki möhüm mineral serişdeler, şeýle hem köp ýyllardan bäri dowam edýän söwda çäklendirmelerini, hususan-da "Jekson-Wanik düzedişi" bilen girizilen çäklendirmeleri ýatyrmak boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
"Durnukly Merkezi Aziýa" barada
AÝ/AR: Merkezi Aziýa şu wagt ABŞ-nyň milli howpsuzlygy üçin näme sebäpden möhüm?
Senator Jon Kertis: Geliň, soragyňyzy biraz başgaça goýalyň: durnuklylyk ABŞ-a näme üçin möhüm? Meniň pikirimçe, şonda jogap aýdyň bolýar. Dünýäniň beýleki ýerlerinde höküm sürýän nämälimlikleri göz öňünde tutsaň, bu sebitdäki durnuklylyk biziň üçin örän wajypdyr.
AÝ/AR: Merkezi Aziýa ABŞ üçin howpsuzlyk babatda has möhüm hyzmatdaşa öwrülip bilermi, şol sanda has giň sebitde?
Senator Jon Kertis: Hawa, elbetde. Munuň hem olar, hem-de biz üçin peýdaly boljakdygyna ynanýaryn. Şeýle hem, dünýäniň beýleki ýerlerinde, esasanam Aziýada durnuksyzlygyň höküm sürmeginiň, şeýle hyzmatdaşlygyň ähmiýetini has-da artdyrýandygyny ýene bir gezek nygtamak isleýärin.
AÝ/AR: ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileri, şol sanda döwlet sekretary Merkezi Aziýa seýrek sapar ederler. Rubionyň şu wagtky sapary näme üçin möhüm hasaplanýar?
Senator Jon Kertis: Siz örän hakly. Meniň pikirimçe, amerikanlaryň köpüsi dünýäniň bu bölegine uly üns bermeýärler. Biziň kabul eden kararlarymyzyň örän möhüm bolmagynyň sebäbi-de şudur: ol bu sebitiň ähmiýetlidigini we biziň bu sebit bilen gatnaşyklarymyza uly baha berýändigimizi görkezýär.
AÝ/AR: Merkezi Aziýa ýurtlary bu saparyň dowamynda ýa-da ondan soň Waşingtondan nähili anyk borçnamalara ýa-da wadalara garaşyp bilerler?
Senator Jon Kertis: Meniň pikirimçe, olar sebit durnuklylygyny berkitmek üçin özleriniň nähili ädimleri ädip biljekdiklerine, biziň bu işde olara nähili kömek edip biljekdigimize we hyzmatdaşlar hökmünde bilelikde nähili işleşip biljegimize esaslanmaly.
Russiýa, Hytaý we ABŞ bilen hyzmatdaşlygy berkitmek üçin mümkinçilikler
AÝ/AR: Russiýa we Hytaý Merkezi Aziýada öz täsirini giňeldýärler. ABŞ sebitdäki bäş döwlete bu güýçleriň haýsydyr birine aşa garaşly bolmazlyk üçin nähili kömek edip biler?
Senator Jon Kertis: Meniň pikirimçe, bu karary ýurtlaryň özleri kabul etmeli, şeýle dälmi? Eger olar şeýle isleseler, Russiýa we Hytaýa has-da köpräk garaşly bolmak mümkinçiligi olarda elbetde bar. Ýöne olar başga bir ýoly saýlasalar — we biz hakykatdanam şeýle bolmagyny umyt edýäris — onda olaryň ABŞ bilen hyzmatdaş we ýaran bolmak üçin has özüne çekiji mümkinçilikleri bar.
AÝ/AR: Merkezi Aziýanyň möhüm mineral serişdeler pudagynyň ABŞ-nyň ykdysady howpsuzlygy üçin nähili ähmiýeti bar? Döwlet sekretary Rubio ykdysady hyzmatdaşlygy hem öz içine alýan giň gün tertibi bilen sebite barýar. Onuň bilen bilelikde 200 töweregi işewür wekiliniň barmagyna garaşylýar.
Senator Jon Kertis: Ýene-de aýtsam, bu sebitdäki ýurtlaryň özlerine baglydyr. Emma biz bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň möhüm bölegine öwrülip biler. Hemmeleriň bilşi ýaly, möhüm mineral serişdeler diňe bir ABŞ üçin däl, eýsem tutuş dünýä üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle serişdelere eýe bolmak, örän uly rol oýnap biljek uly artykmaçlykdyr.
Jekson-Wanik düzedişi barada
AÝ/AR: Soňky bir sorag — Jekson-Wanik düzedişi barada. Merkezi Aziýanyň bäş döwleti hem ABŞ Kongresinden bu düzediş arkaly girizilen çäklendirmeleri ýatyrmagy haýyş etdiler, sebäbi olar ABŞ bilen ykdysady hyzmatdaşlyga päsgel berip biler. Kongresde bu meseläni çözmek boýunça eýýäm başlangyçlar, şol sanda Senatda hödürlenen kanun taslamasy bar. Kongres bu prosesi öňe süýşürmek we bu çäklendirmeleri aýyrmak üçin näme edip biler?
Senator Jon Kertis: Belläp geçişiňiz ýaly, Senat has işjeň çemeleşýär. Biz Wekiller palatasyndaky kärdeşlerimizi hem bu tagallalary goldamaga çagyrmaly we olara täsir etmeli.