Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainanyň 'giň gerimli' hüjümini yzyna serpikdrendigini öňe sürýär, Kiýew habaryň 'galpdygyny' aýdýar


Bahmut ýolundaky esgerler
Bahmut ýolundaky esgerler

Russiýa öz güýçleriniň gündogar Donetsk sebitinde köpugurly "giň gerimli" ukrain hüjümini yzyna sepikdirendigini öňe sürdi, emma Kiýew bu habary ret etdi we Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda ýurda çozaly bäri ýitirilen territoriýany yzyna almak üçin köpden bäri garaşylýan garşylyklaýyn hüjümi başlandygyny inkär etdi.

Russiýanyň 5-nji iýundaky beýanaty prezident Wolodymyr Zelenskiniň "The Wall Street Journal" gazetine 3-nji iýunda ukrain güýçleriniň garşylykly hüjüme taýýar bolandygynyň garaşsyz tassyklanyp bilinmejekdigini we ukrain harbylary tarapyndan ret edilendigini aýtmagynyň yz ýanyndan edildi.

"Garşylyklaýyn hüjüm bolmadygam bolsa, ukrainalylary ruhdan düşürmek we halky, şol sanda öz ilatyny hem aldamak üçin, rus propagandaçylary garşylykly hüjüm, onuň ugurlary we ukrain goşunynyň ýitgileri barada ýalan maglumatlary ýaýradýarlar" diýip, harbylaryň beýanatynda aýdylýar.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 5-nji iýun güni irden Ukrainanyň Donetskiň günortasynda eden "esasy" garşylyklaýyn hüjümini puja çykarandygyny we ýüzlerçe ukrain esgerini öldürendigini öňe sürdi.

Ministrlik ukrain goşunynyň Donetskiň günortasynda alty sany mehanizirlenen we iki sany tank batalýony bilen hüjüm edendigini, emma bu hüjümiň "üstünlik getirmändigini" aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 4-nji iýun güni giçlik öz güýçleriniň ukrain serhediniň golaýynda, Russiýanyň Belgorod sebitindäki Nowaýa Tawolžanka şäherçesine girmäge synanyşan "ukrain terrorçylarynyň ýykgynçylyk we aňtaw toparynyň" öňüni almagy başarandygyny aýtdy.

"Duşmana artilleriýa zarbasy uruldy. Duşman dargadyldy we yza sepikdirildi" diýip, ministrlik 4-nji iýunda çap eden beýanatynda aýtdy.

Ukrainadan Russiýanyň Belgorod sebitine has köp hüjüm edilendigi baradaky habarlaryň arasynda, ukrain goşuny soňky 24 sagadyň dowamynda gündogar we günorta Ukrainada täze söweşleriň bolandygyny aýtsa, Kiýew Russiýanyň "zyýankeşleri" tarapyndan Harkow sebitine aralaşmak synanyşygynyň öňüni alandygyny habar berýär.

Gündogardaky we günortadaky söweşleriň soňky 24 sagatda hem dowam etmegi bilen, ukrain goragçylary gündogarda ruslaryň öz pozisiýalaryna eden 29 hüjümini yzyna serpikdirdi diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 5-nji iýundaky hasabatynda aýtdy.

Rus güýçleriniň Harkow, Luhansk we Donetsk sebitlerinde eden hüjümleri şowsuz boldy, olar harby we raýat nyşanalaryna tarap seljermezden artilleriýa we howa zarbalaryny urdular diýip, habylar aýtdy.

Söweş Russiýanyň Zaporižiýada we Hersonda, bölekleýin basyp alan günorta sebitlerinde dowam etdi diýip hasabatda bellenýär.

Ukrainanyň gury ýer güýçleriniň serkerdesi, general Oleksandr Syrski 5-nji iýunda ukrain güýçleri Bahmutyň golaýynda, Donetsk sebitine gözegçilik etmek üstünde barýan ençeme aýlyk söweşiň merkezi bolan şäherde öňe süýşýär diýdi.

"Biz ilerlemegi dowam etdirýäris" diýip, Syrski telegramda ýazdy.

Ukrain goşuny 5-nji iýunda öz güýçleriniň Russiýanyň gündogar Harkow sebitindäki "ýykgynçylyk we aňtaw" toparynyň sümüp girmek synanyşygynyň üstüni açandygyny we olary yzyna sepikdirendigini aýtdy.

"Duşman geçen bir günüň dowamynda Siwerski we Slobožanski ugurlaryndan, Ukrainanyň döwlet serhedini bozup, Harkow sebitiniň Zelene şäherçesiniň çägine girmek üçin şowsuz synanyşyk etdi" diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 5-nji iýunda, irden beren habarynda aýtdy.

Harkow sebiti Russiýanyň Belgorod sebiti bilen serhetleşýär we soňky günlerde bu ýerde bolan söweşler barada birnäçe gezek habar berildi.

4-nji iýunda Ukrainanyň serhediniň rus tarapynda täze söweşleriň bolandygy habar berildi. Kremle garşy söweşijiler birnäçe rus esgerini ýesir alandyklaryny we Belgorod sebitiniň gubernatory tussag çalyşmak üçin gepleşige gelip bilmänsoň, olary Kiýewe tabşyrandyklaryny aýtdylar.

Russiýanyň Belgorod şäheriniň häkimi Wýaçeslaw Gladkow öz sebitinde, Ukraina bilen serhetleşýän ýerde bolýan söweşleri we käbir esgerleriň Ukraina tarapdar rus söweşijileri tarapyndan ýesir alnandygyny boýun aldy.

Ol biraz öň serhet ýakasyndaky söweşijiler bilen duşuşjakdygyny we alyş-çalyş meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin olaryň “howpsuzlygyna kepil geçjekdigini” aýtdy, emma Kremle garşy söweşijiler häkimiň asla görünmändigini we şu sebäpden ýesirleri Ukrainanyň hökümetine tabşyrýandyklaryny aýtdylar.

Bu aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda barlap bolmady.

Özüni Russiýanyň Meýletinçiler korpusy (RMK) diýip atlandyrýan topar telegramda beýannama çap edip, ýesir alnan diýilýän 10-12 sany rus esgeriniň, şol sanda hassahana düşeginde oturan iki adamyň wideosyny görkezdi.

Russiýanyň içindäki harby hereket RMK we özüni “Azat Russiýa legiony” diýip atlandyran beýleki bir topar Belgorod sebitindäki şäherlerde we obalarda rus güýçlerine hüjüm edip, serhetaşa çozuşlary gurnanyndan iki hepde soň amala aşyryldy. Ukraina özüniň hüjümleriň arkasynda durandygy barada aýdylýanlary inkär etdi.

Ukrain resmileri 4-nji iýun güni irden Russiýanyň Ukrainanyň merkezi Dnipro şäherine uran howa zarbasynda 2 ýaşly çaganyň öldürilendigini, paýtagt Kiýewdäki howa goragçylarynyň rus dronlarynyň we raketalarynyň täze tolkunyny puja çykarandygyny aýtdylar.

Russiýanyň 3-nji iýun güni giçlik Dnipro ýaşaýyş etrabyna eden hüjüminde 22 adam, şol sanda bäş çaga ýaralandy diýip, Dnipropetrowsk sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Serhiý Lysak aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG