Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen diplomaty: Aýal-gyzlar üçin ýörite geýim talaby we sürüjilik şahadatnamasyny almakda çäklendirme ýok


Türkmenistanda, hususan-da, býujet işgärlerinden ýakasy ýapyk, giň köýnek geýmek, ýasama kirpik we drynak dakdyrmazlyk talap edilip, olara başga-da ençeme gözellik hyzmatlary gadagan edilýär. (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanda, hususan-da, býujet işgärlerinden ýakasy ýapyk, giň köýnek geýmek, ýasama kirpik we drynak dakdyrmazlyk talap edilip, olara başga-da ençeme gözellik hyzmatlary gadagan edilýär. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýurtda aýal-gyzlar üçin dres-koduň, ýagny ýörite geýim talabynyň we sürüjilik şahadatnamasyny almakda çäklendirmäniň ýokdugyny aýtdy. Hajiýew bu barada daşary ýurtly žurnalistleriň we halkara wekilleriniň gatnaşmagynda 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde belledi. Bu barada “RIA Nowosti” neşiri habar berýär.

BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň Köpugurly döwürleýin syny boýunça Iş toparynyň 44-nji mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynyň netijelerine bagyşlanan brifingde Hajiýew mejlise gatnaşan ýurtlaryň wekiliýetleriniň “köplenç hakykata laýyk gelmeýän maglumatlary ulanandygyny” aýtdy.

Türkmen diplomaty, hamala, ýurtda aýallar üçin girizilen geýim kodlarynyň, aýallar tarapyndan kosmetika serişdelerini ulanmak we sürüjilik şahadatnamasy almak bilen baglanyşykly käbir standartlaryň bardygy barada teklipler edildi diýdi.

6-njy noýabrda Ženewada geçirilen BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde köp ýurduň wekiliýetleri bu problemalary agzadylar we Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly käbir ýagdaýlara alada beýan etdiler.

Hajiýewiň sözlerine görä, Türkmenistanda aýal-gyzlar üçin dres-kod ýok. Ol şeýle talabyň ýurduň diňe ýokary okuw jaýlarynda bardygyny we munuň täzelik däldigini, şeýle talabyň dünýäniň köp ýurdunda bardygyny belledi.

“Gündelik durmuşda aýal-gyzlarymyz islän eşiklerini geýip bilýärler. Bu aýallaryň daş keşbine we gözellik salonlaryna barmagyna-da degişlidir” diýip, “RIA Nowosti” Hajiýewiň aýdan sözlerini sitirleýär.

2022-nji ýylyň aprel aýynda zenanlara gaşyny bejertmek, ýasama dyrnak we kirpik dakdyrmak, saçyny açyk reňklere boýamak ýa-da gysga kesdirmek, botoks ýaly gözellik amallarynyň ençemesi gadagan edildi. Hususan-da, býujet işgärlerinden ýakasy ýapyk, giň köýnek geýmek hem talap edilýär.

Türkmen diplomaty ýurtda aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasyny almakdaky kynçylyklarynyň olaryň synaglardan geçip bilmezligi bilen baglanyşyklydygyny ýaňzytdy.

“Näme üçindir hiç kim erkeklere sürüjilik şahadatnamasyny bermek barada gürlemeýär. Olar [erkekler] hem ekzamen tabşyryp bilmeseler, şahadatnama alyp bilmeýärler” diýip, Hajiýew nygtady.

Türkmenistanly zenanlar özlerinde bar bolan sürüjilik şahadatnamalaryny ulanmakda, möhleti geçenlerini uzaltmakda we täzesini almakda 2017-nji ýyldan bäri kynçylyk çekip gelýärler.

2022-nji ýylda sürüjilik resminamasy çäkli görnüşde berlip başlandy, emma şu ýylyň başyndan bäri ony almak isleýän zenanlar babatynda täze çäklendirmeler girizildi.

Şu ýylyň oktýabr aýynda sürüjilik mekdeplerinde ýaş zenanlara olary okuwa kabul etmezlik boýunça özlerine transport we içeri işler edaralaryndan tabşyrygyň gelip gowşandygy aýdyldy.

Täze talaba görä, sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin aýalyň ýaşy 41 bolmaly. Şu ýylyň başyndan bäri 40 ýaşyny doldurmadyk aýal-gyzlar sürüjilik şahadatnamasyny alyp bilmeýärdi. Şeýle-de, zenanlardan nika hakyndaky şahadatnama we iş ýerinde häsiýetnama talap edilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda brifing barada çap eden maglumatynda ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada hiç zat aýdylmaýar.

Ýöne onda "dialogyň netijesinde 228 teklibiň berilendigi, olaryň 146 sanysynyň durmuşa geçirmek üçin kabul edilendigi, 82 sanysynyň indiki işlerde göz öňünde tutulmagyna karar berilendigi" bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG