Türkmen görnüşleri - 19-njy hepde

Aşgabadyň "Teke bazarynyň" golaýynda dilegçilik edýän zenan. soňky ýyllarda paýtagtyň käbir bazarlarynyň daö-töwereginde dilegçilik edýän aýallara, erkeklere, çagalara duş gelse bolýandygy aýdylýar.

Aşgabat-Serhetabat demirýoly.

Aşgabatda mekdepden öýlerine gaýdyp barýan mekdep okuwçylary. 

Aşgabadyň "Azatlyk" söwda bazarynyň öňünde duran harbylar. Bu harbylary bazaryň töwereginde her gün görse bolýandygy aýdylýar.

Mary welaýatynda fontanyň gyrasynda oturan oglanjyk. Türkmenistanda adamlaryň yssy howadan 

Aşgabatda Surikow köçesiniň ugrunda ýarylan suw turbasynyň üstüni açmak üçin işçiler köçäni sökýärler.

Balkanabadyň "Saglyk ýoly". Dabaraly ýagdaýda açylan bu "Saglyk ýoluna" häzirki wagtda o diýen üns berilmeýändigi aýdylýar. Bu ýoluň suw çüwdürimleri üçin niýetlenen desgasynda hapa-hupalaryň üýşmeleňiniň emele gelendigini görse bolýar.

Mary welaýatynda weteraniýa ýardamy üçin niýetlenen tiz kömek awtoulagy. Soňky wagtlarda welaýatda Weterinariýa tiz kömekleriniň göze ilip başlandygy habar berilýär.

Balkanabat şäheriniň Merkezi seýilgähi. Türkmenistanda seýilgähleriň, parklaryň arassaçylygyna we tertip-düzgününe uly üns berilýändigi aýdylsa-da, munuň Balkanabadyň seýilgähinde beýle däldigini görse bolýar.

Aşgabadyň "Lälezar" bazary. Bazarda bejeriş işleri geçirilýändigi sebäpli, onuň daşy demir haýatlar bilen aýlanypdyr.

Aşgabadyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde ýa-da arkasynda gurlan goşmaça otaglary ýykmak çäresiniň dowam edýändigi habar berilýär. Ýerli ilatyň käbirleri, il içinde "pristoýkalar" diýlip atlandyrylýan bu goşmaça otaglary gurmak üçin özlerinde degişli rugsatnamanyň bardygyna garamazdan, resmiler tarapyndan ýykyşlygyň dowam edýändigini aýdýarlar. 

Balkanabadyň Merkezi seýilgähindäki oturgyçlaryň biri.