Ginnesiň dünýä rekordlary Berdimuhamedowy goldamakda tankytlanýar, Türkmenistan ýene bir sertifikat aldy

Türkmenistan Ginnesiň dünýä rekordlary kitabynyň ýene bir sertifikatyna mynasyp boldy.

Türkmenistan 8-nji awgustda, birinji Hazar ykdysady forumynyň öňüsyrasynda guran ekologiýa leksiýasy bilen, Ginnesiň dünýä rekordlary kitabynyň ýene bir sertifikatyna mynasyp boldy.

Öňki sertifikatlaryndan tapawutlylykda, Aşgabat bu sertifikatyny dünýä meşhur amerikan satiriginiň Ginnesiň rekordlar kitabyny awtoritar režimleri goldamakda tankyt edýän wagtynda gazandy.

Aýdylmagyna görä, 35 minut dowam eden ekologiýa leksiýasyna 3 müň adam, şol sanda Ginnesiň rekordlar kitabynyň Şeýdo Subaşi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän komandasy hem gatnaşdy.

Rekordyň bary-ýogy üç şerti boldy: daşky gurşaw boýunça tejribeli lektor, hasaba alnan gatnaşyjylaryň zaldan çykman oturmagy we leksiýanyň 30 minutdan gowrak dowam etmegi.

Garaşylyşy ýaly, leksiýa wagtynda hiç kim zaldan çykmady.

Degişli maglumat F.Tuhbatullin: MHM üçin ekologiki howpsuzlyk birinji orundaky problema bolmaly

Ozal Türkmenistan prezidentiň döreden aýdymyny bilelikde ýerine adamlaryň sany, bir hatara düzülen welosipedçileriň sany, iň köp adamyň gatnaşan welosiped sapagy boýunça hem Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi. Umuman alnanda bolsa, Türkmenistan soňky ýyllarda Ginnesiň rekordlar kitabynyň 20 çemesi sertifikatyna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň täze sertifikatynyň gowşurylyş dabarasy amerikan satirigi John Oliweriň Ginnesiň rekordlar kitabyny awtoritar liderleriň şahsyýet kultuny pugtalandyrmaga kömekleşmekde tankytlan gepleşiginiň yz ýanyna gabat geldi.

Bu Berdimuhamedowyň ölendigi barada ýaýran tassyklanmadyk gürrüňlerden soň efire berlen ikinji dünýä meşhur satira gepleşigi bolup, John Oliwerden öň Trewor Noa hem Türkmenistanda döredilen şahsyýet kultuny gülki tokmagynyň astyna aldy.

John Oliwer awtoritar liderleriň Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi örän gowy görýändiklerini, sebäbi onuň olara meşhurlyk getirýändigini aýdýar. Onuň pikiriçe, Ginnesiň rekordlar kitaby Türkmenistandaky awtoritar režimehem ýakyndan goldaw berýär.

Şol bir wagtda-da satirik adam hukuklary guramalarynyň Türkmenistany adam hukuklaryny basgylamakda, iň ýowuz senzurada, mejbury zähmetiň giňden ulanylmagynda, giň ýaýran korrupsiýada we raýatlaryň döwlet tarapyndan gorkuzylyp saklanmagynda ýyllar boýy tankyt edip gelýändigini ýatladýar.

Emma muňa garamazdan, Oliweriň satiriki gepleşiginde taýýarlanan iň uly mermer tort, satirigiň aýtmagyna görä, Ginnesiň rekordlar kitabyna girip bilmedi. Sebäbi satirik tortuň ýüzünde atdan ýykylýan Berdimuhamedowy şekillendirip, ony “adam hukuklaryny bozujy” bolmakdan beter, atlaryň hem mertebesini basgylaýjy hökmünde häsiýetlendirýär.

Degişli maglumat Ekologiýa we hukuk guramasy Türkmenistana hazar taslamasy üçin beriljek karzyň togtadylandygyny aýdýar

Mälim bolşy ýaly, mundan öň Azatlygyň habarçylary Berdimuhamedow häkimiýete geleli bäri Türkmenistandaky eýesiz itleriň we pişikleriň başyna gelen gowga barada köp maglumat beripdiler.

“The Times” gazeti hem 14-nji awgustda, Eýranda bellenilýän Kaspi deňzi güni bilen baglylykda, bu meselä makala bagyşlap, “Ginnesiň Dünýä rekordlary Türkmenistanyň zalym hökümdary Berdimuhamedowa öz abraýyny gowulamaga ýardam etmekde aýyplandy” diýip ýazdy.

Neşir dünýäde o diýen tanalmaýan kompaniýanyň bazar gullugynyň brendlere we hökümetlere rekord ýazgylaryna girmek üçin ideýa hödürleýändigini we olaryň berjaý edilmegine kömek edýändigini aýdýar.

Türkmenistanyň daşky gurşaw boýunça okalan leksiýa bilen gazanan täze rekordy Eýranda Kaspi deňzi gününiň bellenýän wagtyna hem gabat geldi. Habarlardan mälim bolşuna görä, ekologiýa howp salýandygyny aýdyp, Eýran Hazaryň astyndan geçiriji gurulmagyna hem garşy çykýar.

Eýranyň “Mehr” neşiriniň maglumatyna görä, Eýranyň Tebigat departamentiniň başlygynyň orunbasary Ahmad Lahijanzadeh 2019-njy ýylyň Kaspi deňzi güni mynasybetli çykyş edip, zir-zibiller meselesiniň çözülmegine ýene bir gezek ünsi çekdi.

Degişli maglumat Tuhbatullin: Türkmenistanda tebigaty goramak meselesi iň soňky orunlarda durýar

Eýran, Türkmenistandan tapawutlylykda, mundan öňki ýyllarda hem Hazar deňziniň ekologiýasyny goramak, bu ugurdaky habardarlygy ýokarlandyrmak tagallalaryny edýär we deňze taşlanýan galyndylary azaltmak çärelerini görýär.

Eýran resmileriniň tassyklamagyna görä, ýurduň demirgazygynda, Hazar deňzi bilen araçäkleşýän regionlarda günde toplanýan zir-zibilleriň möçberi 7 müň tonnadan geçýär, bu ýurtda günde emele gelýän 50 müň tonna zir-zibiliň we galyndylaryň 14 prosentini düzýär.

Eýranly hünärmenleriň pikiriçe, dürli keselçilikleriň ýaýramagy bilen deňze zyňylýan ýa akdyrylýan galyndylaryň arasynda düýpli baglanyşyk bolup, bu sebitdäki ekologiýa problemalarynyň öňüni almak üçin gyssagly çözülmeli mesele bolup durýar.

Türkmenistan Hazar deňzine taşlanýan ýa-da akdyrylýan önümçilik galyndylarynyň möçberi, olary azaltmak ugrunda görülýän çäreler hakynda açyk maglumat çap etmeýär.