Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow bikanun binalara, ýagyşlara, plastika, kebeleklere, hususy taksiçilere garşy 'çäre görmegi' tabşyrýar


Ýagyşdan soňky Aşgabat. Arhiw suraty
Ýagyşdan soňky Aşgabat. Arhiw suraty

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji maýda Aşgabadyň merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, paýtagty ösdürmek barada maslahat geçirdi.

Maslahatyň dowamynda şäher gurluşygynda edilen işler taryplandy we entek edilmeli işleriň hem bardygy, hususan-da arassaçylyga, bagy-bossanlyga, bikanun binalaryň gurulmazlygyna, hususy taksiçielere üns berilmelidigi aýdyldy.

TDH-nyň maglumatyna görä, döwlet baştutany şäher häkimliginde Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçirdi.

Neşir prezidentiň şäherde bikanun gurulýan binalardan, käbir binalaryň göz öňünde tutulan maksatlar üçin ulanylmazlygyndan nägile bolandygyny habar berýär.

Mysal üçin, käbir desgalaryň azyk we hojalyk dükanlaryna niýetlenen üçünji gatlary hususy fitnes-klublar, dürli gurnaklar, disko-merkezler we beýleki maksatlar üçin berlipdir. Munuň üçin ýörite bellenen ýerler bar, şol ýerler bolsa ulanylman dur” diýip, prezident aýtdy.

Bu sözler Aşgabatda we onuň töwereginde onlarça ýyllap dowam eden jaý ýykyşlyklaryň fonunda aýdylýar. Hukuk guramalary Aşgabadyň abadanlaşdyrylmagy netijesinde hususy jaýlaryny, emlägini ýitiren adamlara ýeterlik kompensasiýa berilmändigini aýdýarlar.

Şeýle-de Berdimuhamedow düýn ilkinji gezek ýylyň ozal görülmedik derejede ýagynly gelendigini tassyklap, onlraça ýyl bäri abadanlaşdyrylýandygyna garamazdan, Aşgabatda “lagym ulgamlarynyň we köçelerdäki suw sowujy ulgamlaryň geçiriş mümkinçilikleriniň” ýeterlik bolmandygyny boýun aldy.

Mundan başga, Berdimuhamedow ýurtda ekologiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, hatda paýtagtda hem zyýanly mör-möjekleriň köpelmegi bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi.

Köp günüň dowamynda güýçli ýagyş ýagmagy we howanyň çyglylygynyň ýokarlanmagy netijesinde, Aşgabatda dürli görnüşli kebelekler we beýleki mör-möjekler peýda boldy” diýip, döwlet habar gullugy prezidentiň sözlerini sitirleýär.

Prezident umumy kabul edilen ekologiýa kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almak barada gürrüň edip, “plastika” bilen bagly meseläniň çözülmelidigine hem ünsi çekdi. Onuň pikiriçe, “şäherleriň ýolbaşçylary plastik önümleri ikilenç ulanmak we gaýtadan işlemek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmeli”.

Bu sözler ýurtda öndürilýän plastiki önümleriň aldygyna wagyz edilmeginiň fonunda aýdylýar.

Şäherlerimizde we obalarymyzda döwrebap köçeler döredilýär” diýip, Berdimuhamedow oba, etrap ýerlerindäki ýollaryň, köprüleriň ýagdaýy barada ozal aýdan tankydy pikirlerini bölekleýin ýalana çykardy.

Şeýle-de ol, paýtagtda we regionlarda uly meselä öwrülendigi habar berilýän ulag, gatnaw meselelerini umumy ýagdaýda inkär edip, jemgyýetçilik transportynyň hyzmatyny gowulandyrmak üçin döwrebap awtobuslaryň, taksiçilik hyzmatlary üçin ýeňil ulaglaryň yzygiderli satyn alynýandygyny ynandyrmaga çalyşdy.

Şol bir wagtda Berdimuhamdow ozal hem gozgan taksi meselesini ýene bir gezek gün tertibine getirdi we Aşgabatda işlemeli taksileriň şäher daşyna çykmagyndan nägileligini bildirdi.

Apreliň başynda prezident hususy taksiçileriň köçe-ýol hadysalaryndaky roluny dile getirenden soň, bu ugurda işläp, maşgala ekleýän adamlar üçin dürli çäklendirmeleriň köpelendigi habar berildi.

Indi ol ýolagçy transportynyň köpeldilendigi barada aýdnalaryna garşy çykyp, Aşgabadyň çäklerinde işlemek üçin niýetlenen taksileriň sürüjileriniň girdejä kowalaşýandygyny, ýagny talap-isleg esasynda paýtagtyň çäklerinden çykýandygyny aýdýar.

Mundan başga, Berdimuhamedow ýene bir gezek hususy taksiçileriň käbirinde “ygtyýarnama”, “tejribe” bolmazlygyndan nägile boldy.

Berdimuhamedow maslahatyň ahyrynda “ilatly ýerlerde köp sanly baglaryň we gülleriň oturdylmagyny höweslendirmegiň zerurdygyny" belledi we IIM-iň başlygyna “garamagyndaky gulluklaryň işini güýçlendirmegi" tabşyrdy.

Türkmenistanyň regionlarynyň ýaşaýjylary “Azatlyk” bilen söhbetdeşlikde Aşgabada we onuň töweregindäki ýollara milliardlap dollar möçberinde döwlet serişdeleriniň harçlanýandygyndan, şol bir wagtda-da oba, etrap ýerlerinde sowet ýyllaryndan bäri hiç bir bejeriş işiniň geçirilmedik ýollarynyň sanardan kändigini aýdyp, nägile bolýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG