Döwlet dükanlarynda çilimiň satuwy ýene çäklendirildi. Ilat köpçülikleýin nägileligini beýan etdi

Türkmenistanda çilim satyn almak üçin nobata duran ýaşaýjylar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ençeme aýlap dowam eden çilim gytçylygyndan soň, geçen hepde gaýtadan satuwa çykarylan temmäki önümleriniň satuwy ýene çäklendirildi. Bu ýurduň dürli künjeklerinde adamlaryň öz nägileliklerini bildirmegine sebäp boldy.

"15-nji sentýabrda paýtagtyň 30-njy etrapçasyndaky "Bogatyr" dükanynda irden sagat 5:00-dan 5:30-a çenli çilim satdylar. Şu gün erkekler ir sagat 4:00-da nobata durdular. Bu ýere köp adam ýygnandy. Emma sagat 5:00-da çilim satyp başlamadylar. Sagat 5:30-da adamlar alada edip, sorap başladylar. Şondan soň polisiýa adamlaryň üstüne gygyrdy" diýip, Azatlyk Radiosynyň gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçysy 16-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Degişli maglumat “Merkezdäki bir otagly jaýy [bir guty çilime] çalyşýaryn”

Habarçy adamlaryň köpüsiniň polisiýanyň gygyryşyna çydamandygyny aýdyp, olaryň arasyndan biriniň polisiýanyň üstüne aýakgabyny oklap, öz nägileligini beýan edendigini hem belledi.

"Adamyň zyňan aýakgaby polisiýanyň ýüzüne baryp degdi. Şondan soň polisiýa işgäri goşmaça kömek çagyrdy. Üç polisiýa ulagy geldi. Emma adamlar olar gelmezinden ozal gitdiler. Polisiýanyň üstüne aýakgabyny zyňan adamyň ykbaly belli däl" diýip, habarçy geçen hepde çilimiň satuwa çykarylmagynyň yzýany dörän uly nobatlar sebäpli anna güni we hepdäniň ahyrynda temmäki önümleriniň satylmandygyny hem aýtdy.

Ýatlatsak, 14-nji oktýabrda ýurduň dürli künjeklerindäki döwlet dükanlarynda temmäki önümleri gaýtadan satuwa çykaryldy. Şonda dükanlaryň öňünde uly nobatlar döräp, adamlaryň arasynda dawa-jenjeller hem ýüze çykdy.

Azatlygyň Mary şäherindäki habarçysy hem adamlaryň çilim satyn almak üçin gije sagat 11:00-dan başlap döwlet dükanlarynyň arka ýüzünde, ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda nobata düzülip başlandyklaryny, emma temmäki önümleriniň satuwa çykarylmandygyny aýtdy.

"Her ele 30 manatdan 2 guty çilim berilýär diýip, şäherdäki döwlet dükanlarynyň golaýyna welaýatyň ähli ýerinden, Garagum, Baýramaly, Wekilbazar, Mary, Peşanaly, Sakarçäge we Oguzhan etraplaryndan gelen adamlar üýşdi. Nobat gaty uly. Şäheriň içindäki ähli döwlet dükanlarynyň arka ýüzünde nobat sany 1000 adamdan geçdi. Emma daňdan sagat 4:40-a golaýlanda polisiýanyň gaz 69 ulagy gelip, "Şu gün çilim satylanok. Adamlar öýüňize gidiň" diýip, olary kowup başlady" diýip, maryly habarçymyz 19-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Habarçynyň aýtmagyna görä, adamlar urşup, dawalaşyp, goh turuzaýmasyn diýip, şu gün daňdan welaýatyň dürli etraplaryndan polisiýa işgärleri Marynyň merkezi getirildi.

Degişli maglumat Nas atýan polisiýa adamlaryň töwellasyny alman, nas atan ýaşulyny 'terbiýeleýär'

"Adamlar indi polisiýa işgärlerine eşitdirip, gygyryp sögünmäne başladylar. Olar "Adamlary adam hasabynda görmeýärsiňiz. Şu gün çilim berilmese-de durjak. Biz gije sagat 11:00-dan bäri dik aýak üstünde garaşýarys. Biz şähere gelýänçäk näçe pulumyz çykdy" diýdiler. Şondan soň adamlaryň dargany dargap, dargamadygy "Şu gün döwlet dükany näme berýän bolsa, biz şony alyp öýe gitjek" diýip nobatda durdylar. Gaz 69 polisiýa ulagy nobatda duran adamlaryň oňüne sürüp, kakjak bolýan ýaly edip gorkuzyp, nobaty dargatmana çalyşdy. Adamlar dargamady, polisiýa ulagy yza çekdi" diýip, habarçy belledi.

Habarçy nobata duran adamlaryň arasyndaky nägilelikleriň artmagy netijesinde raýat we polisiýa geýmindäki işgärleriň bu ýere goşmaça kömek çagyrandygyny aýtdy. Emma olara rasiýa arkaly berlen maglumatda şäheriň Türkmenistan köçesindäki döwlet dükanynda we Muhadowyň 10-njy dükanynda 1000-den gowrak adamyň üýşendigi aýdyldy. Şeýle-de, onda bu dükanlaryň golaýynda uruş-dawanyň bolýandygy aýdylyp, gaýtam bu ýerdäki polisiýa işgärlerini şol dükanlara kömege çagyrdylar.

"Polisiýa işgärleri näme etjeklerini bilmediler. Adamlaryň käbiri "Biz şu gün öýe boş gitjek däl" diýip, öňlerinde duran polisiýa geýimli ýaş oglany itekläp goýberdiler. Polisiýa işgäriniň papagy bir gapdala gaçdy we özi yza ýykyldy. Ol turup yzyna gitdi, sebäbi duran adamlar gaty gaharlydy. Soňra sagat 6:00-da dükanlar açyldy. Yag, şeker däl-de, her ele 2 sany çörek 1 manatdan satdylar. Adamlar sögünip, gaty nägile bolup, sagat 6:00-dan soň öýlerine gitdiler" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Aşgabat we Mary şäher häkimliklerinden, polisiýa müdirliklerinden, şeýle-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda 2016-njy ýylyň martynda “Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibi” hakynda karar kabul edildi.

Degişli maglumat Maryda çilimiň bahasy ýene gymmatlady. Döwlet dükanlarynda çilim däneläp satylyp başlandy

Karara laýyklykda, garamagyndaky edara görnüşli taraplaryň üsti bilen çilimiň lomaý we bölek satuw söwdasyny amala aşyrmaga, şeýle-de olaryň resmi bölek satuw bahalaryny kesgitlemäge diňe Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine ygtyýar berildi.

Kararyň kabul edilmeginiň yzýany 2016-njy ýylda döwlet dükanlarynda ortaça 3 manatdan satylan çilimleriň bahasy, soňky 4 ýylyň dowamynda azyndan 10 esse gymmatlady. Şeýle-de, ýurduň döwlet dükanlarynda çilimiň satuwy wagtal-wagtal çäklendirildi.

Munuň bilen bir wagtda, hususy eýeçilikdäki dükanlaryň köpüsinde çilimiň aç-açan söwdasy dowam edýär. Döwlet dükanlarynda 30-40 manatdan satylýan çilimler hususyýetçilerde 60-70 manatdan bahalanýar.

Şeýle-de, ýurduň käbir hususy dükanlarynda daşary döwletlerde, şol sanda ABŞ-da öndürilýän belli çilim brendleriniň bir gutusynyň bahasy 700-800 manada, resmi kurs boýunça 230 dollara çenli ýetýär.

Türkmenistanda temmäki önümleri bilen bagly çäklendirmeler çilim çekýän adamlary “temmäki” dolap ýa-da dürli otlary guradyp çekmäge mejbur edýär. Azatlygyň habarçylary bu barada birnäçe ýyl bäri habar berip gelýärler. Saglyk hünärmenleri munuň çilimden has zyýanlydygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.