Türkmenistanyň hökümeti garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, ähli raýatlardan watana wepadarlyk kasamyny kabul etmegi talap edip gelýärdi. Häkimiýetler raýatlara ant içdirmek tejribelerini indi Interneti çäklendirmekde ulanýar.
Öz ilatynyň Internet elýeterliligini çäklendirmek üçin daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalary bilen geçmişde ýaşyryn hyzmatdaşlyk eden türkmen hökümeti Internet çäklendirmelerini täze derejelere çykarýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy öýe Internet birikdirmek isleýän raýatlaryň başdan geçirýän hupbatlary barada habar berýär.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli efirde ady Aýnur diýip tutulýan bir aýal maşgala Indi 1,5 ýyldan gowrak wagt bäri öýe Internet birikdirmäge synanyşýar. Ol daşary ýurtda işleýän ýanýoldaşy bilen päsgelçiliksiz habarlaşmak üçin özüne öý Internetiniň zerurdygyny aýdýar. Ýöne Aýnuryň bu ugurdaky tagallalary ençeme aýlardan bäri netije bermän gelýärdi.
Degişli maglumat Farapda Internetiň tizliginiň pese gaçmagy studentleriň onlaýn sapaklaryny bökdeýärAzatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli Internet problemasy bilen ýüzbe-ýüz bolýan raýatlaryň şahsyýetini anyklaýan maglumatlary, şol sanda olaryň ýaşaýan ýerini aýan etmekden saklanýar.
“Öýe Internet birikdirmek üçin geçen ýyl nobata ýazyldym. Tas 1,5 ýyldan soň Internet nobatym ýetdi. Wi-Fi öýüme gelýänçä bir topar resminama gol goýdum. Indi bolsa VPN ulanmajakdygym barda Gurhandan ant içdirdiler. VPN-siz Internetde hiç bir saýt açmaýar. Näme etjegimi bilemok” diýip, Aýnur Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Ozal türkmen häkimiýetleri ýurtda onsuz hem özge ýurtlar bilen deňeşdirilende tizligi pes bolan Internet elýeterliligini çäklendirmek üçin dürli usullardan peýdalandy – sosial mediany, VPN hyzmatlaryny hödürleýän saýtlary, garaşsyz neşirleri petikledi; şäherlerde VPN hyzmatlaryny hödürleýän telefon ussalaryny tutup saklady; raýatlaryň Internet hereketlerine gözegçilik etmek üçin daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalary bilen işleşdi.
Azatlyk Radiosynyň 2019-njy ýylda geçiren derňewi türkmen häkimiýetleriniň ýurtda Interneti çäklendirmek üçin “Rohde&Schwarz” nemes kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eden bolmak ähtimallygyny ýüze çykardy. Has ozal, türkmen häkimiýetleriniň başga daşary ýurt kompaniýalary bilen bu ugurda gizlin hyzmatdaşlyk edendigi 2015-nji ýyldan çap edilen derňewlerde tassyk boldy.
Ýöne mälim bolan malgumatlara görä, türkmen häkimiýetleri şu wagta çenli VPN hyzmatlaryndan peýdalanmazlyk barada raýatlary haýsydyr bir mukaddes hasaplanýan dini kitapdan ant içmäge mejbur etmändi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň sebitleriniň birinde “Türkmen Telekom” kompaniýasyna gözegçilik edýän bir Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäriniň VPN ulanmazlyk barada raýatlara ant içdirmek tejribesini ulanýandygyny aýdýar.
Türkmenler ozal möhüm kasam kabul edişliklerde “Ruhnamadan” hem ant içýärdi. “Ruhnama” Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýazandygy aýdylýan daşy ýaşyl reňkli kitabydyr.
Degişli maglumat Dilden edilen maglumat gadagançlygy. VPN we telefonlar türkmen häkimiýetleriniň nyşanyndaSynçylara görä, raýatlara mejbury kasam kabul etdirmek, olara ant içdirmek döwrebap Türkmenistanyň syýasy durmuşynda häkimiýetler tarapyndan giňden ulanylýar. Ozalky ýyllarda çagalar baglaryna gatnaýan körpelerden başlap, ak sakgal gojalara çenli ähli raýatlardan watana wepadarlyk kasamyny kabul etmek mejbury talap edilýärdi.
Indi häkimiýetler adamlara kasam kabul etdirmek, ant içdirmek tejribelerini Interneti çäklendirmek, VPN ulanmazlyk boýunça hem ulanýarlar.
Bu aralykda, Türkmenistan Internet azatlygy boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdaky orunlarda ýerleşdirilýär.
Internet tehnologiýalary boýunça habarlary yzarlaýan “Comparitech” neşiriniň awgustyň başlarynda çap eden hasabatyna görä, Türkmenistan Interneti senzuralamakda Demirgazyk Koreýa, Eýran, Hytaý, Siriýa we Belarus ýaly ýurtlar bilen bir hatarda, “iň ýaramaz ýurtlaryň” arasynda agzalýar.
Türkmenistan ähli meşhur sosial ulgamlary, şol sanda Facebook, Twitter, YouTube ýaly saýtlary petikli saklaýar.
top10vpn.com neşiriniň awgustda täzelän hasabatyna görä, VPN hyzmatlary dünýäniň diňe dört ýurdunda – Belarusda, Yrakda, Demirgazyk Koreýada we Türkmenistanda kanunçylyk bilen gadagan edilýär.
Ýöne “Comparitech” neşiri Türkmenistanda VPN hyzmatlarynyň kanun taýdan gadagan edilmeýändigini aýdýar. VPN Türkmenistanda kanun taýdan gadagan edilse-de, edilmese-de, türkmen häkimiýetleri iş ýüzünde ulanyjylaryň VPN ulanmagyna böwet bolmak üçin dürli çäreleri durmuşa geçirýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda VPN hyzmatlary ýene işlemeýärTürkmenistanda 2014-nji ýylyň ahyrynda “Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” kanun kabul edildi. Ýöne bu kanunçylyga 2017-nji, 2019-njy we 2020-nji ýyllarda üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Galyberse-de, VPN ulanmazlyk barada raýatlaryň Gurhandan ant içmäge mejbur edilmegi baradaky habarlar, musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan kitabyň soňky aýlarda häkimiýetler tarapyndan öňe çykarylyp başlanmagy bilen bagly ilkinji waka däl.
Ýatlasak, iýulyň soňky on günlüginde Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň gündogar sebitlerinde MHM işgärleriniň dindar hasaplanýan adamlaryň öýlerini dökýändigini we olara Gurhandan başga din kitabyny öýde saklamazlygy tabşyrýandygyny habar berdi.
Degişli maglumat Bir raýatyň müň raýatlyk ‘Wi-Fi’ kyssasyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.