Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizis we giň ýaýran koronawirus ýokanjy Mary welaýatynda ilata agyr zarba urmagyny dowam etdirýär. Ogul-gyzyny ekläp bilmän ejiz galan eneleriň, maşgalany goldamak üçin ten söwdasy bilen meşgullanýan ýaş gyzlaryň, zibil dörýän we dilegçilik edýän raýatlaryň görnetin köpelmegi, ykdysady we saglyk krizisiniň getiren çökgünligine hem-de sosial krizise şaýatlyk edýär.
Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy ykdysady, saglyk we sosial krizisden ejir çekýän maşgalalaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň biriniň başdan geçirenlerini gürrüň berdi.
"2020-nji ýylyň maýynda adamym koronawirus bilen keselläp, ýokanç keseller hassahanasyna ýerleşdirildi. Aradan 10 gün geçensoň, ol aradan çykdy. Meniň adamym mugallymdy we öý hojalykçy zenan. Çagalarymyzyň okuwy we durmuş toýlary üçin ýygnan pulumyzyň ählisini adamym saglyk bejergisine sarp etdik" diýip, Baýramaly şäherinden 50 ýaşlaryndaky bir aýal anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.
Degişli maglumat Iýmäne çörek tapmaýandygyny aýdýan onlarça maryly prokuraturanyň öňüne üýşüp, prokurordan haraý gözleýär"Adamym ölenden soň, men iki çagam - 20 ýaşap geçen gyzym we mekdepde okaýan oglum - bilen eklençsiz galdym. Ähli kynçylyklarymyz şondan soň başlady. Üstesine-de, ipoteka alan jaýymyzyň kredit puly hem biziň boýnumyza galdy" diýip, baýramalyly aýal aýtdy.
Türkmen hökümeti pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda COVID-19 keseliniň hasaba alnandygyny resmi taýdan ykrar etmän gelýär. Şeýle-de, ýurt resmileri pandemiýanyň arasynda, has-da ýitileşen ykdysady krizisiň hakyky gerimini aýan etmeýärler.
Bu aralykda, ýurtdaky ykdysady krizis saglyk krizisi bilen utgaşyp, sosial problemalary barha ýitileşdirýär. Soňky aýlarda işsizlik görnetin möwjeýär, dilegçiler, zibil dörýänler, ten söwdasy bilen meşgullanýanlar we öýsüz raýatlar köpelýär. Ogurlyk, talaňçylyk we adam öldürmek ýaly jenaýatlar barha artýar.
"Biz ilki bada goş-golamlarymyzy satyp gün gördük. Soňra men gedaýçylyk etmek üçin her güni Baýramalynyň bazaryna çykyp başladym, ýöne soňra muňa saglygym el bermedi. Gyzym gözellik salonynda işläp başlady. Karantin sebäpli salonlar ýapylandan soň, ol hem gazançsyz galdy. Men zibil çeleklerinden azyk gözläp başladym. Çagalarymyz bilen aç ýatýan günlerimiz köpelip başlady" diýip, baýramalyly ene gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, şondan soňra onuň gyzy Türkiýä işlemäge gitmäge synanyşýar. Ýöne pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli ýollaryň ýapyk bolmagy onuň bu synanyşygyny yza tesdirýär.
"Şondan soň gyzym "Bu prezident ýollary açmakçy däl" diýip öýden çykyp gitdi. Ol 12 gün geçensoň, elinde 1300 manat yzyna geldi. Men "Bu puly nireden aldyň?" diýsem, ol maňa "Işe girdim" diýip, ertesi güni 1 ýylyň gaz tölegine 310 manat, tok tölegine 200 manat geçirdi. Ol gazçylardan we tokçylardan galan tölegler üçin garaşmagy sorady" diýip, baýramalyly ene aýtdy.
Degişli maglumat Maryda 'wirus we açlyk' ilata zarba urýar, Aşgabatda COVID-19 jan alýar, çagalar ýetim galýar"Gyzymyň öňküligi ýokdy. Ol 12 günüň içinde gaty üýtgedi. Men gyssap sorag bersem, gyzym "Ejejan bu dünýäde kakamyň ölümini gördüm, seniň bazarda dilegçilik edýäniňi, zibil dörýäniňi we keselläp ýatyşyňy gördüm, oglan jigimiň köwşi, okuwa geýmäne eşigi bolman mekdepden galýanyny gördüm. Mundan başga gorkunç zat ýok. Men öldüm diýip pikir ediň. Men şu hojalygy eklemesem, kim eklemeli? Biz üç aý bäri ipoteka jaýyň tölegini töläp bilemizok. Bizi jaýdan çykarjak bolýarlar. Men başga çykalga tapmadym, ejejan, meni bagyşla!" diýip jogap berdi. Ol tenini satyp başlapdyr" diýip, baýramlyly ene gözlerine ýaş aýlap, habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlygyň habarçysy sebitde baýramalyly enäniň başdan geçiren günlerine sezewar bolýan maşgalalaryň sanynyň sanardan kändigini aýdýar. Ol köp hojalyklaryň diňe çörek iýip, gün görýändiklerini, olaryň gyzgyn nahary, mümkinçilik bolanda, hepdede diňe bir-iki gezek iýýändiklerini hem belledi.
Türkmenistanyň hökümeti ýurtda dowam edýän ykdysady krizisi we giň ýaýran koronawirus ýokanjyny, şeýle-de bularyň ilaty “açlyk” derejesine elten täsirlerini boýun almaýar.
Ýurtda ilatyň ýaşaýyş derejesini görkezýän statistik maglumatlar çap edilmeýär. Ilat başyna zerur önümleriň minimal derejesini kesgitleýän hasap ýöredilmeýär ýa-da bu köpçülige äşgär edilmeýär.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar býurokratik bökdençlikler sebäpli işsiz raýatlaryň, maddy goldawa mätäç maşgalalaryň döwletden kömek puluny hem alyp bilmeýändigini aýdýarlar.
Mundan başga-da, ýurt resmileri işsizlikden, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kyndygyndan şikaýat edip, hat-da iýmäne çörek hem tapmaýandyklaryny aýdyp, özlerinden haraý gözleýän raýatlara oňyn jogap bermeýärler.
Degişli maglumat Nobatlaryň 'soňuna çykylýar', emma azyk gytçylygy saklanyp galýar
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.