Ahalda we Maryda turan güýçli tozanly ýel elektrik üpjünçiligine, ekerançylyga zyýan ýetirdi

Türkmenistanda turan tozanly ýelleriň biri (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Ahal we Mary welaýatlarynda 28-nji iýunda duýdansyz güýçli şemal gelip, tozanly ýel turdy. Bu tebigy hadysa şäherdir etraplaryň ençemesinde ilatyň elektrik üpjünçiliginiň kesilmegine getirdi. Şeýle-de, güýçli ýel ekerançylyk meýdanlaryna, miweli agaçlara ýiti zyýan ýetirdi. Tozanly howada ençeme ulag heläkçiligi hem boldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy iýunda sebitden maglumat berdi.

“28- nji iýun güni öýlän sagat takmynan 17:00-da birden duýdansyz şemal geldi, tozanly ýel turdy. Häzir howa düşüner ýaly bolmady. Soňky bir hepdäniň dowamynda howanyň temperaturasy termometrlerde gündiz 55° gradusa ýetdi. 28-ne öýlän bolsa, howa birden üýtgäp, 35 gradusa düşdi we bulut bilen güýçli şemal geldi. Adamlar haýran galyp, tomus aýynda öňler beýle zat görmezdik diýip aýtdylar” diýip, ahally bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ahalyň we Marynyň şäherdir etraplarynda, hususan-da, Oguzhan etrabynda ilatyň elektrik üpjünçiligi kesildi. Elektrik simleriniň ençemesi üzülip ýere gaçdy.

Degişli maglumat

Howanyň aşa gyzmagynyň arasynda Aşgabatda ilatyň elektrik üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär

“Tok simleri çaknyşyp, transformatorlar ýandy”

“Käbir etraplarda tok simleri çaknyşyp, transformatorlar ýandy. Häzir köp etraplar toksuz galýar. Käbir etraplarda tok ençeme sagatdan soň dikeldilen bolsa, käbirleri tapgyr ikinji güni toksuz galýar” diýip, maryly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde beren maglumatynda aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, elektrik üpjünçilik edaralarynyň käbirleri heniz bejeriş işleriniň geçirilmezliginiň sebäbini “ätiýaçlyk şaýlarynyň ýokdugy” bilen düşündirýärler.

“Elektrik edarasy gurap galdy diýen ýaly, hiç bir ätiýaçlyk şaýy ýok. Hatda simleriň üzülen ýerlerini birikdirmek üçin-de, simler ýok. Tok edaranyň awtoulaglary hem hatardan çykyp ýöremän duransoň, awariýa bolan ýere barmaga hem mümkinçilik ýok” diýip, maryly ýaşaýjy ýerli elektrik edarasynyň işgäriniň aýdan sözlerini sitirledi.

Azatlykda bu elektrik üpjünçilik edarasynyň anyk nirede, haýsy etrapda ýerleşýändigi barada takyk maglumatlar bolsa-da, redaksiýa söhbetdeşlerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

“Uly zyýana galdyk, bu eýýäm birinji sapar däl...”

Güýçli şemal ekerançylyk meýdanlaryna, hususan-da, miweli baglara ýiti zyýan ýetirdi. Agaçlaryň miweleri ýere döküldi, şahalary döwüldi.

“Häzir miweli agaç eken bagbanlar ýere ýazylan miwelerini çöpläp, bazarlara eltip mugt diýen ýaly satmakçy bolýarlar we “uly zyýana galdyk, bu eýýäm birinji sapar däl, şu ýyla geçip üçünji, dördünji sapar miwelerimiz zyýan çekýär” diýýärler. Olar öň sowuk urdy, buz ýagdy, şemal boldy, indi ýene şemal boldy diýýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyz şemalyň daýhanlara, bagbanlara ýaramaz täsir eden bolsa, ýerli ýaşaýjylaryň köpçülikleýin bazarlara baryp, arzan miwelerde satyn almagyna getirendigini aýdýar.

“Biz miweleriň bahalarynyň ýokarydygy sebäpli çagalarymyza hiç bir miwe iýdirip bilmezdik, indi bolsa gyşymyza banka ýapsagam bolýar. Häzir banka, banka gapak, şeker hem satyn aldyk. Häzir şekeriň, bankanyň, banka gapagynyň bahalarynyň gymmatlamagy hem gaty mümkin. Şol sebäpli häzir elimizde bar bolanja pulumyza şu zatlary alyp goýýarys” diýip, maryly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Duýdansyz gelen tozanly şemal oba ýerlerinde ýaşaýanlara hem zyýan ýetirdi. Bugdaý ýyglyp, yzynda üýşürilen otlar şemala uçup gitdi.

“Biz bolsa bu otlary satarys ýa-da howlymyzdaky mallara bereris diýip umytdadyk” diýip, ahally daýhan anonimlik şertinde aýtdy.

“Saglygy ýaramazlaşanlar köp boldy”

Tozanly howa dürli saglyk näsazlyklaryndan, şol sanda demgysmadan ejir çekýän raýatlara hem ýaramaz täsir ýetirdi. Gijeki nobatçylykda işlän ahally lukmanlaryň birnäçesi anonimlik şertinde beren maglumatynda şol güni saglyk edaralaryna ýüz tutan näsaglaryň sanynyň juda köp bolandygyny aýtdy.

Degişli maglumat

Balkanda güýçli ýagyşdan soň, köçeleri we dükanlary ýagyn suwlary basdy

29-njy iýunda irden tas ähli edara-kärhanalaryň işgärleri arassaçylyk işlerine çekildi. Olardan tozanly ýelden soňky hapa-hupalary, gumlary syryp-süpürmek talap edildi.

“Býujet işgärleriniň köpüsi tas uzakly gün arassaçylyk işlerine çekildiler” diýip, ýagdaýlardan habarly ahally býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylar tozanly howada ençeme ulag heläkçiliginiň hem bolandygyny aýdýarlar. Adam pidalary barada häzirlikçe maglumat ýok.

“Anyk näçe ulagyň ýol heläkçiligine uçrandygy belli däl. Ýöne 29-njy iýunda ir säherden öýläne çenli köçelerde ulag heläkçiligine uçran maşynlary alyp barýan agyr ulaglaryň ençemesini gördüm” diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitleriň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa we Saglyk müdirliklerinden, “Ahalenergo” we “Maryenergo” önümçilik birleşiklerinden telefon arkaly teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda güýçli ýeliň we duzly tupanlaryň turmagy, uly buz bölekleriniň ýagmagy, güýçli ýagyşlar we suw joşmalary ýaly adatdan daşary tebigy hadysalar soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda yzly-yzyna gaýtalanýar.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň durmuşyna gös-göni täsir edýän tebigy hadysalar barada ne öň, ne-de yz ýanyndan gürrüň gozgaýar. Bu barada resmi metbugat hem dymýar.

Degişli maglumat

Owganystandaky ýer titreme Lebapda hem ýiti duýuldy, käbir jaýlar ýykyldy, käbiriniň üçekleri çökdi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.