Balkanda býujet işgärleri resmi dynç günlerinden mahrum edilip, pagta ýygymyna gatnaşdyrylýar

Türkmenistandaky pagta meýdanlarynyň birinde işleýän zenanlar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynda býujet işgärleri, talyplar we okuwçylar özleriniň resmi dynç almak hukugyndan mahrum edilýärler. Býujet işgärleri döwlet tarapyndan dynç günleri diýlip yglan edilen üç günüň dowamynda pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edilýärler.

Talyplar we okuwçylar bolsa, 27-28-29-njy oktýabr günlerinde Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dürli köpçülikleýin çärelere gatnaşmaly bolýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.

“27-nji sentýabr güni balkanly býujet işgärleriniň ýüzlerçesi gowaça meýdanlaryna ugradylyp, mejbury pagta ýygymyna gatnaşdyryldy. Mejbury ýygym 28-nji sentýabrda hem dowam edýär we 29-nda hem dowam etjekdigi aýdyldy” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Bereket etrabynda bolsa, tas ähli býujetçiler, şol sanda nikany hasaba alyş bölüminiň we medeniýet pudagynyň işgärleri, sport mekdepleriniň, orta mekdepleriň, şol sanda 1-nji, 2-nji, 3-nji mekdepleriň mugallymlary we beýleki işçiler pagta meýdanlaryna çykaryldy.

Degişli maglumat

Balkanda pagtaçylykdaky mejbury zähmet 'ir başlandy', ulag eýeleri 'mugt işleýär'

Türkmenistan 27-nji sentýabrda öz garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek we 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda permana gol çekdi.

Oňa laýyklykda, 2026-njy ýylyň 27-nji sentýabryndaky dynç gününi 29-njy sentýabra - sişenbe gününe geçirildi we 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan edildi.

“Şikaýatlara haýbat bilen jogap berilýär”

“Şu permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli” diýlip, prezidentiň 23-nji sentýabrda gol çeken permanynda bellendi. Şeýle-de, onda bu kararyň ilatyň Garaşsyzlyk güni baýramyny “dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen” kabul edilendigi hem nygtaldy.

Býujet işgärleriniň ençemesi anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda prezidentiň resmi kararyna garamazdan, özleriniň üç gün dynç almak hukugyndan mahrum edilýändikleri barada ýolbaşçylara edýän şikaýatlaryna haýbat bilen jogap berilýändigini aýtdy.

“Mejbury ýygyma çykmakdan ýüz öwürýänlere ýa-da oňa nägilelik bildirýänlere, ozalky ýyllarda bolşy ýaly işden çykarylmak haýbaty atyldy. Üstesine-de, işgärleriň ýüzüni alyp, köpçülikde kemsidiji sözleri aýdyp, masgaralaýarlar” diýip, balkanly ýene bir býujet işgäri aýtdy.

Degişli maglumat

Mugallymlar: Ýüzlerçe okuwçy mekdebe barman, sapak döwri dürli işlerde işleýär

Üstesine-de, býujet işgärleri gowaça meýdanlarynda ýygyp alar ýaly pagtanyň tas ýokdugyny hem aýdýarlar. Käbir obalarda bolsa, olaryň sözlerine görä, hatda kärendeçi daýhanlarynyň özleri ýygyp alar ýaly möçberde-de pagta ýok.

“Meýdanlarda pagta bolan bolsa-da, dynç günlerde çagalarymyzyň ýanynda bolup bilmeýändigimize o diýen gynanmazdyk. Ýöne Oboý, S.Türkmenbaşy daýhan birleşiginde, Uzyn we beýleki obalarda ýygmana pagta tas ýok” diýip, býujet işgäri belledi.

Bu aralykda, ýerli häkimlikler kärendeçilerden býujet işgärleriniň ýygan her 1 kg pagtasy üçin 2,5-3 manat töleg bermegi talap edýärler.

“Pagtanyň azlygy sebäpli, býujet işgärleriniň tutuş günüň dowamynda ýygýan pagtasy 10 kilogramdan geçmeýär. Eger daýhanlar 1 manatdan tölese, ol 10 manat bolýar. Bu bolsa, býujet işgärleriniň ýol kireýlerine hem ýetmeýär diýipdirler” diýip, ýagdaýlardan habarly býujet işgäri aýtdy.

Talyplar we okuwçylar

Şu günler resmi dynç günlerinden mahrum edilýänler diňe býujet işgärleri bolman, olaryň arasynda ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we orta mekdepleriň okuwçylary hem bar.

Degişli maglumat

Lebapda lukmanlar we mugallymlar köpçülikleýin pagta ýygýar

“Biz öýümizde dynç alyp, maşgalamyz bilen bolmagyň deregine Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli şäheriň dürli künjeginde geçirilýän köpçülikleýin çärelere gatnaşmaly bolýarys” diýip, balkanabatly bir talyp anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda welaýat, şäher häkimliklerinden, şeýle-de Oba hojalyk we Bilim bölümlerinden resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda şu ýyl pagta ýygymyna resmi taýdan 9-njy sentýabrda badalga berildi. Berk döwlet gözegçiligindäki resmi metbugatda pagta ýygymy möwsüminde ýygymçylaryň işlemegi we dynç almagy üçin “ähli şertleriň döredilendigini” öňe sürülse-de, mejbury ýygym barada hiç zat aýdylmaýar.

Ýöne ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz pagta ýygymyna baryp awgustyň ortalarynda girişilendigini we şondan bäri bu işlere býujet işgärleriniň, esgerleriň we hasapda duran arakhorlaryň mejbury gatnaşdyrylýandygy barada habar berip gelýärler.

Halkara zähmet guramasynyň mejbury zähmet baradaky 29-njy konwensiýasy adamyň meýletin razylygy bolmazdan, jeza haýbaty astynda ýerine ýetirdilýän işi mejbury zähmet diýip kesgitleýär. Türkmenistan bu konwensiýa 1997-nji ýylda goşuldy.

Türkmen hökümeti adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara toparlar tarapyndan oba hojalygy pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda ýyllarboýy tankyt edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Halk Maslahatynda eden çykyşynda şu ýyl ýurt boýunça 1 million 250 müň tonna pagta tabşyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Degişli maglumat

Aşgabatda esgerler ýüpek gurçugyna ideg etmek işlerine çekilýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.