Dokma işgärleriniň aýlyklary gijikdirilýär, ‘daşary ýurtlardan yzyna gelen’ önümler ýerli bazarlara çykarylýar

Türkmen zenanlary (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli dokma toplumlarynyň birnäçesinde işgärleriň aýlyk zähmet haklary öz wagtynda berilmän, indi birnäçe aý bäri gijikdirilýär. Resmiler munuň sebäbini “ykdysady kynçylyklar” bilen düşündirse, işgärler daşary ýurtlardan yzyna gelen harytlary ýerli bazarlara çykaryp, aýlyklarynyň tölenmegine garaşýandyklaryny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy awgustda maglumat berdi.

“Aşgabadyň dokma toplumynda, Mary welaýat dokma toplumynda, Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynda, Lebap welaýat dokma toplumynda işgärlere şu günki günde aýlyk haklary tölemekde kynçylyk çekilýär. Bu toplumlaryň käbirinde işgärler bir, käbirinde bolsa iki aý bäri aýlyklaryny alyp bilmeýär” diýip, Aşgabadyň dokma fabrikleriniň biriniň işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Dokma pudagynyň işgärleriniň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, zawod-fabrikleriň ýolbaşçylary munuň sebäbini “ykdysady kynçylyklar, daşary ýurtlara niýetlenip öndürilen harytlaryň satyn alynmazlygy” bilen düşündirýärler.

Degişli maglumat

Tekstil işgärleri ýanwaryň aýlygynyň heniz-de berilmeýändigini aýdýar, kärhana resmisi muny ret edýär

“Käbir toplumlaryň daşary ýurda satuwa iberilen harytlary yzyna geldi. Aýlyk haçan berler diýip, ýolbaşçylara, hasapçy bölümlerine ýüzlenýän işgärlere bolsa, harytlar satylandan soňra aýlyklaryň beriljekdigini aýdýarlar” diýip, dokma pudagynyň ýene bir işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

"Daşary ýurtlara niýetlenen harytlar içerki bazarlarda"

Onuň sözlerine görä, ýolbaşçylar näme sebäpden daşary ýurtlara niýetlenip öndürilen harytlaryň satyn alynmandygy ýa-da yzyna gelendigi barada jikme-jik maglumat bermeýärler.

Ýöne olar daşary ýurtlara niýetlenen harytlary içerki bazarlarda arzan bahadan satyp, önümleri ýerlemäge çalyşýarlar.

“Öň 100-200 manatdan satylýan ýorgan-düşek örtükleri häzirki wagtda 50-70 manatdan, käbirleri bolsa, ondan hem has arzan bahadan satuwa çykaryldy. Hat-da işgärlere hem, harytlaryň belli bir möçberini berip, bize hem satdyrýarlar. Harytlar çalt ýerlense, aýlyklar berler diýen umyt bilen, olary bazarlardaky dükanlara hödürleýäris. Meselem, satuwda 10 manatdan bolan polotensany 6-7 manatdan dükanlara tabşyrýarys” diýip, aşgabatly dokma işgäri aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden, şeýle-de agzalýan toplumlardan resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Şeýle-de, ministrligiň web sahypasynda we ýurduň metbugat neşirlerinde hem bu ýagdaýlar, şol sanda daşary ýurtlara niýetlenip öndürilen dokma önümleriniň satylmandygy ýa-da olaryň eksportunyň kemelendigi barada haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.

Bir tarapda "ösüş sanlary", beýleki tarapda...

Muňa derek, Ministrler Kabinetiniň 1-nji awgustda geçirilen mejlisinde şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredilip, dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,4 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigi mälim edildi.

Agzalýan dokma toplumlarynyň hasapçy bölümlerinde işleýän birnäçe hünärmeniň sözlerine görä, türkmen hökümetiniň yglan eden bu sanlary hakyky görkezijileri şöhlelendirmeýär.

Degişli maglumat

Döwletiň gallaçylar bilen hasaplaşyk döwri golaýlady, bankomatlar 'pulsyz', pensiýalar gijikdirilýär

“Eýýam soňky alty aý bäri toplumda çykarylýan harytlaryň sany hem azaldyldy. Soňky aýlarda dokma toplumlaryndaky maliýe kynçylyklary işgärleriň onlarçasyny tölegsiz zähmet dynç alşyna ibermäge hem iterdi. Heniz hem işgärler gezekleşdirilip tölegsiz dynç alşa goyberilýär. Sebäbi maliýe kynçylyklary ýylyň başynda başlady we bu, işgärleriň aýlyklaryny, öz aýlygymy-da tölemegiň gitdigiçe kynlaşmagyna getirdi” diýip, dokma toplumlarynyň birinde hasapçy bolup işleýän hünärmen anonimlik şertinde aýtdy.

Işgärler, öz gezeginde, ozal hem ujypsyzja bolan aýlyklarynyň wagtynda berilmezliginiň özleriniň güzeran eklenjine barha ýaramaz täsir edýändigini aýdýarlar.

Howsalalar, aladalar...

“Aýlyklaryň gijikdirilmeginden başga-da, işgärleriň tölegsiz dynç alşa goýberilmegi köp işgärde howsala döredýär. Aýlyklar haçan tölener, işsiz galarysmy diýen aladalar şu günler işgärleriň tas ählisinde bar” diýip, lebaply dokma işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda, zawod-fabriklerinde işgärleriň aýlyklarynyň gijikdirilmegi ýa-da tölegsiz zähmet dynç alşyna ugradylmagy bilen bagly ýagdaýlar ýylyň dowamynda ençeme gezek gaýtalanýar.

Şu ýylyň fewral aýynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Türkmenbaşy” tekstil kompleksiniň işgärleriniň ençemesi özleriniň ýanwar aýy üçin zähmet haklarynyň heniz-de berilmeýändigini, indi üç hepdä golaý wagt bäri gijikdirilýändigini gürrüň berdi.

Mundan başga-da, ýurtda pensionerleriň pensiýa haklarynyň we mümkinçiligi çäkli raýatlaryň, ýaş çagaly eneleriň döwlet kömek pullarynyň berilmeginiň gijikdirilmegi bilen bagly wakalar hem ýylyň dowamynda birnäçe gezek ýüze çykýar. Bu barada habarçylarymyz soňky gezek iýun aýynyň ortalarynda Balkan welaýatyndan maglumat berdiler.

Indi ençeme ýyl bäri ýiti maliýe-ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan Türkmenistanyň häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgap, maglumat bermeýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.