Esgerleriň hossarlary bilen duşuşygyna berk gözegçilik edilýär, ene-atalar ogullarynyň ‘sem edilýändigini’ aýdýar

Türkmenistanda geçirilen harby kasam etmek dabaralarynyň birindäki esgerler we ene-atalar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hatarynda hökmany gulluk borjuny ýerine ýetirýän esgerleriň hossarlary bilen duşuşygy ep-esli çäklendirildi. Mundan ozal esgerleriň ene-atasy bilen harby bölümiň daşynda dört sagada çenli duşuşmagyna rugsat berlen bolsa, häzir bu duşuşyk bir sagada çäklendirilip, didarlaşmak harby bölümiň çäginde, gözegçilik kamerasy ýerleşdirilen otagda geçýär. Bu ýagdaýlar barada esgerleriň ençemesiniň ene-atasy anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Mundan ozal esgerler görme-görüşe gelýän hossarlary bilen şenbe we ýekşenbe günleri günüň dowamynda 3-4 sagatlap harby bölümiň daşynda duşuşyp, didarlaşyp bilýärdiler. Munuň üçin hossarlaryň biriniň pasportyny girewine alyp galýardylar we oňa esgeri bellenen wagtda yzyna getirip tabşyrjakdygy barada dilhaty ýazdyrýardylar. Bu düzgün sentýabr aýyna çenli dowam edýärdi. Ýöne oktýabr aýyndan bu düzgün doly ýatyrylyp, gadagan edildi” diýip, ýagdaýlardan habarly ene anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlykda bu düzgüniň ýurduň ençeme harby bölüminde ýatyrylandygy barada takyk maglumatlar bolsa-da, söhbetdeşlerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olaryň atlaryny köpçülige mälim etmekden saklanýar. Redaksiýamyz bu babatda ýurduň beýleki sebitlerindäki harby bölümlerdäki ýagdaýy häzirlikçe anyklap bilmedi.

Degişli maglumat

Lebapda we Maryda esgerler pagtany bilkastlaýyn otlamakda aýyplanýar, urup-ýençmeler barada habar berilýär

Çagalary aýrybaşga harby bölümlerde gulluk edýän ene-atalaryň birnäçesiniň aýyr-aýrylykda beren maglumatlaryna görä, ilkibada harby bölümiň serkerdeleri gadagançylygyň diňe bir aý, oktýabryň dowamynda, ýagny pagta ýygymy möwsümi tamamlanýança dowam etmegine garaşylýandygyny aýdypdyrlar.

“Bidüzgünçilikleri äşgär etmezligi üçin, esgerleri sem etmek üçin”

“Esgerler köpçülikleýin pagta ýygymyna çekilýändigi üçin gadagan edilendigi we noýabr aýynda tamamlanjakdygy aýdylypdy. Ýöne indi serkerdeler esgerleri hossarlary bilen bilelikde birnäçe sagat boşatmagyň Goranmak ministrliginiň baş ştabyndan berlen ýörite buýruk esasynda gadagan edilendigini aýdýarlar, ýöne sebäbini düşündirmeýärler” diýip, esger eneleriniň ýene biri anonimlik şertinde aýtdy.

Täze düzgüne laýyklykda, esgerler we olaryň hossarlary diňe harby bölümleriň girelgesindäki duşuşyk otagynda, gözegçilik kamerasynyň astynda duşuşyp bilýärler.

“Bu ýerde ene-atalar esger ogullaryna ýanlary bilen getiren, öýde taýýarlanan tagamlary iýdirip, alkogolsyz, şireli suwlardan içirip bilýärler. Duşuşyga otagdaky gözegçilik kameralaryndan başga-da, harby bölümiň girelgesinde nobatçylyk çekýän, barlag geçiriş nokadynyň esgerlerinden we serkerdelerinden düzülen harby gullukçylar tarapyndan hem gözegçilik edilýär” diýip, esger eneleriniň ýene biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ene-atalaryň sözlerine görä, häkimiýetleriň bu çäklendiriji çäreleri esgerleriň öz hossarlaryna harby gullukdaky ýaramaz şertler we bidüzgünçilikler barada gürrüň bermeginiň öňüni almak bilen baglanyşykly.

Degişli maglumat

Lebapda balkanly esgeriň tarpa-taýyn ölmegi bilen bagly derňew geçirilýär

“Ýagny esger ene-atasyna pagta ýygymy wagtyndaky agyr şertler barada gürrüň bermezligi, esgerlere berilýän iýmitiň örän ýaramazlygy barada söz açmazlygy, we beýleki bolýan harby gizlin syrlary, bidüzgünçilikleri äşgär etmezligi üçin, umuman esgerleri sem etmek üçin edilýän çäre bolup görünýär. Sebäbi häzirki wagtda berk gözegçilik astyndaky esgerler köp geplemekden, harby gullukdaky ýagdaýlar barada gürrüň bermekden saklanýarlar” diýip, ýakynda esger ogluny görmäge baran ene anonimlik şertinde aýtdy.

Söhbetdeşlerimiz ýüzlerçe kilometr ýol söküp, öz perzentlerini görmäge we olaryň hal-ýagdaýyndan habar almaga barýandyklaryny aýdyp, olar bilen berk gözegçiliksiz, birnäçe sagat didarlaşmaga rugsat berilmezligine örän nägilelik hem bildirýärler.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli häkimiýetlerden, şol sanda harby bölümlerden we wekilliklerden resmi teswir alyp bilmedi. Redaksiýamyzyň 22-nji oktýabrda eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Ýurduň harbylaryna, şol sanda esgerlere degişli maglumatlary çap edýän “Milli goşun” web sahypasynda hem bu ýagdaýlar, şol sanda gadagançylyk we täze düzgün barada haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.

“Urup-ýençmeler, ýaramaz şertler”

Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerine degişli harby bölümlerdäki ýagdaýlar baradaky nobatdaky maglumatlar, ýurtda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleri harby gullukdan boşatmagyň we raýatlaryň harby gulluga çagyrylyşynyň güýzki möwsüminiň dowam edýän mahalyna gabat geldi. Bu çäre oktýabr-dekabr aýlaryny öz içine alýar. Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky permana 17-nji sentýabrda gol goýdy.

Degişli maglumat

Öňki esgerler: Türkmen goşunynda zorluk, toparlanyşyk ýitileşýär

Ýurduň harby bölümlerindäki we mejbury pagta ýygymyndaky agyr şertler, şol sanda azyk we suw üpjünçiliginiň, arassaçylyk şertleriniň ýaramazdygy barada türkmenistanlylar, öňki esgerler, harby ofiserler we ene-atalar yzygiderli habar berip gelýärler.

Geçen aýyň ahyrynda Lebap we Mary welaýatlarynda harby gullukdaky esgerler tarapyndan ýygnanan pagtanyň ot almagynyň yz ýanynda, esgerlere ýangynlar bilen baglylykda haýbat atylýandygy, olaryň pagtany bilkastlaýyn otlamakda aýyplanýandygy barada maglumatlar gelip gowuşdy. Şonda Lebapdaky wakalaryň birinde esgerleriň köpçülikleýin urlup-ýenjilendigi hem habar berildi.

Sentýabryň ahyrynda Ahal welaýatynyň pagta meýdanlaryna ýatymlyk ugradylan esgeriň hossary oglunyň şahsy arassaçylygyny berjaý etmekde, şol sanda eşiklerini wagtynda ýuwmakda kynçylyk çekýändigini aýtdy. Şonda söhbetdeşimiz oglunyň teninde ýaralaryň döräp başlandygyny hem belläp, muny arassaçylyk şertleriniň ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrdy.

Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde dedowşina, agalyk praktikasynyň saklanyp galýandygy, esgerleriň eden-etdiliklere, parahorluga, zorluga, şol sanda ýenjilmelere sezewar edilmegi bilen wakalaryň köp bolýandygy barada hem, harby ofiserler we öňki esgerler ýygy-ýygydan habar berýärler.

Ýurtda gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejede bolmagy ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri, şol sanda harby resmileri öz çykyşlarynda goşundaky problemalary agzamaýarlar.

Türkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany hasaplanýar. Ýurduň kanunçylygy çagyryşa degişli raýatlar üçin alternatiw raýat gullugy mümkinçiligini hödürlemeýär.

Degişli maglumat

Ýene bir esger, maşgalanyň ýeke ogly urlup öldürildi. Hiç kim jogapkärçilik çekmeýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.