Balkanda galla ýygymy bilen bagly işleriň dowamynda adam ölümine getiren pajygaly ýagdaý ýüze çykdy. Habarçymyz Gyzylarbat etrabynda bolan bu ýagdaýyň käbir jikme-jikliklerini anyklady.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan birnäçe çeşmä görä, pajygaly ýagdaý Gyzylarbat etrabynyň "Batly gadam" firmasyna degişli bugdaý meýdanynda 8-nji iýunda ýüze çykypdyr.
"Bugdaý meýdanynda bugdaý daşaýan ýük ulagy hünärmeni basyp öldürdi" diýip, çeşmeleriň biri bolan ýagdaýy gürrüň berdi.
Degişli maglumat
Lebaply daýhanlar şaly öndürmek boýunça golaýda gol çekilen kararyň üstünlikli boljagyna şübhe bildirýärHünärmen şol ulagyň kölegesinde dynç alyp oturan wagtynda sürüji ony görmän ulagy hereketlendiripdir.
"Ulag onuň aşagynda oturan adamy tekerleri bilen ýenjip geçdi. Hünärmen wakanyň bolan ýerinde jan berdi" diýip, çeşme gürrüň berdi.
Çeşmeler heläk bolan adamyň adyny Hojo diýip, tutdular. Olaryň maglumatyna görä, bu ýagdaý barada jenaýat işi gozgalyp, iş Gyzylarbadyň suduna geçirilipdir.
Azatlyk Radiosy "Batly gadam" kärhanasyndan teswir almaga synanyşdy, emma websaýtda görkezilen telefon nomerlere jogap berilmedi. Gyzylarbadyň sudundan we polisiýasyndan teswir almak synanyşygymyz hem netije bermedi.
Habarçymyzyň we bu ýagdaýdan habarly birnäçe çeşmäniň maglumatlaryna görä, heläk bolan adam "Batly gadam" daýhan hojalygynyň iş dolandyryjysy bolup işläpdir.
"Hususy kärhananyň adyndan 3-ne we 7-sine sadaka üçin 2 sany goýun we 20 kilogram tüwi, ýag berdiler. Başga kömek bolmady" diýip, maşgalany tanaýan çeşmeleriň biri aýtdy. "Häkimýetler bolan ýagdaýy gizläp saklamakçy bolýarlar. Maşgalasyna internetde paýlaşma diýip duýdurdylar" diýip, ol sözüne goşdy.
Balkanly kärendeçiler merhumyň işine ýokary baha berdiler.
"Hünärmen işine ökdedi we agronom işiniň ussadydy" diýip, balkanly kärendeçileriň biri aýtdy.
'Ökde ussatdy'
Ýene biri merhumyň "Batly gadam" kärhanasyna degişli daýhan hojalygynda şu ýyl üstünlikli bolan etrabyň hünärmeni bolandygyny belledi.
"Ol bugdaýdan 40 sentnere golaý hasyl ýetişdiren etrapdaky öňdebaryjy hünärmendi. Şu ýyl döwlet sylagyna hödürlendi, emma almak nesip etmändir" diýip, kärendeçi aýtdy.
Ol sebitde bugdaý ýetişdirmek üçin şertleriň kyndygyny belläp, merhumyň şeýle şertlerde-de bugdaýdan gowy hasyl almagy başarandygyny belledi.
Degişli maglumat
Marydaky tehnika ýetmezçiligi bugdaý ekişini 'yza çekýär'"Goňşy daýhan hojalyklary bergili çykýan döwürde, ýagny döwletiň plan borçnamasyny, 18 sentner bugdaý ýetişdirmäge kyn bolan şertlerde 40 sentner ýetişdirmek aňsat däl" diýip, ýene bir balkanly kärendeçi gürrüň berdi.
Kärendeçileriň sözlerine görä, sebitde galla oragy "tas doly tamamlanypdyr". "Diňe käbir ýerlerde galan bugdaýlar orulýar" diýip, çeşme belledi.
Balkan welaýatynda bugdaý oragyna resmi taýdan 10-njy iýunda bat berildi, emma hasyly ýygnamak işi maý aýynyň ikinji ýarymynda başlandy.
Habarçylaryň ozalky maglumatlaryna görä, ýerli kärendeçiler hasyly möhletden ir ýygnamaga mejbur edilmeginden şikaýat edip, bugdaýyň doly bişip ýetişmändigini we tabşyran hasylynyň "çygly" diýlip, kemeldilip hasaba alynýandygyny habar beripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.