Türkmenistanda howa gyzýar: gün uran hassalar köpelýär, elektrik togy kesilýär

Günden goranyp barýan zenan. Türkmenistan (arhiw suraty).

Türkmenistanyň dürli böleklerinde adatdan daşary yssy howa saklanýar. Käbir welaýatlarda howanyň gyzgynlygy +50°C gradusdan geçýär. Günden goranmak aladasy ilatyň esasy kynçylygyna öwrüldi. Şu günler gün urup, hassahana ýüz tutýan raýatlaryň sany artýar. Käbir ilatly ýerler jokrama yssyda elektrik energiýasynyň kesilmeginden kösenýär.

Lebap welaýatynda tomsuň jokrama yssysy güýçlenýär. Resmi howa maglumatlarynda Türkmenabatda howanyň temperaturasynyň 48 gradusa çenli ýetýändigi görkezilse-de, ýerli ýaşaýjylar şäherde termometrleriň +50 gradusy, käbir açyk ýerlerde bolsa hatda +52 gradusy görkezendigini aýdýarlar.

Azatlygyň Lebapdaky çeşmeleriniň sözlerine görä, soňky günlerde aşa yssy howa sebäpli gün urma, bedende suw ýetmezçiliginiň döremegi we içgeçme alamatlary bilen lukmançylyk kömegini sorap, keselhanalara ýüz tutýanlaryň sany artypdyr.

Türkmenabatdaky Köpugurly hassahananyň hem-de Çärjew etrap merkezi hassahanasynyň işgärleriniň Azatlyga beren maglumatlaryna görä, soňky günlerde esasan garry adamlar, çagalar we açyk howada işleýän raýatlar hassahanalara ýygy-ýygydan getirilýär.

"Soňky birnäçe günde şeýle hassalaryň sany 20-den artdy. Köplenç hassalarda ýokary gyzgynlyk, gan basyşynyň üýtgemegi, huşuny ýitirmek, içgeçme we bedende suw ýetmezçiliginiň döremegi ýaly alamatlar bolýar" diýip, saglyk işgärleriniň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Degişli maglumat

Aşgabatda howanyň gyzmagy rekord derejesine golaýlady, elektrik energiýasynyň üpjünçiligi gowşady

Ýurduň deňizýaka sebitinde adatça howa biraz salkyn bolýar. Emma şu günler Hazarýaka Balkan welaýatynda hem howanyň gyzgyny 40°C-dan esli geçýär. Balkanabatda howanyň temperaturasy şu günler +42°C-dan ýokary, Gyzylarbatda +44 gradusa ýetýär diýip, ýerli habarçymyz 16-njy awgustda habar berdi.

Bu ýerde hem lukmanlara ýüz tutýanlaryň sany göz-görtele köpeldi.

Ýerli lukmanlaryň aýtmagyna görä, gartaşan adamlaryň, "ylaýta-da 70 ýaş töweregindäki adamlaryň" arasynda ölüm köpelipdir.

"Gan basyşy ýokarlanýar, gezip ýören sagdyn adamlar ýüregi aşa yssyny götermän infarkt, insult bolýarlar. Bir gün hassahanada ýatyp, aradan çykýarlar. Lukmanlar garrylyk diýip resminama doldurýarlar" diýip, balkanly çeşme gürrüň berdi.

'Ereýän asfalta çäge sepilýär'

Awtobus duralgalarynda adamlaryň yssydan ýaňa huşuny ýitirip hassahanalara alnyp gidilýän ýagdaýlarynyň şu günler köp bolýandygyny hem çeşmeler aýdýarlar.

"Duralgada duran adamlar hem yssydan ejir çekýärler, hem-de asfalt eräp mazudyň ysy adamlaryň demini erbet gysdyrýar. Onsuz hem dym almaga howa ýetmeýär. Bu ýagdaýda käbir adamlar köçede huşuny ýitirip, ýykylyp hassahana kän getirilýär" diýip, saglyk işgäri aýtdy. Onuň sözlerine görä, iň erbet yssy 13:00 we 18:00 sagat aralygynda bolýar we bu howply wagtda ilata köçä çykmazlyk maslahat berilýär.

Şeýle-de, balkanabatly çeşmeler häkimiýetleriň şu günler görýän çäreleriniň arasynda şäheriň içindäki erän asfalt ýollaryň ýüzüne çäge sepilýär.

"Gijesi bilen erän aslfalta çäge sepip çykýarlar" diýip, balkanly ýene bir çeşme 16-njy iýulda Azatlyga gürrüň berdi.

Elektrik energiýasy kesilýär

Şu günler yssydan goranmaga mümkinçilik gözleýän balkanly ýaşaýjylar elektrik togundan kadaly peýdalanyp bilmeýär.

"Balkanabat - welaýat paýtagtynda gündiz üç sagatlap, ýagny 13:00 dan 17:00 çenli şäheriň elektrik üpjünçiligi tas doly kesilip diňe welaýat, şäher häkimlik binalaryna tok berilýär. Häkimiýetler munuň sebäbini ýörite podstansiýalary, transformatorlary aýawly saklamak diýen bahana bilen ýaşaýjylara düşündirýärler" diýip, balkanly çeşme gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şäheriň elektrik energiýasy bilen üpjün edýän edarasynyň resmileri ýüz tutýan ýaşaýjylara özlerinde ätiýaç şaýlaryň ýokdugyny belläp, "açyk ýerde işleýän transformatorlar 100 gradus gyzýar" diýip aýdýarlar we yssy günlerde elektrik energiýasyny kesip, enjamlary gorajak bolýandygyny belleýärler.

"Edara işgäri eger transformatorlaryň biri partlasa ähli çykdajysy üpjünçilik kärhananyň işgärleriniň boýnuna düşýär, soň onuň haçan abatlanyp awariýa bolan kwartalda haçan toguň beriljegi belli däl diýdi. 'Biz halkyň aladasyny edip, 3-4 sagatlyk togy kesip, enjamlary yssy günlerden meselesiz alyp çykjak bolýarys' diýip, ýolbaşçy indiki hepde howanyň biraz sowajagyny aýtdy we şonda toguň doly dikeldiljegini wada berdi" diýip, çeşme aýtdy.

Adamlar öýlerinde demigýär

Emma jokrama yssyda köpgatly jaýlarda ýaşaýan adamlar agyr güne düşýär. Olar jaýyň içinde sowadyjylar işlemese "gyzgyn pejiň içinden tapawudy ýok" diýýärler.

Şäherlerde günüň dowamynda elektrik energiýasynyň kesilmegi ýol hereketine hem ýaramaz täsir ýetiripdir.

Habarçynyň sözlerine görä, Balkanabatda swetoforlar işlemeýär, ýol polisiýasy hem günüň aşagynda durmakdan, gün urmakdan gorkup, kölegelerde wagt geçirýär, köçelerde taksi we awtobuslar gatnawlary hem seýrekleşipdir. Köçelerde asfalt ýollar eräp, swetoforlaryň plastik daşky örtügi ereýär.

Degişli maglumat

Lebapda howanyň aşa gyzmagynyň arasynda awtobus gatnawlary tas doly togtady, taksi nyrhlary ýokarlandy

Lukmanlar howanyň aşa yssy bolmagy sebäpli adamlara mümkin boldugyça gündiziň iň gyzgyn wagtlarynda daşarda uzak wagt bolmazlygy maslahat berýärkä, raýatlaryň ählisi bu maslahata eýerip bilmeýär.

Şu günler Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş möwsüminiň başlanmagy bilen ýüzlerçe dalaşgär saglyk kepilnamasyny almak üçin saglyk öýleriniň öňünde nobata durýar.

'Saglyk kepilligi üçin günüň aşagynda nobatda durmaly bolýar'

Kabul ediş möwsümi 13-nji iýulda başlady. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine tabşyrýan dalaşgärlerden hökmany talap edilýän resminamalaryň biri hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan berilýän saglyk kepilnamasydyr. Şol sebäpli welaýat merkezindäki saglyk öýleriniň iş ýüki birnäçe esse artýar.

Azatlygyň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Türkmenabat şäherindäki saglyk öýlerinde işgär ýetmezçiligi sebäpli nobatlar haýal süýşýär we käbir günleri adamlaryň bir bölegi daňdandan gije sagat 2-3-e çenli garaşmaly bolýar.

"Adamlar irden sagat altylarda gelip nobata ýazylýar. Gün ýokary galansoň yssy çydardan aşa bolýar. Ýaşulularam, ene-atalaram, ýaşlaram birnäçe sagatlap kölegesiz garaşýar" diýip, Türkmenabadyň 1-nji şäher saglyk öýünde nobatda duran dalaşgärleriň biri gürrüň berdi.

Çeşmeleriň sözlerine görä, saglyk öýlerinde garaşýan adamlar üçin saýawan, oturgyç ýa-da mugt agyz suwy göz öňünde tutulmandyr. Käbir adamlar nobatda duran mahaly özüni erbet duýýar, käbirleri bolsa tiz kömek çagyrmaga mejbur bolýar.

Şu ýyl Türkmenabat şäherinde dalaşgärleri saglyk barlagyndan geçirmek işi 1-nji we 5-nji şäher saglyk öýlerinde geçirilýär.

Degişli maglumat

Türkmenistanda howanyň aşa gyzmagyndan adamlar 'demigýär', elektrik transformatorlary ýanýar

Azatlygyň çeşmeleri bu ýylky nobatlaryň diňe dalaşgärleriň köplügi bilen däl, eýsem lukman we şepagat uýalarynyň ýetmezçiligi bilen hem baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Bir lukman onlarça dalaşgäri kabul edýär, käbir hünärmenleriň ýoklugy sebäpli bolsa adamlar bir otagdan beýlekisine ugradylýar ýa-da ertesi gün gaýtadan gelmeli bolýar. Şeýle ýagdaýlarda jedeller hem ýüze çykýar. Nobatda duranlar käbir adamlaryň tanyşlyk arkaly ýa-da işgärler bilen öňünden gepleşip nobatsyz kabul edilýändigini öňe sürýär.

Çeşmeleriň sözlerine görä, saglyk kepilnamasyny tiz taýýarlatmak ýa-da nobatsyz girmek üçin käbir işgärlere 150-200 manat möçberinde para hödürlenýär.

Türkmenabatdaky birnäçe saglyk öýünde lukmanlar we şepagat uýalary ýiti ýetmezçilik edýär. Käbir bölümlerde pensiýa ýaşyndaky lukmanlar işlemegini dowam etdirýär, ýaş hünärmenleriň bolsa pes aýlyk we agyr iş şertleri sebäpli işden çykýandygy ýa-da daşary ýurtlara gidýändigi habar berilýär.

Goňşy ýurtlar näme edýär?

Häzirki wagtda adatdan daşary yssy howa tutuş Merkezi Aziýada saklanýar. Goňşy Özbegistanda häkimiýetler ilaty yssydan goramak boýunça görýän çäreleriniň arasynda daşary çykmazlygy maslahat berip, käbir edara-kärhanalaryň işini wagtlaýyn çäklendirdiler.

Azatlygyň özbegistanly çeşmeleri ýurtda saglyk öýleriniň işini wagtlaýyn togtadandygyny 16-njy iýulda habar berdiler. Çeşmeler "beýle yssy ýadymyza düşenok" diýýärler. Olaryň sözlerine görä, elektrik energiýasynyň öçürilýän pursatlary bolýar, emma köplenç tok yzygiderli berilýär.

Degişli maglumat

Maryda howa aşa gyzyp, 'kelleden gün geçdi' köpelýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.